Şahyr Saparmyrat Öwezberdiniň ýagty ýadygärligine...
Saparmyrat Öwezberdi türkmen edebiýatynda lirik şahyr hökmünde tanalýardy. Sebäbi ol öz goşgularynda pelsepä, pikire däl-de, eýse duýga agram berýärdi. Onuñ sözlerine köpsanly aýdymlaryñ döredilmegi-de, meger, hut şol sebäpli bolsa gerek. Döredijilikde filosofiki oýlanmalara däl-de, eýse söýgi duýgularyna, aşyklyk ahwalatyna ýykgyn edýän şahyr bu meselede hatda öz döwürdeşleri, ýaşytdaşlary we döredijiligik taýdan özüne iñ golaý durýan tanymal şahyrlar Italmaz Nurydyr Ýylgaý Durdydan hem ep-esli tapawutlanýardy. Olardan tapan pelsepeli setirleriñi Saparmyrat Öwezberdiden gözlemegiñ-de geregi ýokdy, sebäbi bu gözleg netijesizdi. Oña derek bu şahyrdan inçe duýgularyñ waspyny gözlemelidi…
Biz çyksak meýdana, uzasa keşler,
Keşlerde ellerim saçyñy çöşlär…
- diýen ýaly setirler S.Öwezberdiniñ döredijilik ýüzini görkezýän setirlerdi. Uzak ýyllaryñ dowamynda döredijilik älemi S.Öwezberdi üçin diñe yşk mülki bolup hyzmat etdi. Poeziýada başga ýörelgeleriñ bardygyna ol asla üns bermeýän ýalydy. Onuñ döredijiliginde örän seýrek duşýan sosial äheñli setirler diñe tötänlik hökmünde görülýärdi. Onuñ yşky-lirikadan asla daşlaşasy gelenokdy, mekany şol mülkdi. Şol sebäpden hem edebiýatda sosial äheñleriñ, filosofiki oýlanmalaryñ aýratyn güýçlenen döwri bolan geçen asyryñ 70-80-nji ýyllarynda bu şahyryñ goşgulary diñe aýdyma öwrülende, has belent ýañlanyp, köpçüligiñ ünsüni çekip bilýärdi.
Men S.Öwezberdiniñ bu ýoly ýörite saýlap alanlygyna asla şübhelenemok. Sebäbi ol hyrawa ýetişen däl-de, professional şahyrdy, onuñ edebiýat ugrundan ýokary bilimi bardy. Ol 1958-62 ýyllar aralygynda Moskwanyñ M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda okapdy. Diýmek, şahyr ilkibaşdan poeziýanyñ özüne ýaramly ugruny saýlap alan bolmaly.
Men S.Öwezberdi bilen 1978-nji ýylda Moskwada tanyşdym. Şonda türkmen şahyrlarynyñ uly topary: Kerim Gurbannepes, Italmaz Nury, Ýylgaý Durdy, Akjemal Omar, Annaberdi Agabaý, Atamyrat Atabaý we beýlekiler rus okyjylarynyñ öñünde çykyş etmäge geldiler. Olaryñ arasynda S.Öwezberdi hem bardy. Ol wagt men M.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet Uniwersitetiniñ jurnalistika fakultetinde okaýardym. Türkmenistandan gelen atly şahyrlar bilen birlikde maña-da ýaş şahyr hökmünde gatnaşmak miýesser etdi. Şonda men ozal diñe goşgulary boýunça tanaýan şahyrlarym bilen tas bir hepdeläp dürli duşuşyklara gatnaşdym, ençeme gezek öz okamaklarynda olaryñ goşgularyny diñledim. Bu örän gyzyklydy. Türkmen şahyrlary Orsýetde türkmen pagtasynyñ işlenilýän fabriklerinde bolup, rus işçileriniñ öñünde öz goşgulary bilen birnäçe günläp çykyş etdiler.
