Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylar diş lukmanlarynyň gödekliginden şikaýat edýär


Türkmen metbugaty ýurduň saglyk edarlary üçin satyn alynýan döwrebap enjamlaryň köpelendigini habar berýär.
Türkmen metbugaty ýurduň saglyk edarlary üçin satyn alynýan döwrebap enjamlaryň köpelendigini habar berýär.

Türkmenistanda diş lukmanlarynyň gedemligi, gödekligi barha kän göze ilýär, olaryň arasynda dişini bejertmäge gelen müşderiler, hatda çagalar bilen hem gödek gürleşýän yzgytsyz erkekler köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylaryň birnäçesiniň aýry-aýrylykda tassyklamagyna görä, ýurtda diş lukmany bolmak isleýän ýaşlaryň aşa köpelmegi bu ugurdan hünär aljaklaryň para-peşgeşiniň hem has ýokarlanmagyna, netijede öz hünärini gowy bilmeýän saglyk işgärleriniň köpelip, lukmançylyk medeniýetiniň peselmegine sebäp bolýar.

“Öňki diş lukmany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda iň ýokary baştutan bolmagy Lukmançylyk uniwersitetiniň il içindäki meşhurlygyny, hususan-da diş lukmany bolmak isleýän ýaşlaryň köpelmegini güýçlendirdi” diýip, ýaşaýjylaryň biri öz pikirini aýtdy.

Şol bir wagtda, ol diş lukmany bolmagyň ýa-da saglyk ugrundan bilim almagyň sowet döwründe hem ‘arzyly’ bolandygyny, sebäbi saglyk pudagynda işleýänleriň, hukuk edaralaryndaky işgärlerden soň, ‘ikinji düşewüntli’ orunlarda işleýän adamlar diýlip hasaplanandygyny hem sözüne goşdy.

“Lukmançylyk uniwersitetiniň beýleki ugurlary bilen deňeşdireniňde, stomatologiýa bölümi has uly meşhurlyga eýe boldy. Sebäbi diş bejeriş bölümini gutaranlar soňra ‘prezident hem bolup bilýär’ diýen düşünje döräp, bu ugruň il içinde has uly mahabata eýe bolmagyna getirdi” diýip, Azatlygyň ikinji bir söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýurduň ýokary gatlagyna degişli bolan ene-atalaryň arasynda orta mekdebi tamamlaýan çagalaryny lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa bölümine ýerleşdirjek bolýanlar barha köpelýär we talabyň, islegiň ýokarlanýandygyny bu fakultet üçin soralýan paranyň möçberinden hem görmek mümkin.

Garaşsyzlygyň başky ýyllarynda gyzyny Medisina institutyna ýerleşdiren aşgabatly ýaşaýjy 7 müň dollar para berendigini, emma häzir stomatologiýa fakulteti üçin soralaýan paranyň 50 müň çemesi dollar bolandygyny aýdyp, habarçy bilen gürleşen ýaşaýjynyň sözlerini gytaklaýyn tassyk etdi.

Emma okuwdaky paranyň möçberleri baradaky maglumatlar dürli-dürli, şol bir wagtda okuwa öz güýji bilen girýänleriň hem bardygy, käbir hojalyklaryň çagalaryny mekdep ýyllaryndan okuwa berk taýýarlap başlandygy hem habar berilýär.

Resmi taýdan tassyklap bolmaýan maglumatlara görä, Lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa fakulteti bilen Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk bölümi ýurduň iň täsirli adamlarynyň çagalarynyň ýykgyn edýän esasy ýerleri bolup, bu fakultetlerde soralýan paranyň derejesiniň ýylda ýokarlanýandygy aýdylýar.

“Diş lukmany bölümini tamamlaýanlaryň köpüsi gurply maşgalalaryň çagalary. Olar okuwy gutaryp, diş lukmany bolansoňlar, özlerini hojaýyn ýaly duýýarlar. Dişini bejertmäge gelen uly adam bolsun ýa çaga, tapawudy ýok, näsag bilen seslerine bat berip, gödek gürleşýän diş lukmanlaryndan zeýrenýän adam bir ýa iki däl” diýip, Azatlygyň bir söhbetdeşi olaryň içinde esasan ele seredýänleriň köpelendigini hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, aýry-aýrylykda gürleşen adamlar diş lukmanlarynyň arasynda kemisli dişi bejerjek bolman, diňe sogurmaga ýykgyn edýänleriň köpdügini, agyryny peseldýän sanjym etmezden diş sogurmagyň kadaly bir zada öwrülip barýandygyny gürrüň berdiler.

“Olar uly bol, kiçi çaga bol, her bir dişi sogurmak üçin 150 manat möçberinde nagt pul talap edýärler” diýip, golaýda çagasyny diş lukmanyna görkezen ene aýtdy.

Onuň sözlerine görä, diş lukmanlarynyň diş agyrysyna çydaman aglaýan çagalaryň ýüzüni alyp, “aglajak bolsaň, näme üçin geldiň? Ýa biz seni çagyryp getirdikmi? Özüňe gerek bolmasa, bar, gidiber” diýip, müşderileri bilen gödek, günäkär, etmişli ýaly edip gürleşmegi indi adaty zada öwrülene meňzeýär.

Maglumat üçin aýdylsa, ýaşuly diňleýjilerimiziň biriniň aýtmagyna görä, türkmenistandaky diş lukmanlary sowet döwründe hem keselli dişleri bejermän, esasan sogurmak bilen meşgullanardylar we ‘gyzyl diş salmak’ bilen kän gyzyklanardylar.

Soň bu ýagdaý ýurduň ilkinji prezidentiniň türkmenistanlylaryň agyzlaryndaky 'gyzy dişlere' garşy göreş yglan etmegine alyp geldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizli

Forum

XS
SM
MD
LG