Kommunizmden soňky köpçülikleýin hususylaşdyryş we adam pidalary

Çalt depginli hususylaşdyryş shemasy, işsizligiň ýokarlanamgyna, bu ýagdaý bolsa 1990-njy ýyllaryň başlaryndan gaýdyp, arakhorlaryň köpelmegine we jemgyýetiň saglygynyň peselmegine baryp ýetdi.

Britaniýanyň medisina boýunça abraýly žurnaly ‘The lancet’ tarapyndan çap edilen Oksford uniwersitetiniň ylmy barlag işi, kommunizmden kapitalizme çalasyn ykdysady geçişiň adam pidalary barada maglumat berýär.
Alymlar, 1990-njy ýyllaryň başlaryndan gaýdyp, Günorta Ýewropa we öňki Sowýet Soýuzynyň 25 döwletindäki ölüm derejesi bilen, hususy eýeçilige geçişiň tizliginiň we masştabynyň ara-baglanşygyny ölçäpdirler. Şeýle hem, 1990-njy ýyllaryň başlaryndaky kynçylyklar bilen baglanşykly beýleki faktorlary hem gözden geçiripdirler. Bu faktorlaryň arasyna, Sowýet döwrüniň ykdysady infrastrukturasynyň çöküşi, çenden aşa inflýasiýa we harby çaknyşyklar hem girýär.

Geçen on ýyllygyň başlarynda, köpçülikleýin hususylaşdyryş shemasy bilen adamlary seňseleden öňki kommunist döwletlerde, ölýänleriň sanynyň 13 prosent ýokarlanandygyna alymlar göz ýetiripdirler.

Üç million ölüm çaklanylýar

Bu ylmy barlag toparyna ýolbaşçylyk eden Britaniýanyň Oksford uniwersitetinden sosiolog we jemgyýetçilik saglygy boýunça ekspert Deýwid Stakler bu barada şeýle diýýär: “Kapitalizme geçiş döwründe, dünýäniň parahatçylyk wagtyndaky iň uly adam ölümi krizisi ýüze çykdy. BMG-nyň çaklamalaryna görä, 1990-njy ýyllaryň başlarynda öňüniň alynmagy mümkin bolan, üç million ölüm, taryhy ýykgyn etmeden has ýokarda boldy.”

Stakler, zähmete ukyply ýaşdaky adamlaryň beýle köp ölmegine we esasan hem munuň kapitalizme geçiş sebäpli ýüze çykmagyna hiç kim garaşmaýardy diýip belleýär. “Biziň ylmy işimiz, bu ölümleriň diňe bir bolaýmaly zat däl-de, eýsem ýörite strategiýalar, esasan hem, kommunizmden çykyp kapitalizmi
BMG-nyň çaklamalaryna görä, 1990-njy ýyllaryň başlarynda öňüniň alynmagy mümkin bolan, üç million ölüm ýüze çykdy.
gurmak boýunça çalasyn çemeleşmeler bilen baglanşyklydygyny subut edýär.”

Stakleriň aýtmagyna görä, bu ylmy iş, kommunizmiň çökmeginden soňky ykdysady geçişler bilen bagly giňden ýaýran kösençlikleri düşündirmäge kömek edýär. Emma onda-da, köpçilikleýin hususylaşdyryşyň, ölüm sanlarynyň artmagyna göniden täsir edýändigini aýtmak ýalňyş bolar diýip Stakler Azatlyk radiosyna aýtdy: “Çaklamalara esaslanýan islendik ylmy işde bolşy ýaly, baglanşygy sebäbe öwürmek düýbinden mümkin däl diýsek hem bolar. Emma alymyň etmeli zady, mümkin boldugyça köp sanly teorialaryň delillerini barlap görmeli. Men sosiolog hökmünde, bu, sebäpleriň düzüminiň orta çykarylmagy diýip pikir edýärin. Biz, ölümiň ýokarlanmagynyň gönümel sebäbi, köpçülikleýin hususylaşdyryş däl-de, eýsem bularyň ara-baglanşygynyň örän ulydygyny seresaplyk bilen aýtdyk.”

