Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýatlamalar sapaklary". GULAG-da bolan aýallaryň sergisi

Çehiýanyň Praga şäherinde "Ýatlamalar sapaklary. Aýallar GULAG-da" atly sergi açyldy. Sergi lagerlerde bolan 25 tussag aýalyň başdan geçirenlerine esaslanýar. Görkezilýän zatlaryň arasynda tussaglykda bolan aýallaryň şahsy zatlary, şeýle hem GULAG-da, ýagny zähmet düzediş lagerlerinde doglan çagalary üçin, elde taýýarlanan ençeme işleri bar.

1941-nji ýylda Sowet zähmet lagerleriniň tussaglarynyň arasynda, aýallaryň paýy 13% bolupdy. Urşuň ahyryna çenli olar ähli tussaglaryň üçden bir bölegine golaýlapdyr. Umumylykda, GULAG tussaglygyndan 2 mlliona golaý aýal geçdi. Millionlarça aýal öz ýaşan ýerinden sürgün edildi, ýüz müňlerçesi bolsa jezalandyryldy. Aýallara hem erkekler deňi maddalarda höküm çykarylypdyr. Olar lagerlerde erkekler bilen deň şertlerde ýaşadylar hem işlediler. Olaryň durmuşy ýygy-ýygydan kemsidilýärdi we zorluk-süteme sezewar edilýärdi.

“Bu biziň Moskwadaky sergimiziň dowamy. Ol biziň iň soňky sergimiz boldy. Ol 2021-nji ýylyň aýagynda açylypdy, soň ony gadagan etdiler, soňra-da uruş boldy" diýip, Praga sergisiniň açylyşynda “Memorial” guramasynyň işgäri we ekspozisiýanyň awtory gürrüň berdi. Ol aýal Russiýada “Memoriala” garşy gysyşlar sebäpli, Azatlyk Radiosyna anonim şertde interwýu berdi.


Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG