“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýurduň içindäki uçuşlarynda howada uçarlaryň tekerleriniň açylman galmagy bilen bagly wakalaryň soňky aýlarda köp ýüze çykýandygyny, türkmen ýolagçylary aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan ýolagçylaryň ençemesi uçarlaryň tehniki taýdan üpjünçiliginiň pesdigini, düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini hem gürrüň berdi.
“Maý aýynyň başynda Aşgabatdan Türkmenbaşa uçýan uçar Türkmenbaşy howa menziline gelende, uçaryň tekerleri açylman galdy. Uçarman ýolagçylara ýüzlenip, gorkmazlygy haýyş etdi. Uçar 25-30 minut töweregi howada aýlandy. Ahyrsoňy uçaryň tekerleri çykdy. Şeýdip, sag-aman gonmak nesip etdi” diýip, uçardaky ýolagçylaryň biri başdan geçiren ýagdaýlaryny gürrüň berdi.
Azatlykda bu hadysanyň takyk haýsy senede, sagatda we uçar reýsinde ýüze çykandygy barada doly maglumat bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanýar.
Gürrüňi edilýän uçardaky ekipaž agzalarynyň biri anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda, köp adamyň stresden huşuny ýitirip, gaty gorkandygyny hem aýtdy.
“Maýyň başyndaky hadysada 6 aýlyk göwrelidigi aýdylan gelin gorkudan huşuny ýitirip, onda gan gitme boldy. Uçar gonandan soň, tiz kömek işgärleri gelni nosilkada göterip, doguruş hassahanasyna alyp gitdiler” diýip, uçardaky ekipaž agzalarynyň biri gürrüň berdi.
Ýolagçylar howada uçar tekerleriniň gonmaly wagtynda çykmazlygy bilen bagly näsazlyklaryň köp bolýandygyny, ozalky ýyllardaky ýaly rahat uçuşlaryň galmandygyny, gorkup oturýandyklaryny aýdýarlar.
“Uçarlaryň tekerleriniň açylmazlygy bilen bagly wakalara soňky alty aýyň dowamynda üç gezek duş geldim. Ýöne zerurlyk bolansoň, uçarlara münmeli bolýarys. Ýogsam ýurtda 500 kilometr aralygy ulagda geçjek bolsaň, 8-10 sagat gerek. Üstesine-de, ýollar erbet, ulag hadysalary we ölüm-ýitim köp bolýar” diýip, balkanly başga bir ýolagçy belledi.
Galyberse-de, ýolagçylar uçarlaryň içiniň hem düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigini, ýolagçy oturgyçlarynyň köpüsiniň döwlendigini, jygyldap iki ýana tarap yrgyldap durýandygyny we matalarynyň ýyrtylandygyny hem aýdýarlar..
“Uçarlaryň tas ählisi güýçli wibrasiýada uçýar, ganatlaryň we dwigatelleriň sesleri şuwwuldap, içinde oturar ýaly däl. Käte ala şakyrdy bolup, özüňi traktoryň içinde oturan ýaly duýýarsyň” diýip, balkanly ýolagçy belledi.
Balkanyň howa menzilleriniň biriniň dispetçeri bu näsazlyklaryň sebäbini ýurduň içinde uçuşlary amala aşyrýan uçarlaryň tehniki taýdan üpjünçiliginiň pesdigi, düýpli abatlaýyş işlerine mätäçdigi bilen düşündirýär.
“Käbir uçarlaryň hatda aragatnaşyk radar meselesinde hem näsazlyklar bar. Tehniki barlaglar şolary görkezýär. Olarda düýpli abatlaýyş işleri geçirilmeli. Ýöne döwlet tarapyndan maliýe serişdesiniň goýberilmeýändigi, zerur bolan tehniki serişdeleriň satyn alynmaýandygy sebäpli bu işler geçirilmeýär” diýip, dispetçer belledi.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada “Türkmenistan” awiakompaniýasyndan, şeýle-de ýurduň Ulag we kommunikasiýalar agentliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
1992-nji ýylda döredilen “Türkmenistan” awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, täze uçarlaryň satyn alynýandygyny wagtal-wagtal habar berýär.
Muňa garamazdan, awiakompaniýanyň uçarlarynyň abatlaýyşa mätäçdigi, arassaçylyk taýdan üpjünçiliginiň pesdigi barada türkmenistanlylar Azatlyga mundan ozalky ýyllarda hem enceme gezek maglumat berdiler.
Şeýle-de, awiakompaniýa ýolagçylara edilýän hyzmatyň hili boýunça halkara derejesinde geçirilýän reýtinglerde ýyllarboýy pes bahalary alýar. Onuň öz ýolagçylaryny köp garaşdyrmagy kemçilikleriň arasynda agzalýar. Şeýle-de, bu awiakompaniýa bilen sapar eden ýolagçylaryň ençemesiniň goşlarynyň açylandygy barada “Skytrax” neşiri habar beripdi.
2019-njy ýylyň fewralynda Ýewropanyň Awiasiýa howpsuzlygy boýunça gullugy (EASA) “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçýan we bu bileleşigiň çäklerinden yzyna uçýan uçuşlaryny togtadypdy. Şonda türkmen awiakompaniýasynyň özüniň halkara howa howpsuzlygy standartlaryna gabat gelýändigini subut etmegine ýa-da tassyklatmagyna garaşylýandygy aýdylypdy. Bu wakanyň yz ýany, awiakompaniýa halkara howa howpsuzlygy standartlarynyň talaplaryna gabat gelmek üçin “Lufthansa Consulting” geňeş kompaniýasyndan ýardam alypdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum