Gyrgyzystanyň polisiýasy, ýörite güýçleriň Yslamçy ekstemist diýip güman edilýän üç adamy öldürendiklerini aýtdy. AFP habarlar gullugy Üzgen etrap polisiýasynyň başlygy Kursantbek Asanowa salgylanyp, ol üç adamyň ýekşenbe güni Koş-Korgan obasynda başlanan operasiýa netijesinde öldürilendigini ýazýar. Asanow, ýaraglaryny taşlap tabyn bolmakdan, bu adamlaryň boýun gaçyrandyklaryny aýtdy. Onuň pikirine görä, bu adamlaryň Özbegistanyň Yslamçy Hereketi bilen baglanyşygy bar bolmagy mümkin.