Sepleriň elýeterliligi
Esasy mazmuna dolan
Esasy nawigasiýa dolan
Gözlege dolan
Türkmenistan
Merkezi Aziýa
Halkara
Habarlar gündeligi
Dünýä Türkmenleri
Salam, Dogan!
Multimedia
Azatlyk Wideo
Azat Adalga
Fotosergi
Infografik
Petiklenen websaýta girmegiň ýollary
Русский
Bizi yzarlaň
AÝ/AR-nyň ähli saýtlary
Gözleg
РУС
Göni efir
Göni efir
Gözleg
Ozalky
Indiki
Soňky habar
Fotosergi
Ýylyň jemleri: Taryhyň gözli şaýady - 2017
Dekabr 25, 2017
2017-nji ýylyň iň gowy 10 fotosuratyny düşüren suratçylar olary teswirleýär
5
Las Wegasdaky atyşyk
Newada ştatynyň Las Wegas şäherinde geçirilen “Route 91 Harwest” aýdym saz-festiwalynda konsert diňlemäge baranlar ok atyşygyna reaksiýa görkezýärler. 1-nji oktýabr, 2017. Foto: Dewid Beker/AFP
Birleşen Ştatlarda bolup geçen iň gandöküşikli atyşyga şaýat bolşy barada ýatlanda, fotosuratçy Dewid Beker bolýan zatlary kabul edip bilmän ekeni. Goh-galmagaly eşidip media işgärleriniň bolýan çadyryndan nämeler bolýandygyny anyklamak üçin daşaryk çykanda, oňa howpsuzlyk garawuly eşidilýän sesler barada “bozuk ses enjamlaryndan gelýän sesdir” diýip aýdypdyr. Ştatdan daşary fotosuratçy AÝ/AR bilen Las Wegasdan telefon arkaly gepleşende: “Men gaçyp barýan adamlary suraty düşürip ýörkäm bir tarapdanam “bozuk ses enjamyndan gelýän ses ahyryn” diýip pikir edýärdim. Iň bolmanda, öz-özüme men şeýle diýýärdim. Hopugan adamlaram çar ýana gaçyşyp, öz janlaryny halas etmek bilen başagaýdylar.
6
Şäherden gaçyp barýan Musulyň ýaşaýjysynyň üstünde partlaýjy barmy diýip barlanýar
Musulyň Yslam döwleti ekstremist toparynyň gözegçiligindäki böleginden çykyp barýan adamy Yragyň ýörite güýçleriniň harbysy barlaýar. 4-nji mart, 2017. Foto: Goran Tomasewiç/Reuters.
3-nji mart güni Reutersiň fotosuratçysy Goran Tomasewiç zordan ölümden halas boldy. Ol yrakly esgerler Yslam döwleti söweşijileriniň gözegçiligindäki etrapda jeňçileri agtarýarka atyşyga şaýat boldy. Haçan-da, taraplaryň arasynda agyr ok-atyşygy başlanda, olar jaýa bukuljak bolýar we şonda Tomasewiç bir esgeriň atylyp öldürilişini görýär. Içeri girensoň onuň gürrüňdeş bolup oturan esgerini Yslam döwletiniň snaýperçisi atyp öldürýär. Soňra ýaňy garaňky düşüp başlanda guşagy bombaly bir janyndan geçen olaryň oturan jaýyna girjek wagty ol Tomasewiçiň gözüniň öňünde atylyp öldürilýär.
7
Putin ýagşyň astynda
Sowet Soýuzyna faşistleriň eden hüjüminiň 76-njy hatyra ýyldönümine gatnaşýan rus prezidenti Wladimir Putin Näbelli esgeriň mazarynyň öňünde hormatly dymyşlygy berjaý edip, ýagşyň astynda ezilýär. 22-nji iýun, 2017. Foto:: Alekseý Družinin/Kreml – Reuters arkaly
22-nji iýunyň daňy Moskwada çigrek we ýakymsyzdy. Fotosuratçy Alekseý Družinin Moskwanyň merkezindäki Baky oduň ýanyna baranda, günüň şöhleleri Kremliň diwaryny çoýýardy. “Howa günuzyn güneşli boljaga meňzeýärdi” diýip, suratçy şol güni ýatlaýar.
Putiniň prezident administrasiýasynda surata düşürýän suratçy feýsbuk arkaly AÝ/AR-a beren gürrüňinde “Rus resmileri çemenli güle golaýlaberenlerinde “asmandan çelekden dökülen ýaly ýagyş guýup başlady we tä rus prezidenti şol ýerden aýrylýança yzyny üzmän guýup durdy. Putiniň gitmeginden 15 minut soň dyndy.
8
Nawalny. Zelýonka.
Moskwadaky konferensiýa zalynyň öňünde näbelli hüjümçiniň “zelýonkaly” hüjümine duçar bolan rus oppozision lideri Alekseý Nawalny surata düşýär. 27-nji aprel
“Bu gülkünç görünýändir, ýöne gaty erbet agyrýar” diýip, Alekseý Nawalany birnäçe aýyň dowamynda ikinji gezek, ýöne bu sapar “zelýonkaly” hüjüme duçar bolansoň twitter hasabyndan ýazdy. Nawalnynyň portretini surata alan Ýewgeniý Feldman üçin bu suratçynyň hasaba alyp dokumentleşdireni Nawalna edilen iň soňky hüjümdi. Feldman AÝ/AR bilen Skype arkaly gürrüňdeşlikde: “27-nji aprelden öň iki aýlap, biziň Orsýetiň şäherlerinde kampaniýa maksatly eden saparlarymyzyň ählisinde ýa zelýonka bilen, ýa syýa bilen, ýa ýumurtga bilen hüjüm edildi” diýdi.
Ýene-de ýükle
Ýylyň jemleri: Taryhyň gözli şaýady - 2017
XS
SM
MD
LG