Ukraina garşy doly derejeli hüjümleriň başlanmagyndan iki aý öň, Azatlyk Radiosynyňfotosuratçysy Eýmos Çappl araçäge golaý liniýadaky garymlara bardy. Şol wagtdaUkrainanyň goşuny bilen Russiýanyň gol astyndaky separatist güýçleriň arasy hereketsizdi.
Iki ýyldan soň, başky hüjümlerden diri galan ukrainler 2022-nji ýylyň 24-nji fewraly baradaky ýatlamalaryny paýlaşýarlar. Aşakdaky suratlar 6-7-nji dekabrda, Popasnada we onuň töwereginde düşürildi. Häzir ol ýerler rus goşunlarynyň gol astynda.
Timur Plýuş
Bu çozuş meniň üçin düýpden garaşylmadyk däldi.
Ýagdaý [Luhansk sebitinde] hüjümlerden bir hepde öň örän dartgynlaşdy. Atyşyklaryň sany ep-esli artdy, duşman agyr ýarag ulanyp başlady. Men şindizem gowy umytdadym. Ýöne şol wagtyň özünde, bolaýjak zatlaryň ählisine gatnaşjakdygymy bilýärdim, sebäbi men eýýäm frontda, ýagny 24-nji fewrala çenli atlandyrylyşy ýaly, "çäklendiriş liniýasyndadym".
Aýratynam çozuşdan bir gün öňki gije berk ýadyma düşýär. Duşman goşuny biz bilen arkadaky Perwomaýsk-Lysyçansk aralygy birleşdirýän ýoly “Gradlar” bilen urup başladylar. Şol gije men ýatmadym diýen ýaly. Men pyýada goşunyň söweş maşynyň bir agzasydym. Bize öňdäki liniýany ýapmagy tabşyrdylar. Men her bir gürpüldä oýanyp, “gyzyl duýduryş” berlen ýagdaýynda, etmeli ähli hereketlerimi aň-düşünjäm bilen göz öňüne getirýärdim.
Ertesi 24-nji fewrala geçilýän gijede rahatlyk boldy. Doly möçberdäki çozuşlaryň başlanandygyny irden, sagat ýedi-sekiz töweregi Telegram’dan bildim.
Belki, geň görünýändir, meniň çozuşlara ilkinji reaksiýam çuňňur sowuk dem alma boldy. Öňem aýdyşym ýaly, bir zadyň boljakdygyny bilip, köp wagtdan bäri çydap bolmajak dartgynlylyk bilen ýaşaýardym, emma näme boljagyny bilmeýärdim. Soňra hem şeýle boldy.
Men özüniň bolmaly ýerimde durandygymy bilýärdim. Maňa diňe öz borçlarymy ýerine ýetirmek galypdy.
Şol bir wagtda, bitmän galan arzuwlaryma gynanýardym. Men entek uniwersiteti tamamlamandym. Görmek isleýän adamlarym bilen tanyşmandym.
24-nji fewral güni biraz bulaşyk boldy. Şol gün ir sagat 10-da bize ýerimizi üýtgetmek barada buýruk berildi. Soňra ol buýrugy günüň ahyryna çenli "doňdurdylar".
Iki zat örän aýdyň ýadyma düşýär. Başda ýokardan bir zat uçup geçdi. Men onuň uçardygyny ýa-da raketadygyny, biziňkimi ýa ruslaryňkydygyny henizem bilemok, ýöne onuň sesi meni şol bada gaçybatalga sümülmäge mejbur etdi.
Şonda ikinji bir meniň ýadymda galan zat – şol günüň sowugy. Biziň ugradylan ýerimizde, baryp 2000-nji ýyllardan taşlanan boş ýaşaýyş jaýlary bardy. Ol Ukrainanyň gündogarynda kömürçilerden galan adaty göwnüçökgün görnüş, döwlen aýnalar, zir-zibil üýşmekleri we süňküňden geçip barýan sowuk. Şol soňsuz fewralyň birinji gijesinde, men asla ýatmadym.
