Ýewropa Birleşigi gündogaryndaky goňşularyna az kömek edýärmi?

Gürjistanyň prezidenti Mihail Saakaşwili (çepde), Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenko (ortada), Moldowanyň prezidenti Wladimir Woronin (sagda), 2008-nji ýylyň 6-njy iýunynda Orsyýetiň Sankt Peterburg şäherinde geçirilen GDA-nyň sammitinde

Ýewropa Birleşigi gündogardaky goňşulary bolan Belarusiýa, Ukraina, Moldowa, Gürjistan, Azerbeýjan we Ermenistan boýunça Gündogar Hyzmatdaşlygy Programmasyny kabul edip, olary öz orbitasyna çekmäge synanyşmagyndan bäri bir aýdan gowrak wagt geçdi. Häzirki ýagdaýlar nähili?
Daşary Gatnaşyklar boýunça Ýewropa Geňeşi tarapyndan ýaýradylan täze hasabatda, eger ÝB gündogardaky goňşulary bilen has ysnyşmak üçin çalasyn hereket etmese, Moldowada, Gürjistanda we Ukrainada, geçen ýylyň Awgust aýyndaky ýaly Orsyýetiň garaşylmadyk hereketi bilen ýüzbe-ýüz bolmaga töwekgelçiliginiň bardygy aýdylýar. Azatlyk radiosynyň Londondaky habarçysy Ahto Lobjakas, şol hasabatyň awtorlarynyň biri Endrýu Wilson bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk radiosy: Siz, özüňiziň soňky ýaýradan hasabatyňyzda, Ýewropa Birleşiginiň Ukrainanyň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite wekiliniň bellenmegini teklip edyärsiňiz. Eýsem, bir adamyň Ukrainada uzak wagtlap dowam edip gelýän syýasy krizisi çözüp bilmegi mümkinmi?

Endrýu Wilson: Ukrainalylaryň özleri özlerine kömek edesleri gelmese, olara hiç kim ýardam berip bilmez. Ýewropanyň halk partiýasynyň wekilleri tarapyndan, Ukrainadaky ýagadaýy gowlandyrmak ugrunda belli bir synanşyklar edildi. Emma Ukrainalylaryň özleri hyzmatdaşlyk etmekden boýun gaçyrsalar, onda ýagdaý özgermez. Häzirki dowürde bolsa, olar hyzmatdaşlyk etmeli bolarlar diyip pikir edýärin. 2004-nji ýylda şeýle hereketler başa barypdy. Elbetde, indi bu missiýa, abraýly hem-de ýokary derejeli syýasatçylar tarapyndan alnyp barylmaly. Onda gamçy hem köke syýasaty ulanylmaly. Belli bolşy ýaly, häzir Ukraina ykdysady ýardama mätäç döwri başdan geçirýär.

Azatlyk radiosy: Siziň ýaýradan hasabatyňyzda, Moskwa bilen Tibilisiniň arasyndaky dartgynlylygy çözmek boýunça edilýän tagallalaryň artdyrylymalydygy aýdylýar. Bu ugurda nämeler edilýär?

Endrýu Wilson: Biziň Gürjistandaky missiýamyzyň häzirki wagtda aktiw däldigine garamazdan, şeýle-de geografiki mümkinçiliklerimiziň çäklidigi hem nazara alynsa, biziň missiýamyz Gürjistan bilen Orsyýetiň arasyndaky harby hereketleriň gaýtadan ýüze çykmagyna ýol bermezlikdir. Elbetde, şeýle ýagadaylaryň ýüze çykmagynyň öňuni doly alyp bilmese-de, şeýle missiýanyň bardygyny hemme taraplar göz öňunde tutmaly bolarlar.

Azatlyk radiosy: Orsyýetiň Abhaziýa hem-de Günorta Osetiýa bilen gatnaşyklary barada gürrüň edilende, Ýewropa Birleşiginiň nähili tutary bar?

Endrýu Wilson: Birinjiden, Orsyýet Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar edip, şol bir wagytyň özünde, regionda şeýle meýilleriň köpelmeginden howatyrlanyp başlady. Soňra bolsa, Abhaziýa bilen Günorta Osetiýanyň içerki ýagdaýy hem biri-birinden tapawutlanýar. Mysal uçin, Abhazlar hemişe Gürjilere garşy çykyş edýärdiler. Ýöne soňky dowürde, Orsyýetiň welaýatlarynyň ýa-da Orsyýetiň düzümindäki respublikalaryň biri bolmak perspektiwasynyň, Abhazlar tarapyndan kän bir goldanylmaýandygy barada hem maglumatlar bize gowuşýar. Günorta Osetiýada şuňa meňzeş howatyrlanmalar ýok diýen ýaly. Abhazlar Türkiýe bilen has ýakyn gatnaşykda bolup, Türkiýede ýaşaýan abhaz diasporasy bilen hyzmatdaşlykda bolmak isleýärler. Soçide geçirilmeli Olimpiada oýunlary hem Abhaziýa meselesinde köp zady anyklaşdyrar diýip pikir edýärin.
Ynha şeýle faktorlar, Ýewropa Birleşigi tarapyndan ulanylyp bilnerdi, emma häzirki dowurde, regiondaky gözegçilik meselesinde Orsyýetiň pozisiýasy has berk bolup durýar.

Azatlyk radiosy: Moldowa bilen baglanşykly meselä geçsek, ýakynda Ýewropa Birleşiginiň Daşary işler ministrleri tarapyndan tassyklanan deklarasiýa, Moldowany Ýewropa tarap öwrüp bilermi? Ýagny, şol deklarasiýada göz öňünde tutulan çäreler, Moldowanyň öz geljegini Orsyýet bilen däl-de, eýsem Ýewropa Birleşigi bilen baglamagy uçin ýeterlikmi?

Endrýu Wilson: Belli bolşy ýaly, Moldowada geçirilmeli saýlawlar 29-njy iýula bellenildi. Şol iki aralykda edilmeli köp iş bar. Woronin, Ýewropa Birleşigi tarapyndan teklip edilýän özgerişliklerden, diňe wiza rejiminiň ýatyrylmagy teklibini saýlamagy mümkin. Moldowanyň ykdysady ýagdaýynyň ýaramazdygy göz öňünde tutulsa, maliýe kömegi esasy meseleleriň biri bolup biler. Maliýe kömegi häzirki döwürde, gaýtadan bellenilen saýlawlar geçirilyänçä gaýra goýuldy. Ýagny, hakyky ýagdaýy aýtsam, Moldowa gysga möhletiň içinde Günbatara tarap öwrüler diýip bolmaz. Meniň aýtjak bolýan zadym, Orsyýet hem öz täsir sferasyndan Moldowany aňsatlyk bilen goýberesi gelmez. Emma Ýewropa Birleşiginde bu oýuny oýnamak üçin elinde ýeterlik mümkinçilik bar. Mesele, şol oýny gowy oýnamakda bolup durýar.