S.Öwezberdi bilen tanyşlyk şol döwürden başlandy. Ol käte gabat gelende, öz döredijiligi hem Litwa şahyrlary bilen gatnaşygy hakda gürrüñ bererdi. Bir gezek geçen asyryñ 80-nji ýyllarynyñ ortalarynda köçede gabat gelemizde, ol maña elindäki jurnaly görkezdi: ”Men düýn Litwadan geldim, ol ýerdäki şahyr dostlaryma türkmen gawunyny äkitdim. Ine, gör, bu suratda şol gawuny öz galamdaşyma sowgat berýän pursatym!” Jurnalyñ sahypasynda S.Öwezberdi bilen onuñ dostunyñ bilelikdäki suraty, ol suratda litwa şahyry ullakan sary ”waharman” gawunyny göterip ýylgyryp dur… S.Öwezberdä duşsañ, köplenç Litwadan hem litwa poeziýasyndan gürrüñ bererdi.
1990-njy ýylda meniñ sözlerime ”Bir söýginiñ taryhy” diýen ilkinji aýdym döredilende, onuñ resmi suratda kabul edilendigini men S.Öwezberdiden eşitdim. Ol türkmen kompozitorlarynyñ döreden aýdymlaryny resmi suratda kabul edýän juriniñ agzasy eken. Kompozitor Kerimberdi Garawyñ meniñ sözlerime döreden aýdymyny juri kabul edipdir. Edil şol günem biz günortanlar Aşgabadyñ ortasynda, Puşkin drama teatrynyñ öñünde tötänden gabat geldik. Şonda ol: ”Biz ýap-ýañyja seniñ sözleriñe döredilen aýdymy kabul etdik. Gutlaýan!” diýip, ol täzeligi buşlady.
Aşgabatda biz şahyr S.Öwezberdi bilen Ýazyjylar guramasynyñ ýygnaklarynda, dürli edebi çärelerde duşuşardyk. Emma örän tapawutly döwürlere we edebi ýörelgelere degişli bolanlygymyz üçin döredijlik taýdan birek-birege uzak ýyllaryñ dowamynda ýat adamlar bolup galdyk. Hamana, biziñ aramyzda göze görünmeýän diwar bar ýalydy. Emma bu diwar ahyrsoñy ýykyldy. S.Öwezberdi birnäçe ýyla çeken syýasy yzarlamalar, ýanamalar zerarly 2004-nji ýylda Türkmenistany terk edip, Günbatara gelensoñ, biziñ aramyzdaky adamçylyk hem edebi gatnaşyklar ýygjamlaşdy. Şondan soñ biz birek-biregi has gowy tanamaga mümkinçilik aldyk. Dogrusy, Günbatara gelensoñ onuñ döredijiliginde-de örän ullakan üýtgeşmeler bolup geçdi. Şahyryñ goşgularynda sosial äheñler göz-görtele güýçlendi.
Saparmyrat Öwezberdi ömrüniñ soñky ýyllaryny ABŞ-yñ paýtagty Waşingtonda geçirdi. Ýurtdan aýraçylyk şahyra añsat düşmedi, ol Amerikadaky durmuşyndan razy bolsa-da, Türkmenistana dolanyp barmak höwesindedi. Arman, zalym ajal şahyryñ dogduk topraga dolanmak hakdaky arzuwyna böwet boldy.
Saparmyrat Öwezberdi köp işleýän şahyrdy. Onuñ türkmen dilinde ondan gowrak goşgular ýygyndysy çap edildi. Olardan ”Ukusyz gijeler” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1968 ý.), ”Dokuz aýdym” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1970 ý.), ”Gül ýüzlim” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1973 ý.), ”Mydarym” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1973), ”Bary seniñki” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1978 ý.), ”Mähribanym” (”Türkmenistan” neşirýaty, 1985 ý.), ”Bahar oýlanmalary” (”Magaryf” neşirýaty, 1985 ý.) we beýleki kitaplary agzasa bolar.
