ÝB Belarusiýa hyzmatdaşlyk teklip edýär

Ýewropa Birleşiginiň ýokary derejeli resmisi Belarusiýanyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy we habarlara görä giň hyzmatdaşlyk barada teklip edipdir. Şu gün ÝB-niň Daşary gatnaşyklar boýunça komissary Benita Ferrero-Waldneriň Belarusiýanyň prezidentine “özara bähbitli ençeme ugurlar boýunça ÝB-niň Belarusiýa teklip edere zadynyň kändigini” aýdandygyna Associated Press salgylandy. Lukaşenko onuň saparyny oňlap, kimiň göwnünden turmasa-da, Belarusiýanyň ÝB bilen gowy gatnaşyklary ýola goýmak isleýändigini aýdypdyr. Minski bilen Moskwanyň arasyndaky gatnaşyklar ýaramazlaşýan wagty, bu beýanatyň Orsyýete gönükdirilen bolmagynyň ahmaldygy bellenýär.