Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy Türkmenistanda soňky iki aýyň dowamynda syýasy matlap bilen azyndan dört adamyň tussag edilendigini habar berýär. Olar: Bazargeldi we Aýjemal Berdiýewler, Bisengul Begdesenow we 80 ýaşyndaky Amangelen Şapudakow.
Şu aýyň 19-na ýurduň Milli hopwsuzlyk ministrliginiň işgärleri diýlip gümän edilýän 10 adamyň Berdiýewleriň öýüne kürsäp girip, Bazargeldini we onuň aýaly Aýjemaly ellerine gandal urup, alyp gidendikleri habar berilýär.
Wenada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça “Türkmen inisiatiwa” toparynyň berýän maglumatyna laýyklykda, Berdiýewler türkmen häkimiýetleri tarapyndan adalatsyzlyga sezewar edilendiklerini, emläkleriniň bikanun konfiskasiýa edilendigini aýdyp, adalaty dikeltmek üçin ençeme ýyllap şowsuz synanyşyk edipdirler.
2008-nji ýylda Aýjemal Berdiýewa bu ýagdaý barada Azatlyk Radiosyna telefon arkaly şeýle diýipdi: “Meniň kelläme urdular. Meniň 2,5 aýlyk çagamy hem düşürdiler. Mende hemme sprawkalar bar. Pulumy soraýan, pulumy hem berenoklar. Men näme etjegimi bilemok...”.
Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň biri Bisengul Begdesenow11-nji aprelde Türkmenistandaky gazak jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň biri Bisengul Begdesenow tussag astyna alyndy. Begdesenowyň kezzaplykda aýyplanýandygy habar berilýär. Bu barada Bisengulyň aýaly Bagt Begdesonowa Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Şu ýylyň mart aýynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Sakgar obasynyň ýaşaýjysy 80 ýaşly Amangelen Şapudakow zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirildi. Ýerli graždan aktwistleri ýaşulynyň öz ýaşaýan etrabyndaky bikanunçylyklar barada öz pikirlerini açyk aýdandygy sebäpli ýerli häkimiýetler bilen problemalarynyň bolanlygyny çak edýärler.
Bu tussag edişlikler häzir Ýewropa Parlamentiniň wekilleriniň Türkmenistandaky adam hukuklarynyň berjaý edilişini barlamaga gelen wagtynyň öň ýanynda bolup geçdi. Bu sapar Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça planlaryna täsir ýetirer.