Sungat muşdaklarynyň içinde meşhur holland hudožnigi Winsent wan Goghuň (1853-1890) gulagy sargyly awtoportretini bilmeýän az bolsa gerek. Wan Gohg baradaky makalalarda onuň bu suraty öz gulagynyň ujuny kesip, gazýete dolap Rashel atly lola berenden iki hepde soň çekendigi aýdylýar. Ýöne indi Wan Gohguň öz gulagyny özüniň kesmändigini aýdýarlar.
Wan Gohguň öz gulagyny kesenligi baradaky hekaýa onuň akyl hassalygy bilen düşündirilýärdi. Ýöne onuň akyl hassalygy hem jedellidi. Käbir pikirlere görä, onuň gylyk-häsiýetindäki geň-taňlyklar syphilis keseli bilen baglydy. Onuň öz çeken suratlaryny iýip zäherlenendigini çaklaýanlar hem bardy. Ýöne muňa garamazdan, Wan Goghuň iň ajaýyp işlerini ömrüniň soňky iki ýylynda agyr hassa wagty çekendigini aýdýarlar.
Wan Goghuň gulagy baradaky täze wersiýada hudožnigiň gulagyny onuň belgiýaly dosty hem kärdeşi Paul Gauguiniň sowuk ýarag bilen kesendigi aýdylýar. Gauguin gylyçlaşmagy gowy görüpdir we Wan Gogh ikisi hemişe sungat üstünde gyzgyn jedelleşýän eken. Täze wersiýa görä, ahyrynda bu jedeller meşhur hudožnigiň gulagynyň kesilmegi bilen tamamlanýar.
Gulakly waka, taryhy ýazgylaryň tassyklaýşy boýunça 1888-nji ýylyň dekabrynda Fransiýanyň Arles şäherinde bir lolyhananyň işiginde bolýar. Wan Gogh dostuny Arlese çagyryp getiripdir we olaryň arasy gün-günden erbetleşipdir. Ol dostunuň özüni taşlap gitmeginden gaty howatyrlanýan eken. Şu sebäpden ol polisiýa gulagyny özüniň päki bilen kesendigini aýdypdyr. Elbetde, bu iş iki hudožnigiň bolan wakany ýaşyrmak baradaky dilleşigi esasynda edilipdir. Gulagy kesilen Wan Gogh hassahana özüni soramaga gelen dogany Theodan ilki Gauguini sorapdyr. Emma Paul Gauguin şol wakadan soň Arlesi terk edýär we gaýdyp dostuny görmeýär.
Wan Gogh 1889-njy ýylyň ýanwarynda öýüne dolanyp gelýär, ýöne ol şondan soňky aýlary hassahana bilen öýüniň arasynda gatnap geçirýär. Aýdylmagyna görä, ol her hili göze görünmelerden, özüniň zäherlenýänligi baradaky şübheli pikirlerden ejir çekipdir. Onsoň mart aýynda otuz çemesi şäherliniň üstünden “gyzylbaş däli” diýip arz etmegi netijesinde, Wan Gogh ýene hassahana ýerleşdirilýär...
Meşhur hudožnigiň gulagy baradaky täze hakykaty german akademikleri “açdylar”. Hans Kaufmann bilen Rita Wildegansyň “Wan Gogh’s ear: Paul Gauguin and the Past of Silense” – “Wan Gohguň gulagy: Paul Gauguin we Ümsümlik Şertnamasy” atly kitaby on ýyllap geçirilen barlaglary öz içine alýar. Täze kitabyň awtorlary şaýatlaryň pikirlerini, iki hudožnigiň bir-birine iberen hatlaryny gözden geçirip olaryň özara dawalarynyň Gauguiniň Wan Goghuň gulagyny kesmegi bilen tamamlanandygy baradaky netijä gelýärler. Kaufmann hudožnigiň gulagynyň atdanlykda ýa bilkastdan Wan Gohgy ýaralamak üçin kesilenligi belli däl diýýär. Ýöne ol iki hudožnigiň Gauguini goramak üçin gulagyň Wan Gohguň özi tarapyndan kesilenligi baradaky hekaýyny toslandygyny aýdýar. Şeýle-de Kaufamann gulak kesme baradaky öňki wersiýanyň gapma-garşylyklydygyny we subut edip bolmajak delillere daýanandygyny, ony tassyklaýan garaşsyz şaýatlaryň bolmandygyny aýdýar. “Olaryň şol wakadan soňky hereketleri iki hudožnigiň bir zatlary ýaşyrandygyny görkezýär” diýip, german akademigi Fransiýanyň “Le Figaro” gazetine beren gürrüňinde aýdypdyr.
Sungaty öwrenijiler Wan Goghuň göwnüçökgünliginiň şondan soň barha çuňlaşandygyny we onuň 37 ýaşynda sapança bilen özüni atandygyny ýazýarlar. Ok onuň döşünden degipdir, emma ol ýarasynyň agyrdygyna düşünmändir we iki gün soň myhmanhanadaky düşeginde jan beripdir. Ol gözlerini baky ýummazyndan öň dogany Theo ýüzlenip “Gussa hemişe bolar” diýipdir. Maşgalasy uzak wagt kabul etmedigem bolsa, beýik hudožnigiň dogany Theo hem syphilis bilen keselläpdir we Winsentiň ölüminden alty aý soň gaýgy-gam içinde aradan çykypdyr.
Günbatar metbugatynyñ materiallary esasynda taýýarlandy.