Merkezi Aziýa: pula satylýan ýokary bilim

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmenistanyň Dünýä dilleri instituty.

Täjigistanyň Masçoh regionynda ýaşaýan 18 ýaşly Jowid şu ýyl öz ene-atasynyň ýeterlik para berip bilmändigi sebäpli Polisiýa Akademiýasyna okuwa girip bilmän, salgyt inspektory ugrundan okuwa girmäge mejbur bolandygyny aýdýar. Jowidiň sözlerine görä, onuň daýhançylyk bilen meşgullanýan ene-atasy özüniň Täjigistanyň Maliýe uniwersitetine okuwa girip bilmegi üçin 1000 dollar para töläpdir.

Jowid Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna beren interwýusynda: «Biz ýeterlik pul toplamak üçin birnäçe malymyzy satmaly bolduk. Ýetmedik puly bolsa, garyndaşlarymyzdan karz aldyk. Bizde başga alaç bolmady. Elbetde, men uniwersitete öz bilimiň bilen girip bolmagyny isleýän. Ýöne biziň ýurdumyzda bu mümkin däl» diýdi.

Täjigistanly Jowid öz ene-atasynyň okuw üçin parany bir dellala berendigini, onuň hem öz gezeginde puly giriş ekzamenlerine jogap berýän professorlara gowşurmaklygy söz berendigini aýtdy. Ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin şular ýaly para bermek usuly Merkezi Aziýanyň hemme ýurtlaryna-da mahsus zat. Ýerli ýaşaýjalar munuň öz ýurtlarynda adaty bir zada öwrülendigini aýdýarlar.

Türkmenistanda okuw üçin berilýän bu parany ilat, ýuwmarlap, «el aklygy» diýip atlandyrýar.

Ýokary bilim näçä durýar?

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dokumentleri kabul ediş edarasy.
Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndaky dürli ýokary okuw jaýlarynyň we kollejleriniň resmi bolmadyk öz bahalary bar. Bahalar ortaça 600 dollar bilen 15 000 dollaryň aralygynda diýlip hasaplanylýar. Mysal üçin, Täjigistanly abituriýentler ýurduň welaýatlaryndaky uniwersitetleriň iňlis dili fakultetine okuwa girmek üçin azyndan 2000 dollar tölemeli.

Türkmenistanda bu baha has hem ýokary. Ýagny, Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryndaky orunlara dalaş edýän abituriýentleriň sanyna baglylykda institutlarda paranyň möçberi 40 müň dollardan hem gowrak bolup bilýär. Bu meselede tölenýän paranyň möçberi köplenç eýe bolunjak hünäriň nä derejede girdejili hünärdigine bagly bolýar.

Şu nukdaýnazardan regiondaky iň bir uly isleg bildirilýän fakultetlerden biri ýuridiki, ýagny hukuk fakulteti hasaplanylýar. Sebäbi adamlar ýuridiki hünär bilen gysga wagtyň içinde köp pul gazanyp bolýar diýip hasaplaýarlar.

Bilimiň para satylmagynyň howpy

Soňky ýyllar bilim ulgamyndaky parahorluk problemasy Merkezi Aziýa regionynda syýasy diskussiýalaryň birine öwrüldi. Hökümet resmileri bilim sistemasyndaky korrupsiýanyň we parahorlugyň öz ýurtlaryndaky bilimiň hiline uly urgy urýandygyny boýun alýarlar. Regiondaky ekspertler hem bu problemanyň öňi alynmasa, Merkezi Aziýa regionynyň talabalaýyk bilim almadyk spesialistleriň giden bir neslini özünde jemleýän regiona öwrülmek howpunyň bardygyny duýdurýarlar.

Regionyň ýaşaýjylary soňky wagtlar ýokary bilimli hünärmenlere, aýratynam medisina ugrundan tälim alyp gelýän ýaş spesialistlere ynam etmeýärler. Hut şu sebäbe görä-de, adamlar köplenç öz saglyklaryny bejerdenlerinde ýaşuly lukmanlara ýa-da daşary ýurtlaryň okuw jaýlaryny tamamlap gelen medisina işgärlerine ýüz tutmaga ýykgyn edýärler.

Bilim sistemasyndaky korrupsiýa garşy göreşiň çäklerinde geçen aý regiondaky ýokary okuw jaýlaryndan käbirleriniň ýolbaşçylaryna we professorlaryna çäreler görüldi. Şol sanda Türkmenistanyň Dünýä dilleri institutynyň rektoryna, Täjigistanyň Hojent Medisina kollejiniň fakultet ýolbaşçysyna, şeýle hem Gyrgyzstanyň Bişkek we Oş şäherlerindäki uniwersitetleriň birnäçe professoryna şu mesele bilen baglanyşykly çäreler görüldi. Emma muňa garamazdan, regionyň köp ýaşaýjylary bu aýry-aýry çäreleriň çuňňur kök uran parahorlukdyr korrupsiýa problemalarynyň düýpli çözgüdi bolup bilmejekdigini aýdýarlar.