Orsýet Gürjüstan barada duýduryş berdi

Eger-de Gürjüstan Kawkazlarda prowokasiýa işlerini dowam etdirse, özüni goramak üçin Moskwanyň güýç ulanmaga haky bar diýip, Orsýetiň goranmak ministrliginiň ýaýradan beýannamasynda aýdylýar.

Bu beýannama Orsýet-Güjüstan urşunyň ýyldönümi mynasybetli duýduryş äheňde ýaýradyldy.

Gürjüstanyň birnäçe gezek Günorta Osetiýa ok atandygy-da şol beýannamada aýdylýar.