Gurluşyk pudagynyň ýolbaşçysyna käýinç yglan edildi

Türkmenistanda gurluşyk pudagy, ýurt ýolbaşçysynyň sözlerine görä, iň güýçli depginde ösýän esasy pudaklaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň Gurluşyk we gurluşyk materiallary senagaty ministrine käýinç yglan edildi. 31-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda Ý.Hommadowa käýinç berilmegine onuň öz golastyndaky edaralary we kärhanalary kadaly dolandyrmanlygy hem-de pudagy ösdürmek işine gözegçiligi gowşadanlygy sebäp bolupdyr. Hökümet maslahatynda käbir beýleki ýokary derejeli resmileriň etmişleri hem agzalyp geçildi.

Ý.Hommadowa käýinç yglan edip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň ýeterlik derejede netijeli bolmadyk işinden nägilelik bildirdi we ýurtda amala aşyrylýan gurluşyklaryň ýokary hilli materiallar bilen doly derejede üpjün etilmeýänligini, şeýle-de sement zawodlarynyň hem aýna kombinatynyň gurluşyk we dikeldiş işleriniň çäkdanaşa haýal gidýanligini belledi diýip, Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň maglumatynda aýdyldy.

Türkmenistanda gurluşyk pudagy, ýurt ýolbaşçysynyň sözlerine görä, iň güýçli depginde ösýän esasy pudaklaryň biri bolup durýar. Ýurtda gurlup, işe girizilen we häzirki döwürde ýerine ýetirilýän iri proýektler esasan döwletiň hasabyna amala aşyrylýar. Paýtagtda, onuň töwereginde, şeýle-de milli Awaza syýahat zonasynda bahasy millionlarça dollarlyk gurluşyklar alnyp barylýar.

Öz nobatynda synçylar Türkmenistanda gurluşyk pudagynyň açyk-aýdyň bolmadyk we iň çylşyrymly ugurlaryň biridigini belleýärler. Merkezi Azyýa boýunça bilermen Artýom Ulunýan pudak ýolbaşçysyna käýinç berilmeginiň sebäbini G.Berdimuhamedowyň pudakdaky ýagdaýy üýtgetmek niýeti bilen baglanyşdyrýar: “Türkmenistanyň gurluşyk biznesiniň özboluşlydygyny bellemek gerek. Esasy gurluşyklary öň daşary ýurt firmalary ýerine ýetiripdi, döwlet baştutany bolsa muňa gözegçilik edipdi. Häzirki wagtda G.Berdimuhamedowyň ýurduň gurluşyk pudagyndaky ýagdaýy üýtgedip, ony özüne we öz ýakyn töweregine doly garaşly etmek we şonuň bilen birlikde gurluşyk sistemasyny täze düzgüne salmak isleýänligini çak etmek mümkin”.

Gurluşyk pudagy kemçilikli

Artýom Ulunýanyň sözlerine görä, pudak ýolbaşçysyna käýinç berilmegi ýurduň gurluşyk pudagynyň kemçiliklidigini hem görkezýär. Kemçilikleri döwlet baştutany hem ençeme sapar agzapdy. Emma pudaklaryň ýolbaşçylaryna käýemek ýa-da olary wezipelerinden çetleşdirmek çäreleri meseläni çözmeýär diýip, ekspert hasap edýär. “Ýolbaşçylar iş ýüzünde ygtyýarsyz we olaryň işine hatda ýörite gulluklar tarapyndan hem gozegçilik edilýär”.

Türkmen Döwlet Habarlar Gullugynyň maglumatyna görä, hökümet maslahatynda şeýle-de Farab etrabynyň häkiminiň “bikanun” diýip atlandyrylan işine hem üns berildi. Onuň “döwlet emläginden öz şahsy emlägi hökmünde peýdalananlygyny” ýurduň Baş prokurory Çary Hojamyradow öz hasabatynda belledi.

Şunuň bilen baglylykda prezident G.Berdimuhamedow döwlet ýolbaşçylarynyň ýurtda kanunyň we tertip-düzgüniň berjaý edilmeginde şahsy jogapkärçiliginiň bardygyny nygtady.

Türkmenistanda kadrlar meselesiniň uly problemadygyny synçylar belleýärler, muny türkmen ýolbaşçylary-da boýun alýarlar. Ýurtdaky reformalaryň gidişinde kadrlaryň ýetmezçilik edýänligini, hususan-da dürli derejedäki ýolbaşçylaryň ýetmezçiliginiň duýulýanlygyny G.Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde aýdypdy.

31-nji iýulda bolan hökümet maslahatynda döwlet baştutany Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk syýasatynyň esasy ugrunyň raýatlary oňaýly ýaşaýyş şertler bilen üpjün etmekden ybaratdygyny hem belledi. Berdimuhamedow paýtagty abadanlaşdyrmagyň we dynç alyş gök zonalarynyň döredilmegine ünsi çekip, bag-park dizaýny boýunça iň gowy tejribeleri we seýrek usullary ulanmagyň zerurlygyny nygtady. Emma raýatlar üçin ýaşaýyş şertleriniň döredilmegi üçin görülmeli çäreler barada Türkmen Döwlet Habarlar gullugynyň hökümet maslahaty baradaky maglumatynda hiç zat aýdylmady.