ABŞ-niň wise-prezidenti Baýden Ukraina we Gürjüstana barýar

Geljek hepde ABŞ-niň wise-prezidenti Jo Baýden Ukraina we Gürjüstana sapar edýär.

Saparynyň dowamynda Baýdan Waşingtonyň bu iki döwlet bilen dostlugy hakynda gürrüň edip, resmiler hem-de oppozisiýa wekilleri bilen duşuşar diýip, onuň kömekçisi aýtdy.