Soňra uruş başlandy.
Wladyslaw Bilyý
22 ýaşly leýtenant Ukrainanyň günbatarynda ýerleşýän Köne Sambir şäherinde dünýä inip,Popasnanyň eteginde aradan çykdy.
Ol 2021-nji ýylyň dekabr aýynda, harby berkitmeleriň birinde, Azatlyk Radiosyna beren gysga interwýusynda şeýle diýdi: «Eger rus ýigidi arak içip şatlanmaga gelse, bu kadaly ýagdaý. Emma ol meniň öýüme ýarag alyp gelse, men ony öldürerin».
Leýtenant Russiýanyň gol astyndaky separatistleriň pozisiýasyndan bary-ýogy birnäçe ýüz metr uzaklykda, harby liniýany saklamaga buýruk berdi. Çozuşlaryň ilkinji günlerinde ol ýaralanypdy.Sagalandan soň, ol ýene öň hatara dolanyp geldi. Ýöne 2022-nji ýylyň 11-nji martynda bolan söweşde, rus goşunlary tarapyndan “Gradlardan”, gaubisadan we tanklardan ot açylanda, onuň wepat bolandygy habar berildi.
Onuň jesedi ahyr soňy tapdyrmady.
Şondan soňra esgeriň ejesi polýak žurnalisti Pawel Sota ogluny urşa goýbermejek bolup çalşandygyny gürrüň beripdi: «Men ony saklap bilmedim. Men oňa diňe seresap bolmagy tabşyrdym. Sebäbi ol biziň ýeke-täk bagtymyzdy».
Hossarlary onuň gelerine henizem umyt edýär.
«Ol maňa dolanyp gelerin diýip söz berdi. Ol hemişe beren wadalaryny berjaý edýärdi. Men oňa henizem ynanýaryn. Ol doglandan bäri batyrdy – diýip, soldatyň ejesi aýdýar. – Biz oňa ýene garaşarys. Bu dowzahyň gutarjagyna we biziň çagamyzyň öýe dolanjagyna umyt edýäris».
Irina Trubnikowa
24-nji güni irden sagat dörtde gapy kakyldy.
Biz Kiýewde bir aý hem ýaşamandyk. Adamym Ukrainanyň Milli goranmak uniwersitetinde okaýardy. Men çaga dogrup, rugsada çykyp, onuň ýanyna paýtagta gelipdim.
Biz harby eşikdäki bir gullukça gapyny açdyk. Ol bize turmagyň zerurdygyny aýtdy, sebäbi Russiýa giň möçberde çozuşlara başlapdyr. Soňra biz Browaryda bolan partlamalaryň ilkinji sesini eşitdik.Bu aýylganç wakalaryň boljagynyň sesidi.
Men hossarlaryma jaň edip başladym. Telewideniýäniň täzeliklerinde heniz hiç zat ýokdy. Meniň hossarlarym ukuda bolmaly, telefony almadylar. Men dükana ylgadym. Tekjeler boşdy.
Daň atanda, harbylar doly söweş taýýarlygyndady. Köçeleriň gyrasynda goýlan gorag nokatlaryndan, ýaňy düzülip emele gelen harby ulaglaryň köpüsi ýola düşdüler. Men goşlarymy ýygnap, çaga bilen Lwowa tarap ugradym, ýanýoldaşym we onuň polkdaşlary Kiýewi goramak üçin galdylar.
Lwowa barýan iki taraply ýol bäş hatarly bolupdyr. Aşa köp dyknyşyk. Käbir maşynlar ýoluň gyrasyndan sürýärdiler. Kiýewiň golaýyndaky uly ýoluň üstündäki asmanda, harby uçarlar uwlaşýardylar. Olaryň biziňkimi ýa-da däldigini bilmeýärdik. Adamym maňa paýtagtdaky ýagdaý barada ýazdy: olar ýygnanypdyrlar, ýaraglanyp, sowutly maşynda öz ýaşaýan ýerinde goraga durupdyrlar.
