Sowet Soýuzyna çozup giren german goşunyndaky nemes esgeri öz komandirlerinden gizlinlikde surat alypdyr. Suratlar nasistik goşunyň Ukrainadaky ýowuzlygyny görkezýär.
Diter Keller 1941-nji ýylyň tomsunda Sowet Soýuzynyň territoriýasyna çozup giren millionlarça nasistik armiýadaky harbylardan biri bolupdyr. Olar «"Barbarossa” operasiýasy» diýilýän harby plany amala aşyrmakçy eken.
Keller (ol ýokardaky suratda) uruş ýyllaryny başdan geçirip, düşüren suratlar toplumy bilen öýüne gaýdyp gelipdir. Ol suratlarda özüniň şaýat bolan jenaýatçylykly şekilleri galypdyr.
Suratlar tä Kelleriň özi ölýänçä hiç ýerde çap edilmändir.
2010-njy ýylda muny kolleksioner bilip, 201 fotosuraty satyn almak barada, Kelleriň gyzy bilen gepleşipdir. Kelleriň gyzy suratlary çeperçilik galareýasyna satypdyr. Suratlar Germaniýadaky uly bolmadyk bir neşirýat tarapyndan «Urşuň gözi» (Eye Of War), atly ýygyndyda çykdy.
Suratlaryň hiç birinde ýazgy ýok. Olaryň nirede surata düşürilendigi-de belli däl*. Ýöne şol ýygyndyny düzüjiler Ana Druga hem Tomas Hust Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugy bilen gürleşende, Kelleriň gulluk eden harby bölüminiň häzirki Ukrainanyň hem Belarusyň territoriýasynda ýerleşendigini aýtdylar.
Kitaby düzüjiler Kelleriň ýerli ýaşaýjylardan birine aşyk bolandygyny çak edýärler. Ol aýal nasistleriň terjimeçisi bolup işläpdir.
Terjimeçi zenan bilen bagly howply söýgi barada çaklama döredýän sebäp Kelleriň elinde Sowet Soýuzynda döredilen fotoapparat hem düşürilen lentanyň (plýonkanyň) sowet önümi bolmagydyr. Nasistleriň geçirýän «operasiýalaryny» surata almak Wermahtyň esgerlerine gadagan eken.
Keller 35 millimetrlik kamerany (ol ýokardaky suratda) ulanypdyr. Kamera Ukraina SSR-inde döredilen, kontrrewolýusiýa hereketlerine garşy (WÇK) göreşýän toparyň ýolbaşçysy Feliks Dzeržinskiniň hormatyna«Железный Феликс» (“Demir Feliks”) diýip atlandyrylýar. Soňlugy bilen Dzeržinskiniň ýolbaşçylyk eden edarasy KGB boldy.
Birnäçe ukrainliler owal başda nasist basybaljylary gutlapdyrlar. Sowet diktatory Iosif Staliniň hem beýleki kommunist çinownikleriň döreden kynçylyklary sebäpli, Ukrainada 1930-njy ýyllaryň başlarynda emele gelen açlykdan - Golodomor heläkçiliginden, millionlarça ukrainaly öldi. Şonuň üçin “duşmanymyň duşmany – biziň dostumyz” diýen ýörelgä eýerenler bolupdyr.
Hakykat ýüzünde bolsa nasistler Ýewropadaky slawýan halklarynyň köprägini gyryp ýok edip, ornuna «jynsy taýdan ýokary» ilaty ýerleşdirmekçidi.
Kelleriň fotosuratlarynyň köpüsinde örän aýylganç ýagdaýlar görkezilýär. Ol suratlar örän köp ganly urşy – adam ölümini görkezýär hem eýmenç detallara ünsi çekýär.
Kelleriň durmuşy barada ýeke-täk maglumat berip biljek çeşme – onuň gyzy bolup durýar. Uruş döwründe onuň näme iş edendigi, şol suratlarda dokument hökmünde galan wagşyçylykly hereketlere gatnaşyp-gatnaşmandygy barada ynamly bir zat aýtmak kyn. Kelleriň gyzy onuň administrasiýa işleri bilen meşgullanandygyny aýdýar.
Hustyň sözüne görä, uruş başlanmazdan öň, Keller tä ol işi etmäge mümkinçilik bolýança nasistik düzgüne garşy çykyş çärelerine gatnaşypdyr.
Kelleriň 1930-njy ýyllarda kolleksionerler bilen birnäçe aýratyn tapawutlanýan hem işleri gadagançylyga düşen ýewreý hudožnikleriniň arasynda gizlin duşuşyklary gurandygyny Hust gürrüň berýär. Kitaby düzüjilerden biri Hustyň pikirine görä, «bu iş ony konslagere ýollamaga ýeterlik bolup, onuň şol ýere iberilen bolmagy mümkin».
Hustyň aýtmagyna görä, uruşdan soňra Keller özüniň aşyk bolan şol terjimeçi gyzyny gözlemäge köp ýyllaryny sarp eden bolmaly.
«Ol şol zenany köp wagtlap gözländir, sebäbi bu onuň üçin örän uly ýitgi, şeýle-de bolsa o gyzy tapyp bilmändir» diýip, Hust aýdýar.
Keller 76 ýaşynyň içinde, 1985-nji ýylyň tomsunda Parkinson keseliniň agyrlaşmagy sebäpli Ştutgartda aradan çykypdyr.
* Eger şu suratlar toplumyndan kimdir birini tanaýan ýa-da surata düşürilen ýeri bilýän bolsaňyz, şu adrese ýazyň: ChappleA@rferl.org