4-nji iýuldan başlap ABŞ-niň hökümetine degişli onlarça web saýtlara garşy sazlaşykly elektroniki hüjümler amala aşyrylypdyr. Günorta Koreýanyň esasy web saýtlaryna garşy hem şeýle hüjümleriň amala aşyrylandygy habar berildi.
“Hyzmatdan boýun gaçyryş” diýlip atlandyrylan bu hüjümler, ABŞ-da esasy 14 sany web sahypasyna garşy gönükdirilipdir. Olaryň hatarynda Ak Tamyň, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň, Nýu Ýorkuň biržasynyň internet sahypalary ýaly, örän möhum web saýtlar hem bar.
Günorta Koreýanyň möhüm saýtlary zyýan çekdi
7-nji iýuldan başlap Günorta Koreýanyň iň möhüm 11 sany internet saýty elektroniki hüjüm zerarly öz işlerini ýa doly ýatyrmaga ýa-da haýallatmaga mejbur boldular.
Günorta Koreýada elektroniki hüjümleri başdan geçiren internet sahypalarynyň hataryna, ýurduň prezidentiniň Gök Tamynyň internet sahypasy, Günorta Koreýanyň goranmak ministrliginiň internet sahypasy, ýurduň Milli Assambleýasynyň, “Şinhan Bankynyň”,”Çosun Ilbo”gündelik gazetiniň internet sahypalary bar.
Bu hüjümleri kimiň gurnandygyny anyklamak kyn bolsa-da, Günorta Koreýanyň Milli aňtaw edarasy, bu hüjümlere Demirgazyk Koreýanyň, ya-da Demirgazyk Koreýany gollaýan toparlaryň dahylynyň bardygyny çaklady.
Häzirlikçe, bu hüjümleriň ýaramaz täsiriniň ujypsyzdygy aýdylýar. Emma ekspertleriň pikirlerine görä, bu waka Demirgazyk Koreýanyň şeýle hüjümlere taýýarlykly çemeleşýändiginiň alamaty bolmagy mümkin.
Günorta Koreýanyň premýer ministriniň edarasynyň ýolbaşçysy Kwon Tae-Şin, 9-nji iýulda Seulda eden çykyşynda, şeýle hüjümleriň öňüni almak üçin edilmeli hereketler babatda hökümetde adatdan daşary maslahatyň geçirilendigini žurnalistlere mälim etdi.
ABŞ-niň resmileri, häzirki döwürde amala aşyrlan bu elektroniki hüjümleri “botnet” hüjümleri diýip atlandyrdylar.
Şuňa meňzeş hüjümler, 2007-nji ýylda Kreml bilen iki aralykda dörän dartgynlykdan soň Estoniýada, geçen ýyl bolsa Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda dörän çaknyşykdan soň Gurjüstana garşy amala aşyrylypdy. Estoniýanyň hem-de Gürjüstanyň bu hüjümlerde Orsýetiň dahylynyň bardygyny aýtmaklaryny Orsýet ret etdi. Hüjümleriň Orsýet tarapyndan gurnalandygyny hem subut edip bolmady.
Şübhelenmäge esaslar bar
Soňky elektronik hüjümleriň Demirgazyk Koreyanyň özi ýa-da bu ýurdy goldaýanlar tarapyndan gurnalandygyny çaklamaga bir näçe sebäp bar.
Birinjiden, soňky 10 ýylyň dowamynda Demirgazyk Koreýa harby maksatlara niýetlenen kompýuter mümkinçilikleriniň giňeldilmegi üçin iş alyp bardy.
Ikinjiden, bu hüjümleriň Günorta Koreýa garşy amala aşyrylan güni bolan 8-nji iýul, Demirgazyk Koreýanyň öňki lideri Kim Il Suňyň ölen gününiň 15 ýyllygyna gabat geldi.
Belli bolşy ýaly, soňky döwürde Demirgazyk Koreýanyň geçiren raketa synaglary zerarly, bu ýurt halkara jemgyýtçiligi tarapyndan ýiti tankyt edilip gelýär.
Käbir analitikleriň pikirlerine görä, elektroniki hüjümler, Phenýanyň şeýle tankytlary kabul etmek islemeýändigini, öz syýasatyny dowam etdirjekdigini görkezmek maksady bilen amala aşyrylan bolmagy mümkin.
4-nji iýulda bu hüjümler ABŞ-ä garşy amala aşyrylan döwürde, Demirgazyk Koreýa 7 balistik raketasyny Ýapon Deňzine atyp synag geçirdi.
25-nji maýda Demirgazyk Koreýa, Birleşen Milletler guramasynyň konwensiýalaryny bozup atom ýaragynyň synagyny amala aşyrandygy sebäpli, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi bu ýurda garşy kabul edilen çäklendirmeleri giňeltdi.
“Ahnlab” atly howpsuzlyk meselesi boyunça Günorta Koreýanyň onlaýn kompaniýasy hem elektroniki hüjümi başdan geçiren öňde baryjy kompaniýalaryň biri. Onuň eksperti Ço Jobong, şeýle hüjümleri kimiň ýola goýýandygyny anyklamagyň örän kyndygyny aýdýar. “Şu pursatda hüjümçileriň kimdigini hiç kim anyklap bilmez. Sebäbi hüjümçiler öz hereketlerini häli-şindi özgerdip durýarlar. Şonuň üçin, bu hüjümleriň aňyrsynda kimiň durandygyny yzarlamak mümkin däl.”
Başga kim bolup biler?
Kä bir analitikler, bu hüjümlere Demirgazyk Koreýanyň dahylynyň ýokdugyny aýdyp, olaryň senagat içalylary tarapyndan gurnalyp biljekdigi baradaky pikirleri öňe sürýärler. Emma internetde şeýle elektroniki hüjümleri kim gurnasa-da, Waşingtonyň bu baradaky aladalaryny kemeltmeýär.
Häzir, ABŞ-niň hem-de NATO-nuň goranmak meselesi boýunça hünärmenleri, öz kompýuter infrastrukturalaryny geljekde ýüze çykyp biljek internet elektron hüjümlerinden goramak maksady bilen ýörite goranmak sistemasyny döretmegiň üstünde iş alyp barýarlar.