26-njy aprelde “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, hytaý tarapy Türkmenistana 4,1 milliard dollarlyk kredit berýär. Bu puluň Günorta Ýolöten gaz ýatagynyň özleşdirilmegine sarp ediljegi habar berilýär.
26-njy aprelde “Türkmengaz” we Hytaýyň Döwlet ösüş bankynyň arasynda gol çekilen ylalaşygyň ýurtlaryň nebit-gaz we energiýa ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň ösüşinde uly rol oýnajagy resmi derejede nygtaldy.
Habar berlişine görä, Türkmenistan Hytaýdan alýan 4,1 milliard dollarlyk kreditini Günorta Ýolöten gaz ýatagyny özleşdirmek üçin ulanar. Käbir maglumatlarda bu ýatakdan çykaryljak gazyň Hytaýa akdyryljagy aýdylýar.
“Türkmengaz” konserniniň Hytaýyň Döwlet ösüş banky we “PetroChina” kompaniýasy bilen türkmen gazynyň Hytaýa akdyrylmagyny kepillendirýän şertnamasyny eýýäm baglaşanlygyny, “Türkmengazyň” resmisi Aşyr Alyýewe salgylanmak bilen, “Associated Press” agentligi habar berdi.
Britaniýanyň “Gaffney Cline&Associates” kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, Günorta Ýolöten gaz ýatagy dünýä derejesinde iň uly bäş gaz ýatagynyň hataryna girýär. Bu kompaniýa şol gaz ýatagyndaky tebigy gazyň zapasyny potensial derejede 14 trillion kubometr töweregi diýip kesgitledi.
Hytaý Türkmenistany ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly özüne bagly etmäge çalyşýar.
Emma 2009-njy ýylda Türkmenistan- Hytaý turbasy işe girizileli bäri Hytaýyň Türkmenistandan satyn alan gazynyň möçberi 6 milliard kubometrden aşmady.
Moskwanyň Halkara gatnaşyklar boýunça döwlet institutynyň wekili Leonid Gusew dünýä derejesinde iri energiýa hyrydary bolan Hytaýyň Türkmenistan bilen häzirki wagtda baglaşýan şertnamalarynyň geljege gönükdirilenligini belleýär. Onuň bellemegine görä, Hytaý Merkezi Aziýa döwletleriniň özüne bagly bolmagyna örän wajyp mesele hökmünde garaýar.
“Global maliýe ykdysady krizis başlananda, Hytaý Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agzalary bolan Merkezi Aziýa döwletleri üçin 10 milliard dollar pul çykarypdy. Türkmenistan bu gurama girmeýär. Şonuň üçin Hytaý Türkmenistany ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly özüne bagly etmäge we türkmen gazynyň edil häzir zerurlygy bolmasa-da, geljek üçin ätýaçdan hereket etmäge çalyşýar” diýip, Gusew aýdar.
Bilermenler Hytaýyň dünýä drejesinde aktiw inwestision syýasatyny alyp barýanlygyna ünsi çekýärler. “ChinaPro” atly bizness žurnalynyň maglumatynda diňe 2010-njy ýylyň özünde Hytaýyň banklarynyň ösýän döwletlere beren karzlarynyň Dünýä bankynyň kreditlerinden 10 milliard dollar artykmaç bolanlygy aýdylýar. Maglumatda şeýle syýasat arkaly Hytaýyň ykdysady amatlyklara eýe bolmaga özüne mümkinçilik alýanlygy bellenýär.
Töwekgelçilik barmy?
ABŞ-nyň Johns Hopkins uniwersitetiniň ýanyndaky Merkezi Aziýa we Kawkaz insitutynyň Ýüpek ýoly programmasynyň barlaglar boýunça müdiri Swante Korneliň pikirine görä, Türkmenistanyň Hytaý bilen energiýa taýdan hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň esasy sebäbi ýurduň gaz eksportynda garaşlylygyny gowşatmak maksadyna bagly.
“Türkmenistanyň ýolbaşçylary gaz eksportynda Orsýete bolan garaşlylygyny ýok etmäge öz isleglerini açyk mälim etdiler. Günbatara tarap eksport ugrunda bolsa dürli kynçylyklar dowam edýär. Şeýle ýagdaýda olaryň Hytaýa tarap eksport mümkinçiliklerine ünsi gönükdirmegi logika gabat gelýär” diýip, Kornel aýdýar.
Korneliň pikirine görä, Türkmenistan energiýa pudagyna degişli proýektleri durmuşa geçirmek üçin maliýe, ukyp we bilim taýdan daşary ýurtlaryň ýardamyna mätäç.
Hytaýa uzak möhletleýin garaşly bolmak töwekgelçiligini ünsden düşürmeli däl.
Emma orýetli ekspert Gusewiň pikirine görä, Türkmenistanyň daşary ýurtdan karz almagy ýurtdaky pul ýetmezçiliginden habar berýär we karzy halkara maliýe guramalaryndan ýa Günbatar döwletlerinden däl-de Hytaýdan almagy türkmen režiminiň öz syýasy durnuklylygy nukdaýnazaryndan Pekine ynam bildirýänligini görkezýär.
Gusew Günbatar bilen köp ýyllap hyzmatdaşlykda bolan arap döwletlerindäki syýasy öwrülişikleriň-de Türkmenistanyň Hytaýa tarap ýykgyn etmegine itergi bolanlygyny çak edýär.
Häzir Hytaý Merkezi Aziýada gaty aktiw sýyasat alyp barýar. Bu ýagdaý soňky iki ýylyň dowamynda hasam göze dürtülýär, sebäbi Orsýetiň ykdysady krizisden ejir çekýän wagtynda Hytaý Merkezi Aziýada, esasanam nebite baý Gazagystanda we gaza baý Türkmenistanda öz täsirini ep-esli artdyrdy.
Korneliň pikiriçe, Hytaýdan kredit alanda, Türkmenistan bir tabynlykdan çykmakçy bolup, başga bir tabynlygy, ýagny Hytaýa uzak möhletleýin garaşly bolmak töwekgelçiligini ünsden düşürmeli däl.
Türkmenistanyň Hytaýdan alan 4,1 milliard dollarlyk krediti Aşgabadyň Pekinden alýan ikinji karzydyr. 2009-njy ýylda hem türkmen tarapy Hytaýyň Döwlet ösüş bankyndan 4 milliard dollar karz alypdy.