30-njy iýunda Azerbeýjanyň parlamentiniň makullan kanunynyň hökümete degişli bolmadyk guramalara berk çäklendirmeler girizmeginiň mümkindigine garaşylypdy. Emma, ahyrky pursatda kanundan berk çäklendirmeler baradaky düzedişler aýryldy.
Bu kanunyň resmi däl guramalaryň daşary ýurtdan alýan pul kömeklerini ýarym esseden köpräk kemeltmegi mümkindi. Çünki, şol guramalaryň ählisi döwletiň hasabynda bolmalydy we daşary ýurtly resmi däl toparlaryň işleri hem juda çäklendirilýärdi.
Hökümete degişli bolmadyk guramalar baradaky kanunyň ýaramaz görnüşiniň kabul edilmändigi gowy garşylandy. Human Rights Watch guramasynyň Ýewropa hem Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň orunbasary Reýçel Denweriň pikiriçe, bu kanunyň taslamasyndan hökümete degişli däl guramalaryň işlerini çäklendirmegiň aýrylmagy uly üstünlik.
“Emma, bu ýerde başgada oýlanara zat bar. Çünki, kanunyň taslamasynyň juda çäklendirilen bolmagy hökümetiň resmi däl toparlary, žurnalistleri hem beýleki guramalary we Azerbeýjandaky guramalary basyp ýatyrmagynyň diňe bir tarapy, bir elementi. Olar köp açyk aýdyňlyk we hökümetiň hasaply bolmagy ugrunda tagalla edýärler” diýip, Reýçel Denwer aýtdy.
Kanunyň tassyklanmagyna garaşylypdy
Mejlisiň tassyklan kanunynyň taslamasy barada ýurduň içinde we daşynda köp aladalanma bolupdy. Şol kanunyň aňsatlyk bilen tassyklanmagyna garaşylypdy. Ol barada prezident Aliýewiň edarasynyň teklipleri 8-nji iýunda Mejlise ýetirilipdi.Ol Mejlisiň kanunçylyk syýasaty boýunça komitetinde 9-njy iýunda tassyklanypdy. Azerbeýjanly resmileriň bu kanuna jemgyýetçilik garşylygynyň uly akymyna garaşmandygy mümkin.
Hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalaryň aktiwistleri bu kanunyň taslamasyna garşy birleşigi derrew döretdiler. Human Rights Watch we beýleki halkara guramalar hem şol kanunyň taslamasyny ýazgardylar.
Amerikanyň Bakuwdaky ilçisi Anna Dens bu kanunyň halkara ölçeglere laýyk bolmazlygynyň, ýygnak we çykyş etmek azatlygyny çäklendirmeginiň hem Azerbeýjanda raýat jemgyýetini töwekgelçilikde goýmagynyň mümkindigini duýdurdy. ABŞ-niň ilçihanasy Azerbeýjanda kanunçylygyň dabaralanmagy we korrupsiýa garşy programmalar üçin 10 million dollarlyk kömek edipdi. Aklawçy Erkin Gadyrly kanuna düzedişler girizilmegine garşy iki protesti gurnamaga kömek etdi. “Ilkinji gezek belki, azyndan 10 ýyl mundan ozal hökümet raýat jemgyýetiniň örän guramaçylykly protestleri bilen ýüzbe ýüz bolupdy” diýip Gadyrly belleýär. “Hökümet ony az we köp derejede kabul edipdi. Şol protestler göniden-göni syýasy äheňli bolmandy.”
Bu ýagdaý nämäni aňladýar?
Hökümete degişli däl guramalar baradaky kanuny ýumşatmak pesinden Azerbeýjanyň kanunyň dabaralanmagyny kabul edýändigini aňladýar. Emma, ynsan hukuklary boýunça “Freedom House” guramasy öz sanawynda Azerbeýjany Postsowet giňişligindäki “awtoritar rezimleriň” hatarynda goýmagyny dowam edýär.
Nataliýe Luzkot adam hukuklary barada halkara toparyň Ýewropa boýunça ýokary derejeli ofiseri. Ol Mejlisiň resmi däl guramalar baradaky ýaramaz kanuny kabul etmezlik kararyny gowy garşylady. Emma, resmi däl guramalaryň işgärleriniň kanun baradaky aladalaryny ilkibaşda deputatlaryň äsgermezçilik etmäge taýýar bolandygyny göz öňünde tutsak, şeyle ýagdaýyň ýene-de örän aňsatlyk bilen gaýtalanmagynyň mümkindigi juda rahatsyzlandyrýar diýip adam hukuklary boýunça halkara guramanyň ofiseri Luzkot sözüne goşdy.