Hususylaşdyryş jemgyýeti näsaglaşdyrypdyr

Ylmy-barlaga gatnaşan, Londonyň gigiena we tropikal medisina boýunça okuw merkezinden, Martin Kak Kiniň aýtmagyna görä, öňki ylmy barlaglar ölümiň ýokarlanmagyna bada-bat düşündiriş hökmünde alkogol zäherlenmelerini görkezýärdi. Beýleki faktorlar bolsa, iýmitiň hiliniň pesligi we öňki kommunizm döwründäki döwlet kärhanalarynyň saglyk infrastrukturasynyň çökmeginden ybarat.

Alymlaryň aýtmagyna görä, netijede çalt depginli hususylaşdyryş shemasy, işsizligiň ýokarlanamgyna, bu ýagdaý bolsa 1990-njy ýyllaryň başlaryndan gaýdyp, arakhorlaryň köpelmegine we jemgyýetiň saglygynyň peselmegine baryp ýetdi.

"Biziň ylmy işimiz, Belarusiýa garanyňda, Orsyýetde işsizlik we arakhorlugyň has çalt ýokarlanmagynyň sebäbini düşündirýän geçiş syýasatlaryna-da salgylanýar" diýip Stakler aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, Orsyýet Belarusiýa bilen deňeşdireniňde kapitalizma has çaltlyk bilen geçmek syýasatyny alyp barypdyr.

Şeýle hem bu ylmy topary, degişli döwrüň içindäki graždan söweşleriniň täsirlerini hem ele alyp, Täjigistanda we Harwatiýada bolup geçen içerki çaknyşyklaryň, ilatyň ölüm derejesine täsiriniň üstünde hem işläpdir. Şeýle-de bolsa, alymlar ölüm derejesiniň ýokarlanmagyna söweşiň täsirlerini we hökümetleriň ykdysady çäreleriniň täsirlerini goşmazlyga synanşdylar diýip Stakler aýdýar. “Söweşiň jemgyýet saglygynyň infrastrukturasyna zeper ýetirýändigi barada düşünjeler bar. Bu bolsa ölümler barada doly maglumat berilmegine päsgelçilik döredýär.”

Stakler mysal hökmünde, Çeçenistanda ölüm şahadatnamalary ýitenleriň bardygyny, munuň bolsa ölenleriň sanyny azaldyp görkezýändigini belleýär. “Etniki çaknyşyklaryň ýüze çykan ýeri Gürjistanda-da, hususylaşdyrma bilen baglanşykly ölümleriň hasaba alynmagy babatda ýetmezçilikler bar. Ölenleri hasaba aldyrmak üçin, adamlar garaşylmadyk ýagdaýda pul tölemäge sezewar edildiler.”

Şowly we şowsuz ýurtlar

Orsyýet, Gazagystan, Latwiýa, Litwaniýa we Estoniýa ýaly ýurtlar, 1990-njy ýyllaryň başlarynda ýokary depginli hususylaşdyryşy başdan geçiripdirler. Şol bir wagtyň özünde, bu ýurtlarda işsizlik 30 prosente çenli ýokarlanyp, zähmet ýaşyndaky erkek adamlaryň ölümi 1991-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli 42 prosent beýgelipdir. Bu ylmy işe görä, Albaniýa, Harwatiýa, Çehiýa, Polşa we Sloweniýa bu meselelerde öňde barýarlar. Bu ýurtlaryň her birinde ölýän erkek adamlaryň sany 10 prosent azalyp, işsizlik diňe 2 prosent ýokarlanypdyr.

Bu ylmy barlaga gatnaşan, Lowrens Kingiň aýtmagyna görä, öz hususylaşdyrma programmalary bilen öňde barýan, Hytaý, Hindistan we Yrak ýaly ýurtlar üçin bu maglumatlar möhüm bolup durýar. Döwlet işgärleri, ýurduň ykdysadyýetini düýpli üýtgetmäge synanyşýan wagtlary, bu ýagdaýyň jemgyýetçilik saglygyna etjek potensial täsirini gözden salmaly däl diýip King sözüni jemledi.