“Eziz ilim birje gezek görsedim...”

Şahyr Saparmyrat Öwezberdiýew, 2009-njy ýyl.

Ýene-de bir türkmen öldi daşarda,
Ýene-de bir türkmen galdy daşarda.
Ýene-de bir galam togtady, gaçdy,
Ýene türkmen öz-özünden daşlaşdy.

Ýene guşy uçdy zulum-sütemiň
Ýene millet göreşmeden ýeňildi.
Ýene biri görmän gitdi watanyn,
Ýene-de bir ogul daşda gömüldi...


Bular Saparmyrat aganyň ajy habaryny eşidemde ilki aňyma gelen setirler boldy. Ol watandan daşda ýaşasa-da, bir gün hem watansyz dem almandy. Sebäbi ol watandan gitjek bolup gitmändi, mejbur bolup, zora çydaman gidipdi. Häkimiýetler ondan “Azatlyk” radiosy bilen hyzmatdaşlygy kesmegi talap edipdiler. Bu talap sowet KGB-sinden miras alnan gorkuzmak, haýbat, basyş bilen utgaşypdy.

Tussag edilişi

Saparmyrat Öwezberdi özüniň türkmen howpsuzlyk işgärleri tarapyndan tussag edilişi barada “Azatlyk “radiosyna şeýle gürrüň beripdi:

“Ýaňkylar basgançaklara aýagymy basdyrdylar. “Gorkma-da ýöräber” diýip, hersi bir goltugyma girdiler. Kellämde halta bar, hiç zat göremok, şolaryň kömegi bilen çykýan men. Onsoň garaz bir ýerik alyp çykdylar, gapyny açdylar. Eltip bir ýerde oturtdylar-da gapyny ýapdylar. Şondan soň kellämdäki haltany aýyrdylar.”

Sapamyrat Öwezberdiniň kellesine halta geýdirip eltilen ýeri Milli howpsuzlyk ministrliginiň deslapky tussaghanasynyň kamerasydy.

Ol bu ýere salnanda ýürek agyrylydy, iki gezek insulty başdan geçiripdi. Emma howpsuzlyk işgärleri gan basyşy galan, şahyr ýürekli, näzik duýguly adama gara guýç bilen haýbat atýardylar. Saparmyrat Öwezberdi bu barada “Azatlyk” radiosyna şeýle gürrüň beripdi: "Her gezek sorag edenlerinde “Saňa 15 ýyl garaşýar, işiň prokuraturada, jenaýat işi açyldy. Sen indi geljek ýeriňe geldiň. Indi saňa bu taýdan çykmak ýok” diýýärdiler."

Saparmyrat Öwezberdiniň günäsi nämedi?

Onuň günäsi, milli howpsuzlyk işgärleriniň pikirine görä, halkyň sesini, halkyň pikirini halka eşitdirmekdi. Saparmyrat Öwezberdi bu barada şeýle diýipdi:
“Köçelerde interwýu alýarsyň diýýär. “Adamlaryň arasynda haos (baş-başdaklyk) döredersiň” diýip, “haos” sözüni aýratyn ýanjap aýtdylar.”


Şahyryň ömür ýoly

Saparmyrat Öwezberdi 1939-nyň jylyň 21-nji fewralynda Bäherdende doglan we 1962-nji jylda Moskwada Edebiýat institutyny tamamlapdyr. Ol SSSR ýazyjylar soýuzynyň agzasydy, goşgular kitaplarynyň, ilhalar aýdymlaryň awtorydy. Şeýle-de ol garaşsyzlykdan öň doganlyk halklaryň şahyr-ýazyjylarynyň eserlerini türkmen diline geçirmekde köp işläpdi. Litwaly şahyr Iozas Nikoşasyň aýtmagyna görä, oňa Litwada “edebi dünýämiziň türkmen ilçisi” diýýärdiler.

Saparmyrat aga 1992-nji ýyldan başlap “Azatlyk” radiosy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda boldy, ştatdan daşary habarçy bolup Aşgabatdan gündelik maglumat berdi. Ýöne ol bu işi 2004-nji ýylda MHM-niň ölüm haýbatyndan soň bes etmeli boldy we üç ogly bilen Birleşen Ştatlara göçdi. Şahyryň aýaly garry hem näsag ejesine seretmek üçin Aşgabatda galdy. Emma aýalyndan we ýurdundan aýralyk şahyryň galamyny gowşatmady, ol Waşingtonda hem ýazmagyny, “Azatlyk” radiosynda çykyş etmegini dowam etdirdi.

