Lukaşenko Aşgabada geldi

Lukaşenko mundan öň 2009-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda bolup, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşypdy we Saparmyrat Nyýazowyň guburyna zyýarat edip, gül goýupdy.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 27-nji aprelde resmi sapar bilen Aşgabada geldi. Bu Lukaşenkonyň geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezident saýlawlarynda täze möhlete prezident saýlanaly bäri daşary ýurda edýän ilkinji saparydyr.

Belarus prezidentiniň metbugat gullugynyň ýolbaşçysy Pawel Lýogkiniň aýtmagyna görä, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet bermek bilen Lukaşenko Aşgabatda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyny maslahatlaşmakçy.

TDH gullugynyň çap eden maglumatynda ýokary derejedäki türkmen-belarus gepleşikleriniň netijeleri boýunça ençeme dokumente gol çekmegiň planlaşdyrylýandygy bellenýär.

Belarus prezidentiniň metbugat-sekretarynyň sözlerine görä, Belarusyň Türkmenistana berýän traktorlarynyň, awtomobilleriniň, ýol-kommunal tehnikasynynyň möçberini artdyrmak maslahat ediler.

Berdimuhamedow Minskide, 2010-njy ýylyň 26-njy ýanwary.
Lýogkiý 2010-njy ýylda bahasy 100 million dollar töweregi 1,300-den gowrak belarus tehnikasynyň Türkmenistana satylandygyny, bu sany üstümizdäki ýyl artdyrmagyň planlaşdyrylýandygyny “Interfaks-Zapad” agentligine aýtdy. Minskiniň traktor zawody bilen 500 traktor almak boýunça eýýäm şertnama gol çekilipdir, onuň bahasy 10 ýarym million dollar töweregi.

“Belarus traktorlary Türkmenistanyň howa şertlerinde synagdan geçen tehnika. Amerikan traktorlary ýaly beýle bir çylşyrymlam däl, ony bejermegem, oňa seretmegem gaty aňsat. Az çykdajy bilen. Iş öndürijiligi birneme pesräk welin, türkmen daýhany üçin bolýar. Baha tarapdanam arzan düşýär Türkmenistana” diýip, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Minskiniň awtomobil zawody Türkmenistana 88 sany tehnika, “Amkodor” kompaniýasy 75 sany, Minskiniň tigirli tehnikalar zawody 88 tehnika satar. “Bubruýskawtomaş” aksioner jemgyýeti öz önümlerinden 4,5 million dollarlyk tehnikany Türkmenistana ugradar diýlip, belarus tarapynyň maglumatynda bellenýär.

Himiýa senagaty

Resmi Aşgabat gepleşiklerde gozgaljak meseleler, gol çekiljek dokumentler barasynda anyk hiç zat aýtmady, ýöne “ýokary derejedäki häzirki türkmen-belarus duşuşygy taraplara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini jikme-jik maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň ileri tutulýan geljekki ugurlaryny döwrüň talaplaryna görä kesgitlemäge, bilelikdäki täze proýektleri amala aşyrmagy anyklamaga mümkinçilik berer” diýip belleýär.

Türkmenistan bilen Belarusyň arasynda baglaşylan uly şertnamalaryň, bilelikdäki proýektleriň biri ýurduň gündogaryndaky Köýtendagda guruljak kaliý zawodydyr.

Belarus prezidentiniň metbugat wekili Pawel Lýogkiý: “Garlykdaky kaliý dökünleri zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmak boýunça “Belgorhim” aksioner jemgyýeti bilen “Türkmenhimiýa” konserniniň arasynda baglaşylan kontrakt uly ähmiýete eýe. Proýektiň bahasy bir milliard dollar” diýdi.

Lýogkiniň sözlerine görä, “Belgorhimiň” tejribelerine esaslanyp, türkmen tarapy ony Mary şäherinde ammiak we karbamid zawodyny proýektirlemäge çagyrypdyr.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň dinamikasyna syn edilse, geçen ýyl onuň möçberi 2009-njy ýyl bilen deňeşdirilende 21% artypdyr. Üstümizdäki ýylyň iki aýynda Belarusyň Türkmenistana eksport eden harytlarynyňp umumy bahasy 15 million dollar gowrak, Belarusyň Türkmenistandan alan harydy 700 müň dollara barabar diýlip, habar berilýär.

Türkmen metbugaty iki ýurduň arasynda medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldiljekdigini habar berýär.

“Belarusyň Tehnologiýa hem-de Tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Garlykda gurulýan zawodyny geljekde işletjek spesialistler okaýarlar. Olaryň ilkinji tapgyry eýýäm şu ýyl 2-nji kursy tamamlaýar. Olar geljekki inženerler, ýokary bilimli spesialistler. Şolary taýýarlamakda türkmen döwleti bilen Belarusyň arasynda ýörite ylalaşyk bar” diýip, Bugaýew belleýär.

Birinji Aşgabada...




Wideo: Lukaşenko Aşgabadyň halkara aeroportunda (Çeşme: ONT)

Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen prezident saýlawlary sebäpli oppozisiýa bilen arada dörän dartgynlykdan, Minski metrosyndaky partlamadan soň Lukaşenko daşary ýurda ilkinji sapary üçin Türkmenistany saýlady.

“Saýlawlardan soň oppozisiýa wekilleriniň tussag edilmegi, olara ýyl kesilmegi Ýewropa bilen Belarusyň gatnaşyklaryny juda ýitileşdirdi. Wiza sanksiýasy girizildi, häzir ykdysady sanksiýa girizmek meselesine seredilýär. Üstesine, pul krizisem örboýuna galdy. Ýurtda walýuta ýok, adamlar ertirden agşama çenli nobata dur” diýip, Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň žurnalisti Ýuriý Drakohrust belleýär.

Drakohrustyň pikiriçe, bu sapardan Lukaşenko iki maksat yzarlaýar: birinjiden, izolýasiýa düşen wagty özüniň ýeke däldigini, Berdimuhamedow ýaly dostlarynyň bardygyny görkezmek isleýär. Ikinjiden, maliýe krizisinden çykmak üçin Berdimuhamedowdan karz pul soramak niýetiniň bolmagy mümkin.

“Syýasy taýdan özüne gaty ýakyn adama, biri-birine juda menzeş režime pul bermek Berdimuhamedowda şatlyk döredermi? Bu sorag astynda” diýip, Drakohrust aýdar.

Bugaýewiň aýtmagyna görä, Lukaşenkonyň saparyna geň-taňrak sertmeklerine entek ýurduň ýarasy bitmedik wagty amala aşyrylýandygy sebäp bolýar: “Minskiniň metrosyndaky partlamadan soňra, intelligensiýanyň arasynda şu wizite geň-taňlyk bilen seredýänler bar, öz ýurdunyň içindäki problemany çözmezden, nirä howlugýarka diýip... Ýöne bu öň ylalaşylan wizit bolandyr diýip, ony sülä getirýänem bar”.

Lukaşenko mundan öň 2009-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabatda bolup, Saparmyrat Nyýazowyň guburyna zyýarat edip, gül goýupdy.