25 ýyl mundan öň, 1986-njy ýylyň 26-njy aprelinde Ukrainanyň Çernobyl atom elektrik stansiýasynda tehnologik betbagtçylyk ýüze çykypdy.
SSSR-de perestroýkanyň, aç-açanlygyň bat alýan döwrüdigine garamazdan, bu betbagçylyk barada “Prawda” gazetiniň soňky sahypasynda çaklaňja maglumat çap edilipdi.
Heläkçiligiň gerimi çak edilişinden has giň möçbere eýe bolansoň, ony halkara jemgyýetçiliginden, sowet graždanlaryndan gizlemek häkimiýetlere başartmady. Heläkçilik, onuň ýetiren zyýanlary, geljekde etjek täsirleri baradaky hakykat habar serişdelerinde peýda bolup ugrady.
Resmi maglumata görä, çekilen maddy zyýandan başga, heläkçilik zolagynda bolan 829 müň adamdan häzir diňe 200 müň töweregi diri. Muny ýakynda Ýaponiýanyň Fukuşima atom elektrik stansiýasynda bolan heläkçilik bilen deňeşdirmegem ýeterlik.
Türkmenistandan hem gatnaşdylar
Çernobyl heläkçiliginiň zyýanlaryny ýok etmek işine Soýuzyň ähli respublikalaryndan, şol sanda Türkmenistan hem adamlar gatnaşdy. Olara sowet zamanynda dürli sosial ýeňillikler berildi.
Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazow sosial kömekleriň köp görnüşini, hatda garaşsyzlyk ýyllary pensiýalary-da ýatyrypdy. Bu kampaniýa Çernobyl heläkçiligine gatnaşan adamlar hem düşdi.
Aşgabatly pensioner, 72 ýaşly Çerkez aganyň aýtmagyna görä, Türkmenistan garaşsyzlyga eýe bolansoň, Çernobyl wakalary ýuwaş-ýuwaş ýatdan çykyşyp ugrady. Şol döwürde bu heläkçilige gatnaşan adamlaryň problemalary hem özleri bilen deň ýatyp galdy.
Garaşsyzlygyň başky ýyllary Çernobyl heläkçiligi bilen bagly adamlar, owgan urşuna gatnaşyjylar barada alada edilip ugraldy. Olary watançylyk urşunyň weteranlarynyň hataryna goşmak, ýeňilliklere hukukly etmek boýunça käbir işler edildi.
“Emma Nyýazowyň diktaturasynyň ýol almagy bilen, bu işler doly ýatyryldy. Häzir metbugat sahypalarynda Çernobyl heläkçiligi, oňa gatnaşanlar barada hiç bir maglumat berilmeýär. Hatda Ýaponiýanyň Fukuşima AES-inde bolan betbagtçylyk barasynda-da informasiýa berilmeýär. Çernobyl barada-da, Fukuşima barasynda-da ilat häzirki döwürde doly maglumat almaly” diýip, Çerkez aga nygtaýar.
Kanuna üýtgetmeler girizildi
Türkmenistanyň Mejlisi şu ýylyň aprel aýynyň başynda Çernobyl heläkçiliginiň netijelerini ýok etmäge gatnaşyp, şikes alan, saglygyna uly zyýan ýeten adamlara goşmaça sosial ýeňillikleri bermek boýunça ýurduň Sosial we Zähmet kodekslerine goşmaçalar we üýtgetmeler girizdi.
“Zähmet hakyndaky“ kanuna girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, radiasiýa heläkçiliginden jebir çeken erkek adamlar 52 ýaşda, aýallar 48 ýaşda, radiasiýa zolagynda näçe wagt bolandygyna garamazdan, pensiýa çykyp bilýärler.
Ozalky Gyzylarbat, häzirki Serdar etrabynyň Janahyr obasyndan Jeren ýan-ýoldaşynyň Çernobylda gulluk borjuny ýerine ýetirip ýören wagty ýadro heläkçiliginiň ýüze çykandygyny, ilkinji kömege baranlaryň arasynda bolan adamsynyň saglygyna uly zeper ýetendigini aýdýar.
“Garaşsyzlygyň başky ýyllary ol saglygyna seretdirmekde-de, azyk paýyny almakda-da ýeňilliklerden peýdalanýardy. Emma ol ýeňillikler uzaga çekmedi, adamym işsiz galdy. Onuň saglygy barha ýaramazlaşýar. Alýan ujypsyzja puly däri-dermana-da ýetenok” diýip, Jeren nygtaýar.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň “Sosial üpjünçilik baradaky” kanunyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Çernobyl atom elektrik stansiýasyna heläkçiligi ýok etmäge gatnaşan harby gullukçylaryň şol ýerde bolan her aýy üç aý iş stažy hasaplanýar.
Kanunda göz öňünde tutulýan ýeňillikleri alyp bilmeýän adamlar haýsy edaralara ýüz tutmaly diýen soragy bermek üçin Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Adalat, Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliklerine jaň etdi. Ol edaralarda telefon awtomaty: “Habaryňyzy galdyryň” diýen jogaby berýär.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowanyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.