Yragyň demirgazygynda ses berişlik boldy

Yragyň demirgazygyndaky Erbil, Dehuk we Suleýmaniýe welaýatlarynda 2,5 million çemesi adam ýerli parlamentiň deputatlaryny we prezidentini saýlamak üçin şu gün ses berdiler.

Ýerli ýolbaşçylyga ýene-de Masud Barazanynyň saýlanjagy çak edilýär. Bu kürsä 5 adam dalaş edýär.

Demirgazyk Yrakda millionlarça türkmen hem ýaşaýar.