Uruş-jenjeliň dowam etmegine garamazdan, Owganystan öz tebigy mirasyny goramagyň aladasyny edýär. Bu ýurt ýazda özüniň ilkinji milli parkyny döretdi. Ýaňy-ýakynda bolsa ýurtda ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň owalda-ahyrda ilkinji sanawy döredildi.
Owganystanda tebigaty goramagy ýola goýmaak meselesi häzir aşa kyn-da bolsa, bu ýurduň tebigaty goraýjylary ruhdan düşmeýärler we wagtyň geçmegi bilen bu işiň hötdesinden geljeklerine berk ynanýarlar. Üç onýyllyga çeken uruş-dawadan mazaly zyýan gören owgan tebigatyna ençeme ýyl dowam eden gurakçylyk hem agyr zarba urdy.
Piter Zahler Nýu-Ýorkda ýerleşýän jemgyýetçilik guramasynyň, Janly tebigaty (Tebigat dünýäsini) gorap saklamak jemgyýetiniň Aziýa programmasynyň kömekçi direktory. Ol Azatlyk radiosyna Owganystandaky uzak möhletli durnuklylygyň bu ýurduň tebigy resurslaryna dogry çemeleşilmegine gös-göni baglydygyny aýtdy.
“Owganystanda ilatyň 80 prosent çemesiniň, daýhanlaryň, çopanlaryň ýaşaýyş-durmuşy gönüden-göni tebigy resurslara daýanýar. Şu sebäpden, eger tebigat, ekerançylyk ýerleri hem öri meýdanlary zaýalansa, olar gün-güzeran aýlamakda we maşgalalaryny eklemekde ullakan kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.”
Janly tebigaty gorap saklamak jemgyýeti
Janly tebigaty gorap saklamak jemgyýeti tebigaty goramak maksady bilen Owganystanyň Milli tebigat goragy gullugyna 33 sany janly-jandaryň sanawyny düzmäge kömek etdi. Bu sanaw geçen aý ile ýaýradyldy. Oňa gar gaplaňlary (pars gaplaňy hem diýilýär), keýikler ýaly süýt emdirijileriň 20 görnüşi, guşlaryň 7 görnüşi, şol sanda Saker bürgüdi, dört ösümlik, şol sanda Himalaý ýelm (wýaz) agajy, bir ýerasty jandar we bir mör-möjek girýär.
Bu sanawa girizilen jandarlary we ösümlikleri awlamak, ýygmak gadagan. Sahler bu sanawyň ýaýradylan wagtynyň möhüm bir pursata gabat gelendigini, Owganystanda aw-awlamagy gadagan eden prezident kararynyň mart aýynda möhletiniň gutarandygyny, munuň bu haýwanlaryň kanun esasynda tüpeňlenip hem öldürilip biljegini aňladýandygyny aýdýar.
Owganystanda deriler, sütükler, şahlar we awlanan haýwanlaryň beýleki beden bölekleri yzygiderli ýerli bazarlara çykarylýar. Bu ýerde gar gaplaňynyň sütükli derisi 1500 dollara çenli bahalanýar. Zahler alyjylaryň arasynda kömek işgärleriniň we daşary ýurtly harbylaryň hem bardygyny aýdýar.
Band-e-Amir parky
Owganystan aprel aýynda Bamiýan jülgesindäki alty sany dury gök suwly köli goramak üçin özüniň ilkinji milli parkyny döredýändigini yglan edende öz tebigy mirasyny gorap saklamakda has-da möhüm ädim ätdi. Suwuň hapalanmagy we adam sebäpli ýeten beýleki zyýanlar esasynda Band-e-Amir parkynyň janly-jandarlarynyň köpüsi heläk bolupdy. Ýöne bu ýerde entegem seýrek haýwanlaryň bir topary duşýar.
Band-e-Amiri parka öwürmäge kömek eden Tebigaty goramak jemgyýeti täze statusyň bu ýeriň halkara syýahat merkezine aýlanmagyna we Dünýä Miras durumuna eýe bolmagyna kömek etjegini aýdýar. Elbetde, bu ýagdaýda onuň goragy hem has gowulanar.
Piter Smolwud Tebigaty goramak jemgyýetiniň Owganystan boýunça ýurt direktory. Ol bu ýerleriň ýene syýahatçylaryň ünsüni çekjegini aýdýar. “Bu proýekt Owganystanyň tebigy resurslaryny has gowy goramak hem dolandyrmak we turizm işini ösdürmek üçin möhüm. Bu töwerek halkara syýahatçylaryny özüne çeken ýer, ol eýýäm ýerli syýahatçylary özüne çekýär, onsoň biz onuň ýene halkara turistlerini özüne çekjegine ynanýarys.”