Türkmenistanyň bosgunlykdaky ozalky deputaty Aýgül Täjiýewa aradan çykdy

Aýgül Täjiýewa
22-nji iýulda Şwesiýada bosgunlykda ýaşaýan belli dissident Aýgül Täjiýewa 65 ýaşynyň içinde tarpa-taýyn aradan çykdy.

Aýgül Täjiýewa 1944-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mary şäherinde dogulýar. Ol Türkmen Döwlet Medisina Insititutyny tamamlandan soň, Türkmenistanyň saglygy saklaýyş sistemasynda işleýär.

Aýgül Täjiýewa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň soňky çagyrylyşynyň deputaty bolupdy.

Ýurtda bir adamyň häkimligi ýol alyp başlanda, Aýgül Täjiýewa oňa garşy çykdy hem-de deputatlyk mandatyndan mahrum boldy. Aýgül Täjiýewa ahyry ýurdy terk etmäge mejbur boldy. Ol Şwesiýada ýaşaýardy.

Aýgül Täjiýewa soňky döwürde Azatlyk radiosy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip gelýärdi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň işgärleri merhumyň maşgala agzalaryna, ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýärler.