Golaýda Özbegistanyň awtonom respublikasy Garagalpagystanyň Dörtgül şäher häkimliginiň binasynyň öňünde dörtgülli bir aýal iş hakyny öz wagtynda alyp bilmeýänliginden närazy bolup, özüni otlady.
Waka şaýat bolan Dörtgüliň ýaşaýjysynyň sözlerine görä, Dörtgüliň “Bagýap” hojalygyndaky nomer 32-nji mekdebinde tam süpüriji bolup işleýän aýal iş hakynyň plastik kartoçka geçirilýändigine närazylyk bildirip we jaý salmaga ýer sorap, Dörtgüliň häkimligine barypdyr.
Waka şaýadyň sözlerine görä, etrap häkimi tarapyndan binadan kowlup çykarylan aýal häkimligiň binasynyň önünde özüni otlapdyr: “Etrap häkimi oňa “Meniň ýanyma her gün seniň ýaly müň adam gelýär. Saňa jaýy kakaň alyp bersin!” diýip, ony kabinetinden çykaryp kowupdyr. “Men mekdepde işleýärin. Iş hakymy plastik kartoçka geçirdiler. Jübimde ýekeje köpük hem pulum ýok” diýse, häkim: “Bar, arzyňy kime aýtsaň, şoňa aýt” diýipdir. Onda aýal: “Men özümi otlaryn” diýse, häkim: “Bileniňi et!” diýipdir”.
Bu wakany Dörtgül etrabynyň polisiýa bölüminiň işgäri hem tassyklady. “Bir aýal özüni oda berdi. Emma onuň sebäpleri anyk däl. Derňew işleri dowam edýär. Aýal wakanyň bolan ýerinde öldi” diýip, Dörtgüliň polisiýa bölüminiň işgäri aýtdy.
Adamsy gahar etdi
Merhumyň Orsýete gazanç etmäge giden adamsy bolan wakany eşidip, gaýdyp gelipdir. Ol aýalynyň işlän mekdebine baryp, mekdebiň direktorynyň okuw bölüminiň müdirini we ýene-de 20 okuwçyny girew alypdyr.
“Ol mekdebiň okuw bölüminiň müdirini aw tüpeňinden atyp ýaralapdyr. Ony duruzmaga çalşan öz aýal doganyny-da atyp ýaralapdyr. Soňra OMON-çylar gelip, ony aýagyndan atyp tutup, alyp gitdiler” diýip, Dörtgüliň ýaşaýjysy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, 300-400 töweregi milisiýa işgäri, 8 sagadyň dowamynda adamlary çykarman Gutlyýewi ele salmak boýunça operasiýa geçiripdirler. Mekdebiň ikinji etažyndan tüpeňini çykaryp, kim ýakynlaşsa, ataryn diýip, 5-6 gezek howa ok atypdyr. Onuň aýal dogany “Men ony durzaryn” diýip, derwezeden girip ugranda, oňa “Yzyňa gaýt!“ diýip gygyrypdyr. Ol yzyna gaýtmansoň, onuň hem gerdeniniden atypdyr.
Dörtgüliň polisiýa bölüminden alnan maglumata görä, merhumyň adamsy Fahriddin Gutlyýewe garşy Özbegistanyň Jenaýat Kodeksiniň 97-nji maddasy esasynda “bilkastdan adam öldürmek” boýunça jenaýat işi gozgalypdyr.