Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropaly syýasatçylar Zelenskini "saýlawsyz diktator" diýip atlandyran Trampy goldamadylar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy fewralda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 19-njy fewralda geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş edýär.

Ýewropa liderleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskini ýiti tankytlap aýdan sözlerine reaksiýa bildirdiler. Tramp düýn Zelenskini "çalt hereket etmese" ýurduny ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolan "diktator" hökmünde häsiýetlendirdi.

Tramp 19-njy fewralda “Truth Social” sosial ulgamynda "Saýlawsyz diktator, Zelenski çalt hereket etmeli, ýogsa onuň ýurdy galmaz" diýip ýazdy.

German syýasatçylary we britan premýer-ministri Zelenskini goldap çykyş etdiler.

Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz Zelenskiniň diktatorlykda aýyplanmagyny "nädogry we howply" diýip atlandyrdy, daşary işler ministri Annalena Baerbok bu ýagdaýy "absurd" diýip häsiýetlendirdi.

"Eger-de hakyky dünýä seretseň... Ýewropada kimiň diktatorlyk astynda ýaşamaga mejbur bolýandygyny bilýärsiň: Russiýadaky halk, Belarusdaky adamlar" diýip, Baerbok ZDF telewideniýesine beren interwýusynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG