Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Hezobollah toparynyň ýene bir ýokary derejeli serkerdesini öldürdi


Ysraýylyň 7-nji oktýabrda Beýrutyň günorta eteklerine uran zarbasy
Ysraýylyň 7-nji oktýabrda Beýrutyň günorta eteklerine uran zarbasy

8-nji oktýabrda Ysraýylyň harbylary Hezbollah toparynyň ýene bir ýokary derejeli serkerdesiniň öldürilendigini yglan etdiler. Mundan bir gün öň, Hamas jeňçi toparynyň ýewreý döwletine eden hüjüminiň ýyl dönümi hatyralandy. Şol hüjümde 1 müň 200-den hem aşa adam öldürilipdi.

Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň beýanatyna görä, 7-nji oktýabrda amala aşyrylan takyk nyşan zarbasynyň netijesinde, Eýran bilen ilteşikli Hezbollah toparynyň logistika, býujet işlerine seredýän agzasy Suhail Husseini öldürilipdir. ABŞ Hezbollah toparyny terrorçy gurama hökmünde ykrar edýär.

“Husseini Eýran bilen Hezbollahyň arasyndaky ýarag gatnawlarynda möhüm roly oýnaýardy” diýip, beýanatda nygtalýar. Mundan başga-da, onuň toparyň agzalaryna ýokary derejeli ýaraglaryň paýlanmagyna, şeýle-de Ysraýyla garşy hem operasiýalary öz içine alan “iňňän täsirli proýektlere” jogapkär bolandygy bellenilýär.

Beýanatda Husseininiň toparyň iň ýokary harby gurluşy bolan “Hezbollahyň Jyhad Geňeşiniň” hem agzasy bolandygy aýdylýar.

Hezbollah bu ýagdaýlary entek tassyklamady.

Ysraýylyň bu baradaky beýanaty, 7-nji oktýabrda Gazadaky palestin jeňçileriniň Ysraýyla raketalary atmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şol pursat, prezident Isaak Herzog Hamas hüjüminiň ýyl dönümini hatyralamak üçin geçirilen milli dymyşlyk pursadyna ýolbaşçylyk edýärdi. Mundan bir ýyl ozalky hüjüm ýurduň günortasyndaky Kibbuts Reim sebitinde başlanypdy.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamasy terrorçy gurama hökmünde ykrar edýärler.

Hüjümiň ýyl dönümine gabat, Waşingtonda prezident Jo Baýden we wise-prezident Kamala Harris Hamasy ýazgardylar. Şol bir wagtda, ABŞ administrasiýasynyň hem Gazada, hem-de Liwanda söweş hereketlerini bes etmek üçin, ok atyşyklary togtatmak ylalaşygyna gelinmegine ygrarlydygy ýene bir gezek nygtaldy.

Hamas tarapyndan alnyp gaçylan 250 adamyň arasyndan henizem jeňçi toparynyň ýesirliginde saklanýan 100-e golaý zamunyň garyndaşlary Ierusalmede Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň rezidensiýasynyň daşynda ýygnanyp, dymyşlykda durdular. Olar munuň bilen, hökümetiň öz ýakynlaryny zamunlykdan boşatmak boýunça ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdyp, bu ýagdaýlara protest bildirdiler.

Gazadaky konfliktiň häzirem dowam etmegi bilen, Ysraýyl Liwanyň günortasynda Hezbollaha garşy ikinji söweş frontuny açdy.

7-nji oktýabrdaky hüjümden soňra, Ysraýylyň Gazada başladan harby operasiýasynda 42 müňe golaý palestinaly heläk boldy diýip, Hamas tarapyndan dolandyrylýan Gazanyň Saglyk ministrligi mälim etdi. Gazanyň ilatynyň 90% gowragy ýaşap oturan ýerlerini terk etdi we, zarbalaryň netijesinde, sebitiň köp ýerleri weýran boldy.

Ysraýylyň harbylarynyň 7-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, soňky bir ýylyň dowamynda Gazada 40 müňden hem aşa nyşana zarba urlupdyr, 4 müň 700 sany ýerasty geçelge tapylypdyr we 1 müňe golaý raketa atylýan sebit ýok edilipdir.

Soňky hepdeleriň dowamynda, Ysraýyl Hezbollahyň mümkinçiliklerini we ýolbaşçylaryny aradan aýyrmak maksady bilen, Beýrutyň günorta sebitlerine howa zarbalaryny urýar we Liwanyň günortasynda gury-ýer operasiýasyny alyp barýar.

Ysraýylyň ençeme günüň dowamynda Beýrutyň eteklerine zarba urmagy netijesinde, Hezbollahyň lideri Saýýed Hassan Nasrallah heläk boldy, şeýle-de onuň mümkin mirasdüşeri Haşem Safieddineniň hem öldürilen bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Ysraýylyň Hezbollaha garşy alyp barýan kampaniýasynyň netijesinde, bu topara agalyk edýän Eýran muňa jogap hökmünde, ýewreý döwletine garşy giň gerimli raketa hüjümini amala aşyrdy. Raketalaryň aglabasy Ysraýylyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly urlyp, ýurda uly zyýan ýetirmese-de, bu sebitde has uly regional konfliktiň döremek howatyrlaryny artdyrdy.

6-njy oktýabrda Ysraýylyň goranmak ministri Ýoaw Gallant çykyş edip, eger-de Tähran Ysraýyla zyýan ýetirmegini dowam etdirse, onda Eýranyň Beýrutyň ýa-da Gazanyň ýagdaýyna düşüp biljekdigini duýdurdy.

Forum

XS
SM
MD
LG