Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy dowam edýän mahaly, ýurduň günbatar sebitlerinde aýal sürüjiler Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri tarapyndan nyşana alynýar.
Polisiýa işgärleri aýal sürüjileri esasan daş keşbine görä saklap, duýduryş berýär ýa-da daş keşbi döwletiň kesgitlän standardlaryna gabat gelmeýän aýallaryň sürüjilik şahadatnamalaryny ellerinden alýar.
“Awtomobil ulagyny dolandyrýan aýal sürüjiniň daş keşbi beýleki erkek sürüjileriň ünsüni çekmez ýaly ülňüde bolmaly” diýip, ýaňy-ýakynda polisiýa tarapyndan ýol üstünde saklanan orta ýaşlaryndaky Almagül gelneje polisiýa işgäriniň özüne aýdan belliklerini getirýär.
Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan 45 ýaşly Almagül we başga-da birnäçe aýal sürüjiler polisiýanyň özlerini ýekirmeklerini “gender kemsitmesi” hasaplaýandyklaryny aýdýarlar.
Türkmenistanda 1-nji sentýabr – 30-njy sentýabr aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ‒ ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda biraýlyk geçirilýär. Köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda habarlylyk kampaniýalaryna gönükdirilendigi aýdylýan çäreler köplenç PÝGG işgärleriniň köçelerde sürüjileri esassyz nyşana almalary bilen ýatda galýar.
Aýal sürüjiler polisiýanyň “howpsuzlyk biraýlygy” atlandyrýan kampaniýalarynyň pidasy bolýar.
Türkmenistanda köçe-ýol biraýlygyndan beýleki wagtlarda hem aýal sürüjiler köplenç gysylyp gelinýär. Ýöne diňe bir sürüji aýallar däl, eýsem, daş keşbi ýerli ülňülere laýyk hasaplanmaýan zenanlar hem hususan-da soňky birnäçe ýyl bäri berk gözegçilige sezewar edilýärler.
Ýaňy-ýakynda polisiýa tarapyndan saklanyp, sürüjilik şahadatnamasy elinden alnan Almagül öz tejribesini paýlaşýar.
“Ýol polisiýasy maňa ‘siz saçyňyzy ýygnaman awtoulag dolandyrýarsyňyz, bu ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýar. Siziň emeli dyrnaklaryňyz hem bar. Bu ulagyň ruluny tutanyňyzda, kadaly dolandyrmagy kynlaşdyrýar. Siz ökjesi belent aýakgap geýipsiňiz’ diýen bahanalar bilen sürüjilik şahadatnamamy elimden aldy” diýip, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda ulag dolandyrýan mahaly ýol polisiýasy tarapyndan saklanan Almagül Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Sürüji zenanlar häkimiýetleri “gender kemsitmelerine” baş goşmakda aýyplap, öz nägileliklerini bildirýärler.
Almagül polisiýa işgärine aýdan sözlerini ýatlaýar, özüniň diňe köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan halatynda polisiýa tarapyndan saklanylyp bilinjekdigini aýdýar. Ýöne orta ýaşly zenanyň polisiýanyň öňünde özüni aklamak synanyşyklary netije bermeýär.
“Meniň daş keşbim bilen näme işiňiz bar!? Siziň beýle diýmäge hakyňyz ýok. Siz meni diňe ýol hereketiniň düzgünlerini bozan halatymda saklamaga hakyňyz bar. Men hiç-hili düzgüni bozmadym” diýip, zenan maşgala polisiýa işgärine ýüzlenipdir.
Muňa garamazdan, polisiýa işgäri Almagüle jerime ýazyp, protokol doldurypdyr.
Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbi häli-şindi gözegçilik astynda saklanylýar. Şeýle-de, olaryň awtomobil ulagyny dolandyrmak hukuklary wagtal-wagtal çäklendirilýär, mundan ozal zenanlar sürüjilik şahadatnamalaryny almakda dürli kynçylyklara sezewar edildiler.
Türkmenistanda aýal-gyzlaryň daş keşbi bilen bir hatarda awtomobil ulaglarynyň hem daş keşbi häkimiýetler tarapyndan gözegçilik astynda saklanylýar. Türkmen hökümeti indi ençeme ýyl bäri dilden görkezme esasynda awtoulaglaryň reňkiniň ak we açyk reňke boýadylmagyny hem talap edip gelýärler.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan beýleki bir balkanly zenan tutuş ýurt boýunça aýal-gyzlaryň daş keşbini gözegçilikde saklamaga gönükdirilen çäreleri “köneçillik” atlandyrdy we şeýle tejribeleriň “täzeçillige” gabat gelmeýändigini gürrüň berdi.
Türkmen häkimiýetleri döwlet edara-kärhanalarynda mundan ozal aýal-gyzlar bilen geçiren duşuşyklarynda aýallara emeli dyrnaklaryň, emeli kirpikleriň, botoks we beýleki gözellik proseduralynyň gadagan edilmegini “milli däp-dessurlara” eýe çykmak tagallalary bilen düşündirdiler.
Şeýle-de, mundan ozal bir türkmen resmisi aýallara käbir kosmetiki serişdeleriniň gadagan edilmegini ‘sanitariýa’ talaplary bilen düşündirmäge çalyşdy.
Azatlyk Radiosy polisiýa işgärleriniň aýal sürüjileri nyşana almagy bilen bagly hadysalar boýunça Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurtda hasaba alynýan köçe-ýol hadysalary barada hasabat bermeýär. Şeýle-de ministrlik zenan sürüjileriň çäklendirilmegi boýunça beýanat bermeýär.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler ýurtda hasaba alynýan köçe-ýol hadysalary ýa-da zenan sürüjileriň çäklendirilmegi, olaryň nyşana alynmagy barada habar bermeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum