Obama: ABŞ we Russiýa biri-birine duşman bolmaly däl

ABŞ-niň prezidenti Barak Obama, Moskwa saparynyň dowamynda şu gün Täze Ykdysadyýet Mekdebinde çykyş edip, bir-birine garşy bolmak Russiýa bilen ABŞ-niň ykbalyna ýazylan däl diýdi.

ABŞ güýçli, parahatçylykly we üstünlikli Russiýanyň bolmagyny isleýär diýip, Obama aýtdy.

Moskwa saparynyň 2-nji gününde, Obama iki ýurduň arasynda dialogyň we hyzmatdaşlygyň, şol sanda Eýran we Demirgazyk Koreanyň ýadro programmasy babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.