Şahyryñ goşgulary litwa, eston, german, ukrain, türk, ispan, belarus we käbir beýleki daşary yurt dillerine terjime edildi. Litwa şahyrlarynyñ döredijiligi bilen türkmen okyjylaryny ýakyndan tanyşdyrmakda S.Öwezberdi köp iş bitirdi. Beýik litwa şahyry Eduardas Mieželaitisiñ, Justinas Marcinkevičiusyñ, Jonas Graičiūnasyñ we beýlekileriñ goşgulary S.Öwezberdiniñ zähmeti bilen türkmen okyjylaryna elýeterli boldy. Mundan başga-da ol ençeme sowet we klassyk şahyrlaryñ goşgularyny türkmençä geçirdi. Olaryñ arasynda Resul Gamzatow, Kaýsyn Kulyýew, Lesýa Ukrainka, Taras Şewçenko ýaly meşhur şahyrlar bar. S.Öwezberdiniñ terjimeleri özüniñ şahyranalygy bilen türkmen okyjylarynyñ göwnüni awlamagy başardy.
Şahyryñ sözlerine Nury Halmämmet, Aman Agajyk, Çary Abdylla ýaly belli kompozitorlar ençeme aýdymlary döretdiler, ol aýdymlar uzak ýyllaryñ dowamynda türkmen radiosynda we telewideniýesinde yzygiderli ýañlandy hem diñleýjileriñ söýgüsini gazanyp bildi. Emma garaşsyzlyk döwründe köpsanly beýleki türkmen ýazyjy-şahyrlarynyñky ýaly, S.Öwezberdiniñ döredijiligi hem öz ilinde doly gadagan edildi. Ýogsa, entek Türkmenistanda ýaşaýarka şahyr ýurtdaky neostalinistik rejim bilen arany bozmazlyga çalyşypdy.
Geçen asyryñ 90-njy ýyllarynyñ başlarynda Saparmyrat Öwezberdiniñ birdenkä Amerikanyñ “Azatlyk” radiosy bilen hyzmatdaşlyga girişmegi köpler üçin garaşylmadyk waka boldy. Sebäbi şol dowre çenli onuñ resmi syýasat bilen garşylaşan ýeri ýokdy. Emma bu işe başlansoñ, dürli gysyşlara garamazdan, öz saýlan ýolundan dänmedi. Onuñ yurt içinden taýýarlaýan yzygiderli çykyşlary, reportajlary başistik häkimiýetleri gitdigiçe beter ynjalykdan gaçyrdy. Onsoñ şahyra kän gezek haýbat atylyp, ol urlup-ýenjildi, oña ruhy sütem edildi.
Şaparmyrat Öwezberdi agyr derde uçrap, soñky üç ýylda onuñ azaryny çekse-de, galamyny taşlamady, ol tä iñ soñky günlere çenli işläp, döredip gitdi. Men ondan iñ soñky haty şu ýylyñ 10-njy iýunynda aldym, şondan bary-ýogy dokuz gün geçensoñ, onuñ ömür tanapynyñ üzülendigi hakdaky ajyr habar gelip ýetdi.
Ýat ilde dünýäden öten şahyr S.Öwezberdiniñ jesediniñ dogduk toprakda jaýlanmagyna häzirlikçe umyt bolmasa-da, geljekde bu zerur iş hökman ediler. Munuñ başgaça bolmagy mümkin däl. Şahyr aýraçylykda döreden goşgularynyñ birinde öz iliniñ ýagdaýyny añladyp, “Baldagy döwülen bagym solupdyr” diýip ýazypdy, şol bagyñ baldaklarynyñ seýiklenen güni şahyryñ goşgulary-da, onuñ alys ýurtda galan jesedi-de öz iline hökman dolanyp barar.
Ak Welsapar, ýazyjy
2009-06-22