Belarusyň paýtagty Minskide Andreý Sannikauwyň işi boýunça sud diňlenişigi gidýär. Oppozisiýa tarapyndan prezidentlige dalaşgär bolan Sannikau dekabr aýynda bolan dawaly saýlawlardan soň, köpçülikleýin tertipsizlikleri gurnamakda aýyplanýar.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Wideo: Andreý Sannikauwyň işi boýunça sud diňlenişigi geçirilýär.
Belarusyň daşary işler ministriniň öňki orunbasary we “Hartiýa 97” atly toparyň egindeş başlygy, 57 ýaşly Andreý Sannikau özüniň bigünädigini aýdýar. Ol häzirki suduň gidişinde günäli hasaplansa, 15 ýyl türme tussaglygyna höküm ediler.
Suda syn etmek üçin diňlenişik geçirilýän jaýda jemlenen synçylaryň arasynda Şwesiýanyň, Wengriýanyň ilçileri we Orsýetiň hem ABŞ-nyň diplomatlary boldular.
Sudda Sannikau özüne garşy aýyplamalar, ýagny onuň ençeme sapar protestleri geçirip, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnanlygy we 19-njy dekabrda miting geçirenligi baradaky günälemeler öňe sürlende, örän rahat göründi.
Sud diňlenişigi
Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň habarçysynyň şol sud diňlenişiginden habar bermegine görä, Sannikau protestleriň parahatçylykly bolanlygyny aýtdy. Ol şol aksiýalaryň dowamynda hökümet edaralarynyň binalaryna ýetirilen zyýanyň demonstrantlaryň işi bolman, prowokasiýanyň netijesi bolanlygyny belledi.
Andreý Sannikau protestçiler bilen polisiýanyň arasyndaky çaknyşyklarda ýenjilenden soň, 19-njy dekabr 2010-njy ýyl.
Bu sud diňlenişigi hökümete garşy demonstrasiýalara gatnaşan ýokary derejeli oppozisionerleriň ýüzbe-ýüz bolýan synaglaryna gabat geldi. Aleksandr Lukaşenkonyň dördünji gezek prezidentlik wezipesine saýlanmagyna mümkinçilik berjek saýlawlarda sesleriň galplaşdyrylanlygy öňe sürlüp, geçirilen protest aksiýalarynda görnükli rol oýnan ýedi adam 2 we 4 ýyl möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildiler.
Günäli hasaplananlaryň biri Dzmitry Bandarenka. Sannikauwyň graždan toparyna girýän Bandarenka, köpçülikleýin bidüzgünçiliklere gatnaşmakda günälenip, 2 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
27-nji aprelde ýene 11 adam sud edildi. Olaryň dördüsiniň işi Sannikau bilen bir sud jaýynda diňlendi.
Emma aktiwistler bu sud diňlenişiklerini tankyt etdiler we sudda günäleýji tarapyň ýeterlik delil getirmänligini bellediler.
Adalatly bolarmy?
Adam hukuklaryny goraýan Belarusyň Helsinki komitetiniň başlygy Aleh Hulak Sannikauwyň kanuna laýyklykda sud ediljegine şübhelenýär: “Biz, şübhesiz, professionallygyň örän ýetmezçilik edýänligine şaýat bolýarys. Olar öz isleglerine görä, käbir faktlary oýlap tapmaga synanyşýan bolmaly, sebäbi bu işde olarda anyk deliller ýok. Bar zat gümürtik. Bu uly meselä degişli detallaryň ençemesi gyssagly ýok edildi. Şeýlelikde zerur derňewleri geçirmäge we wakalara baha bermäge ukyply suduň ýokdugy mese-mälim”.
Prezidentlige dalaşgärleriň ýedisi hem tussaglykda basyş astynda. Olaryň arasynda Sannikau oppozisiýa tarapyndan öňdebaryjy dalaşgär hasaplanýar. Şol bir wagtda-da onuň ses berişlikde toplan sesleri resmi sanlara görä, 2,5 prosentden aşmady. Sesleriň 80 prosentini Lukaşenko aldy.
“Wesna 96” atly adam hukuklaryny goraýjy guramanyň başlygy Ales Belýatskiniň “Reuters” agentligine aýtmagyna görä, ol häkimiýetleriň Sannikau babatynda berk durjagyny çak edýär we režime garşy eýeleýän barlyşyksyz pozisiýasy sebäpli Sannikauwyň repressiýalara sezewar edilmek ähtimallygyny aradan aýyrmaýar.
Sannikauwyň sud işine Günbatarda üns bilen syn edilýär. Prezident Lukaşenko we Belarusyň ýüzden gowrak beýleki resmilerine Günbatar döwletlerine syýahata barmak gadagançylygy girizilipdi.