Saparmyrat Öwezberdi öz žurnalistlik işi üçin 2004-nji jylda Deýwid Burke adyndaky tapawutlanan žurnalistlere berilýän baýrak bilen sylaglandy.

Şahyr we aýralyk

Saparmyrat Öwezberdiniň ýurt daşynda ýazan goşgulary onuň öz ýurdunyň we halkynyň derdinden üzňe bolup bilmändigini görkezýär. Ol bir nesibeli gün watanyna dolanyp barmagy, il-gününi görmegi arzuw edýärdi. Şahyr Waşingtonda ömür hem ölüm hakynda şeýle ýazypdy:

“Her ýyldyz süýnende meniň bedenmiň
bir öýjügi öçüp gidene dönýär.
Ýyldyz öçüp, nirelere gidenin
Süňňüm duýup, aýan edene dönýär.

Duýgurlugyň alamaty bolarly,
Ýyldyzlar öçmegi dowam edýärler.
Ömür sürdüň, ahyrýeti gelerli,
ömürlermiz süýnüp-süýnüp gidýärler.”

Şahyry şahyr dosty ýatlaýar

Aşgabatly şahyr Amanmyrat Bugaýew Sapamyrat Öwezberdiniň ýokary okuw jaýyny gutarandan soň Gazanjykda ýerli radionyň habarçy-guramaçysy bolup işländigini we onuň bilen dostlugynyň şol günlerden başlanandygyny gürrüň berýär:

“Sapamyrady Gazanjygyň ýerden ýöräni şol wagtdan bäri tanaýar. Ony adamlar şoh ýigit hökmünde, şahyr ýigit hökmünde ýatlaýarlar. Dogrusy, Sapamyradyň aradan çykanlygy baradaky habar meni gaty aljyratdy. Elbetde, dünýä gelen adam gitmeli. Ýöne meniň aljyramamyň aňyrsynda başga zat bar. Türkmen şahyrlaryndan ilkinji dissidentiň mazary ýurduň daşynda galdy. Biz ony galamdaşlary bolup soňky ýoluna ugradyp bilmedik. Onuň mazarynyň başynda dyz epip “jaýyň jennetden bolsun” diýip bilmedik. Bu gelejek üçinem, şu gün üçinem uly sapak. Türkmeniň dissident şahyrynyň watandan alysda jaýlanmagy köpleri pikirlendirmeli. Bu jemgyýeti köp zada täzeden seretmäge itermeli, ýalňyşlary düzetmek üçin badalganyň başlangyç nokady bolmaly diýip pikir edýärin.”

“Adam ölýär, şeýdip ýapylýar perde”

Şahyr Gurbannazar Ezizowda “Adam ölýär, şeýdip ýapylýar perde” diýen bir setir bar. Emma şahyrlaryň ölümi bir tarapdan perdäniň ýapylmagy bolsa, ikinji tarapdan açylmagy bolýar. Sebäbi hakyky goşgular, ýürekden çykan sözler şahyryň ýaşamadyk ýaşyny, ömrüni dowam etdirýär. Ýyllar geçer, Saparmyrat şahyryň Waşingtonda ýazan goşgulary onuň ýaş okyjylaryny hem gözläp tapar. Şonda onuň goşgularyny okan ýaşlar şahyryň ýüreginiň hemişe “watan” diýip urandygyny özleriniň aň, akyl gözleri bilen görerler we öz ýurtlarynda bolup geçen zatlara has çuň düşünmäge çalşarlar.

Saparmyrat şahyr soňky goşgularynyň birinde şejle ýazypdy:

“Ak guşlar depämden uçup geçdiler,
Ak bagtym göçen dek göçüp geçdiler.
Belki-de barýandyr türkmen ilime,
Asmany agardyp geçip geçdiler.

Ak guşlaryň hatarynda bolsadym,
Olar bilen al-asmana galsadym.
Al-ýaşyl meýdanda ýaýnap oturan,
Eziz ilim birje gezek görsedim…”

Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Saparmyrat şahyr, seniň özüň baryp bilmeseň-de, goşgularyň watana barar.