Häzirki wagtda Türkmenistandan Eýrana tarap çekilýän gaz turbasynyň 6 kilometriniň gurlanlygy we turbanyň ýene 18 kilometri üçin taýýarlyklaryň görlenligi habar berildi.
“Gurluşygyň güýçli depginde gidýänligini hasaba alsaň, proýekt şu ýylyň noýabr-dekabr aýlaryna çenli gurlup gutarar” diýip, Eurasia.net internet saýty Türkmenistanyň hökümet baştutanynyň orunbasary Baýmyrat Hоjamuhammedowa salgylanyp, habar berýär.
Energiýa meseleleri boýunça bilermen, Rumyniýanyň Ylymlar Akademiýasyndan Dan Susio dürli eksport mümkinçiliklerinden peýdalanmak isleýän Türkmenistan üçin Eýran bilen gaz söwdasynyň möçberini artdyrmak bähbitli diýip, hasap edýär.
Eýrana gazyň eksporty artdyrylar
Täze gaz geçirijisi Türkmenistana Eýrana ýylda goşmaça 6 milliard kubometr gaz akdyrmak we satýan gazynyň umumy mukdaryny ýylda 14 milliard kubometre ýetirmek mümkinçiligini berer. Täze gaz geçirijisini gurmak kararyna şu ýylyň 10-11-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran gepleşiklerinde gelinipdi. Ylalaşyga görä, türkmen gazynyň 8 milliard kubometri Körpeje-Gurtguýy gaz ýatagyndan, ýene 6 milliardy bolsa Döwletabat gaz ýatagyndan akdyrylar.
Türkmenistanyň gündogaryndan Eýrana tarap çekilýän turbadan şu ýylyň dördünji çärýeginde gaz akdyrylyp başlamak, şeýle-de gazyň mukdaryny mundan hem artdyryp, ýylda 20 milliard kubometre ýetirmek barada hem maslahat edendiklerini Türkmenistan.ru internet saýty 13-nji iýulda habar beripdi. Maglumata göra, Aşgabatdaky gepleşiklerde taraplar gazyň nyrhyny hem ylalaşdylar. Bahanyň halkara formulasyna laýyk kesgitlenenligi aýdylypdy, emma takyk sanlar berilmändi.
Öz nobatynda Eurasia.net inernet saýty 27-nji iýulda ýaýradan maglumatynda Eýranyň türkmen gazyna töleýän häzirki bahasynyň geçen ýylkysyndan 2 esse azdygyny habar berdi. 2009-njy ýylda türkmen gazynyň müň kubometriniň Eýran üçin 170 dollar bolanlygyny Eýranyň Nebit ministri Golam Huseýn Nozarä salgylanyp, Eurasia.net ýazdy.
Syýasy sebäpler
Orsýetiň Syýasy barlaglar institutyndan Aždar Gurdow Türkmenistanyň Eýrana täze turba çekip, bu ýurda satýan gazynyň mukdaryny artdyrmak kararyny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrdy: “Türkmenistanyň öz gündogaryndan Eýrana turba çekmek inisiatiwasy Aşgabadyň gaz söwdasynda Hytaýa basyş etmek maksadyna bagly diýip, hasap edýärin. Gowuşýan maglumatlara görä, Hytaýa tarap turba hem şu ýylyň dowamynda gurlup gutarylar, emma taraplar arasynda gazyň bahasy boýunça ylalaşyga henizem gelinmedi.”
Aždar Gurdowyň pikirine görä, Hytaý tarapy Türkmenistandan satyn aljak gazynyň belli bir bölegi üçin nagt pul tölemän, barter alyş-çalyş usuly arkaly hasaplaşmak isleýär, emma munuň Aşgabat üçin nä derejede bähbitli boljagy uly sorag bolmagynda galýar.
Tebigy gaza baý Eýran Türkmenistandan gazy esasan öz demirgazyk welaýatlaryny üpjün etmek üçin satyn alýar diýip, Aždar Gurdow belleýär. “Onuň öz gaz ýataklarynyň ýurduň pars aýlagyna golaý böleginde ýerleşýänligi sebäpli, Eýran üçin öz içinden gaz turbalaryny çekenden, türkmen gazyny satyn almak has amatly. Şeýlelikde, Eýran ýylda onlarça milliard kubmetrläp gaz satyn alýan Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we Orsýet ýaly iri gaz müşderilerine bäsdeş bolmaýar.”
Dan Susio Türkmenistanyň Eýrana tarap gurýan gaz geçirijisiniň maliýe üpjünçiligine degişli tarapynyň näbelli bolup galýanlygyna ünsi çekdi. Emma ekspertiň pikirine görä, ýurduň esasy girdeji çeşmesi bolan energiýa pudagynyň infrastrukturasyny giňeltmek Türkmenistan üçin hem ykdysady hem-de syýasy taýdan bähbitli. “Infrastrukturany ösdürmek örän möhüm. Bu ugurda maýa ýatyrmak hat-da global maliýe krizisi şertlerinde-de bähbitli. Eýran ýaly howply döwletiňki bolmagyna garamazdan, täze bazarlara çykmak mümkinçiliginden peýdalanmak Türkmenistan üçin Orsýetiň talaplarynyň ýesirliginde galmazlyk nukdaýnazaryndan möhüm” diýip, Dan Susio aýtdy.