Ýoçka Fişer “Nabukko” proýektiniň maslahatçysy saýlandy

Ýoçka Fisheriň esasy wezipelerden biriniň, degişli ýurtlary Nabukko proýektine gatnaşmaga yrmakdan ybarat boljakdygy aýdylýar.

Geçen hepde Nabukko proýekti boýunça konsortiumyň wekilleri tarapyndan bu proýektiň ýörite maslahatçysy saýlanan Germaniýanyň ozalky Daşary işler ministri we Ýaşyllar partiýasynyň ozalky lideri Ýoçka Fişeriň bu proýekt bilen baglanyşykly çynlakaý synaglar bilen ýüzbe-ýüz bolmagy mumkin diýlip hasaplanylýar.
Synçylaryň pikirine görä, onuň ýüzbe-ýüz boljak esasy kynçylygy Ýewropada heniz hem Orsýetin tebigy gazyna isleg bildirýän toparlaryň we hökümetleriň barlygydyr. Munuň hem üstesine, Germaniýanyň hut öz içinde-de Nabukko proýekti bilen bäsleşikli Orsýetiň planlaşdyrýan proýektlerini goldaýan täsirli syýasatçylar az däl. Şolaryň biri, Orsýetiň Baltika deňziniň astyndan geçjek “Demirgazyk akym” proýektiniň ýörite maslahatçysy, Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröder hasaplanylýar.

‘Ýerlikli ýöne täsin’

Howpsuzlyk maglumatlary boýunça düýbi Italiýada ýerleşýän ýörite toparyň analitigi Federiko Bordonaro, jenap Fişeriň Nabukko proýekti boýunça ýörite maslahatçy bellenilmeginiň bir tarapdan ýerlikli bolup gorünýändigini, ýöne beýleki tarapdan bu wakada birneme gapma-garşylygyň hem bar ýaly bolup görünýändigini aýdýar. Ýagny, mälim bolşy ýaly, Ýoçka Fişer, Şröderiň hökümetinde uzak wagtlap möhüm wezipede, ýagny Daşary işler ministri wezipesinde işläpdi.

Ýöne indi bir tarapdan jenap Şröderiň “Gazpromyň” bähbitlerini gorap çykyş etmegi, jenap Fişeriň bolsa “Gazpromyň” bähbitlerine garşy gelýän Nabukko proýektiniň bähbitlerini goraýjy bolup çykyş etmegi, analitik Federiko Bordonaronyň pikiriçe, örän täsin bolup görünýär.

Gerhard Şröder, “Demirgazyk akym" proýekti boýunça “Gazpromy” goldap gelýär.
Germaniýanyň ozalky kansleri Gerhard Şröder, "Demirgazyk akym" proýekti boýunça “Gazpromy” goldamakda we oňa ýardam bermekde örän möhüm rol oýnap gelýär. Bu proýekt 2011-nji ýyldan başlap Baltika deňziniň asty bilen Orsýetiň gazyny Germaniýa akdyrmaklygy maksat edinýär. Plana görä, bu truboprowod arkaly Orsýet ýylda 55 milliard kub metr gaz akdyrar.

Mundan daşary Gerhard Şröder Orsýetiň göz öňünde tutýan “Günorta mawy akym” gaz proýektini hem ýakyndan goldap gelýär. Ýewropa Birleşiginiň içinde bu proýektiň belli bir derejede goldaw tapmagynda Şröderiň rolunyň az däldigi aýdylýar. Ukrainadan sowa Ýewropa çekiljek bu gaz proýekti 2015-nji ýyldan başlap Orsýetiň dünýä bazaryna çykarýan gazynyň üçden bir bölegine golaýyny Ýewropa ýurtlaryna ýetirmekligi maksat edinýär.

Bäsdeş proýektler

Moskwa soňky wagtlar Orsýetiň gaz proýektlerine bäsdeş diýlip hasaplanylýan Nabukko gaz proýekti üçin potensial energiýa üpjünçileri bolup biläýjek Azerbeýjany, Eýrany we Türkmenistany, şeýle-de Nabukkonyň geçjek tranzit ýurdy bolan Türkiýäni özüniň “Günorta mawy akym” proýektine gatnaşmaga çekmek ugrunda tagalla edýär.

Howpsuzlyk maglumatlary boýunça düýbi Italiýada ýerleşýän ýörite toparyň analitigi Federiko Bordonaro, Nabukko proýektiniň ýörite maslahatçysy wezipesine saýlanan Germaniýanyň ozalky Daşary işler ministri Ýoçka Fisheriň öňünde duran esasy wezipelerden biriniň hem, şol potensial ýurtlary Orsýetiň proýektlerine däl-de, Nabukko proýektine gatnaşmaga yrmakdan ybarat boljakdygyny aýdýar.

Ekspertleriň pikiriçe, Nabukko proýekti bilen deňeşdirilende Orsýetiň “Günorta mawy akym” proýektiniň Ýewropa iki esseden hem gowrak möçberde gaz akdyrmaklygy maksat edinýändigine garamazdan, Nabukkonyň ähmiýetine kemter baha berilmeýär. Sebäbi Ýewropa Birleşigi energiýa meselesinde özüniň Orsýete bolan garaşlylygyny azaltmak üçin, bu proýekte özboluşly bir mümkinçilik hökmünde garaýar.