Talybana berilýän puluň köpüsi daşardan gelýär

Birleşen Ştatlaryň Owganystan we Pakistan boýunça ýörite wekili Talybanyň bikanun neşe söwdasyna garanda daşary ýurtlardaky tarapdarlaryndan has köp pul alýandygyny aýtdy.

Riçard Holbruk NATO-nyň Brýusseldäki baş ştabynda žurnalistlere Talybana Pars aýlagyndan uly mukdarda pul gelýän ýaly diýdi. Holbruk Pars aýlagyndaky ýa başga ýerdäki hökümetleriň pul iberýändigi barada delil ýok diýdi.

NATO-nyň harby resmileri Talybanyň bikanun neşe söwdasyndan ýylda 60-100 million dollar aralygynda pul ýygnaýandygyny aýdýarlar.