Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilen adamlaryň ykbalyna ünsi çekýän gepleşikler tapgyrynyň jemleýji sanyny diňlemäge çagyrýarys.

Biz bu tema bagyşlanan birinji gepleşigimizde zor bilen ýitirim edilmeleriň Türkmenistandaky ýakyn taryhyny, 2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast edişlik diýilýän wakany we munuň yz ýany ýurtda bat berlen köpçülikleýin tussag etmeleri seljerdik.

Şeýle-de, öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň sentýabrynda Birleşen Ştatlara sapar edip, Nýu-Ýorkuň Kolumbiýa uniwersitetinde intelligensiýa wekilleriniň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanda zor bilen ýitirim edilmeleriň käbir pidalarynyň diri bolandygyna özüniň ynanýandygyny ýatladyk.

Galyberse-de, aşgabatly synçy Serdar Aýtakowyň bu mesele boýunça beren synyny, Türkmenistanda dereksiz ýiten adamlaryň ykbalyny anyklamaga we aýdyňlaşdyrmaga gönükdirilen “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy bolan “Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wattersiň türkmen türmelerinde ýitirim bolan adamlar barada beren beýanatlaryny eşitdirdik. Gepleşigiň dowamynda, zorlukly ýitirim edilmäniň pidasy, öňki diplomat Batyr Berdiýewiň 2003-nji ýylda Türkmenistandan gaçyrylyp çykarylan käbir şygyr setirlerini eşitdirdik.

Ikinji gepleşikde ähli adamlary zorlukly ýitirim etmelerden goramak boýunça halkara konwensiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň bu konwensiýa goşulmazlygy, halkara jemgyýetçiliginiň bu ugurda türkmen hökümetine beren teklipnamalary barasyndaky maglumatlary eşitdirdik, şeýle-de, türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilenleriň biri hökmünde ykrar edilen öňki diplomat Batyr Berdiýewiň ömri we zähmet ýoly, onuň 2002-nji ýylda köpçülikleýin tutha-tutluklaryň arasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilmegi barada gürrüň etdik.

Gepleşigiň birinji we ikinji bölümlerini heniz diňlemedik bolsaňyz, ýa-da ikinji gezek diňlemek isleseňiz, olary Azatlyk Radiosynyň web saýtynda ýa-da YouTube we Facebook sahypalarynda diňläp bilersiňiz!

Makalanyň doly mazmunyny şu çelgiden okap bilersiňiz!

Programmamyzyň bu meselä bagyşlanan üçünji, jemleýji tapgyrynda hem Türkmenistandaky zorlukly ýitirim edilmeler boýunça aşgabatly synçy Serdar Aýtakowyň, syýasatşynas Kümüş Baýryýewanyň, şeýle-de “Olary diri görkeziň!” kampaniýasynyň egindeş esaslandyryjysy bolan “Erkinlik faýllary” guramasynyň başlygy Ýuriý Djibiladzeniň, ynsan hukuklaryny goraýjy “Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wattersiň syn-seljermelerini we beýanatlaryny diňläp bilersiňiz!

DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG