Ýaryşyň, bäsdeşligiň boljakdygyna garamazdan, saýlawlaryň barybir formal saýlawlar bolmak howpy bar. “Geňeşlikler nähili real häkimiýete eýe bolar?” – diýen sorag, möhümligi boýunça ahyrky sorag däldir.
Şol geňeşlikler möhüm döwlet kararalarynyň kabul edilmegine nähili täsir ýetirip biler? Merkezi häkimiýet olaryň diýýänlerine gulak gabardarmy? Geňeşlikler ýokary başlyklar goşulyşmazdan, özüniň ýerli problemalaryny çözüp bilermi? Ýerlerde zerur meseleleri çözmek üçin ýeterlik maliýe serişdeleri goýberilýärmi? Eger geňeşlikleriň hiç meseläni çözmeýändigine adamlar göz ýetirse, prinsipde häkimiýetiň bu organyna geçirilýän saýlawlar formallyk bolar. Dogrudan hem, eger ol organdan hiç zat çözülmeýän bolsa, oňa haýsy kandidat saýlananda näme?
Şu saýlawlar bilen bagly halkyň elini sowadyp biljek meseläniň ikinji tarapy türkmenleriň häkimiýete bolan içki garaýyşlary, gatnaşyklarydyr. Şol gatnaşyklar Nyýazowyň hökmürowanlyk eden onýyllyklarynda höküm-buýruk bilen, her bir graždany kemsitmek, mejbur etmek bilen alnyp baryldy. Wagtyň geçmegi bilen adamlar ýarym türme režimde saklanyp galmak, ýaşamak üçin häkimiýetleriň berýän wadalaryna ähmiýet bermezligi, beýleki tarapdan bolsa, häkimiýetlerden daşrakda durmagy öwrendiler. Başgaça aýdylanda, döwlet maşynynyň öňünde kök uran gorky, geňeşliklere saýlawlarda öz dartgynlylyk roluny oýnap biler.
Göräýmäge kandidatlar bilen jedellerde türkmenleriň özüni goramaga, öz betbagtçylyklary, kynçylyklary barasynda şikaýat etmäge, kömek soramaga real şansy bar ýaly. Ýöne şol işi köpçüligiň içinde etmäge şol adamlar taýýarmy? Olar öz gorkusyny basyp, häkimiýetler bilen gepleşige girişip bilermi? Özleriniň jezalandyrylaýmagynyň mümkinliginden gorkman, özüni gyzyklandyrýan soraglary bermäge ukyplymy? Häkimiýetleriň wada berýän kandidatlaryň “syýasy, işewür we şahsy taraplaryny azat hem hertaraply maslahatlaşmaga bolan hukuklaryna, şeýle-de ýygnaklarda ýa-da köpçülikleýin habar serişdelerinde olary goldap ýa-da garşysyna agitasiýa geçirmäge bolan hukuklaryna” Türkmenistanyň ýönekeý graždanlary nähili garaýarlar? Bu aýdylýanlar, berilýän wadalar köne erteki ýaly bolup ýaňlanýar. Sebäbi ýaňy-ýakyna çenli hem ýaňky hukuklar ýurtda diňe bir adamda, onda-da rehimsiz, gazaply ahlagy bilen tanalýan adamda bardy. Galan türkmenistanlylar welin hemişe pida boljagyň ýagdaýyndady. Bu haldan çykyp, kadaly durmuşa dolanmak üçin näme etmeli? Düýpli özgerip, hakyky saýlawlara neneňsi gatnaşyp bolar?
Eger inisiatiwa aşakdan bolmasa, hiç bir söz bermek bilen adamlary jemgyýetiň syýasy durmuşyna çekip bolmaz. Ýönekeý adamlaryň özleri şeýle netijä gelmeli. Eger halk köpçüligi, ýönekeý adamlar bu işiň başyna barmasa, hiç bir başlyk gudrat bilen daş-töweregi gurşap alan durmuşy üýtgedip bilmez. Ine, şuňa şäherleriň, obalaryň halky düşünmeli. Geňeşliklere geçiriljek saýlawlar öz durmuşlaryny, ýurduň durmuşyny üýtgetmäge häkimiýetleriň hem, graždanlaryň özleriniň hem taýýardygyny ýa taýýar däldigini äşgär eder.
Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.