Men Goranmak uniwersitetinde okaýan harby maşgalalaryň ulag toparyna goşuldym. Biz aýallar we çagalar bolup, üç maşynda barýardyk. Duralgalar we ýol üýtgetmeleri barada, WhatsApp arkaly biri-birimize habar berýärdik. Lwowa barýan adatça bäş sagatlyk ýol bir gije-gündiz dowam etdi.Biz ol ýere ýadaw hem gorky-howsala bilen aşdyk.
Şol döwürde doly möçberli hüjümleriň diňe paýtagta däl, eýsem beýleki şäherlere-de täsir etjekdigini hiç kim bilmeýärdi.
Fotožurnalist Andreý Dubçak
Men Luhansk oblastynyň Severodonetsk şäherindäki ady örän umytlandyryjy “Parahat” myhmanhanasynda bolýardym. Ir sagat dört töweregi aýalym Liza maňa Harkowdan jaň etdi. Ol telefona: «Uruş! Olar bize tarap atýarlar!» diýip gygyrdy. Şeýdip, men doly möçberdäki çozuşlaryň başlananyny bildim.
Munuň boljakdygyny bilýärdim. 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynyň öň ýanyndaky hepdede, iki gezek okuň aşagyna düşdüm. Atyşyk barha güýçlenýärdi. Ýöne men giň möçberdäki çozuşlaryň başlanjagyna garaşmandym.
Meniň ýoldaşlarym gapymy kakyp: «Uruş! Uruş! Näme etmeli?!» diýenlerinde, men hereket etmäge taýýardym, ganymda hereket etmek üçin ýeterlik kafein bardy. Ukrainanyň harby tehnikasyny we goşunlaryny bar ýerde görse bolýardy. Harbylar biziň bolýan ýerimizi basyp alsalar, partizanlyk urşuna taýýarlyk görýändiklerini açyk aýdypdylar.
Ilki biz Mariupola gitmekçi bolduk, ýöne Sewerodonetskde ýol päsgelçilikleriniň bolup biljekdiginden gaça durmak üçin, Kramatorsk şäherine gitdik.
Her kim öz telefonynda bolup, maglumat iberýärdi we alýardy.
Soňra rus harby güýçleriniň 80 kilometrlik kerweniniň Kiýewe tarap süýşýändigi baradaky habar geldi. Rus goşuny Belarus tarapdan, Kiýew sebitine çozar diýip pikir etmändim.
Bu habar sarsgynlydy. Meniň üç pişigim, dogan-garyndaşlarym we dostlarym paýtagtda bolýardylar. Şol pursatda Kiýew ugrundaky söweş esasy orun tutýardy. Biz Dnipro, soňra Kiýew şäherine gitmegi ýüregimize düwdük.
Biz ýol ugruna medisina batalýonynyň meýletinçi lukmanlarynyň Tiz kömek maşynlaryny fronta ugratmak üçin taýýarlygyny görjek bolup, medisina merkezinde saklandyk. Meniň öňde nämäniň garaşýandygy barada beren soragyma, wraçlardan biri Ýuriý Skrabets şeýle jogap berdi.
«Biz Ýeňeris. Muňa hiç hili şübhe ýok. Biz ýeňeris. Biz onuň diňe nähili baha düşjekdigini bilmeýäris» diýdi.
Bu sözleriň doly manysyna düşünenimde, gözüme ýaş aýlandy.
Kiýew boşlukdy.
Bar zat we meniň töweregimdäkiler urşa taýýar däldi.
Men maşgalam barada alada edip, hemmeleri şäherden çykmaga ynandyrjak bolýardym. Men täzelikleri okap, gürrüňleri diňläp, dogrusyny aýtsam, şäheriň garşylyk görkezmäge mümkinçiligi ýok diýip pikir etdim.
Men hemme zady dünýä görkezmek isledim.
Munuň özi elhençlikdi, emma bu meniň ýurdumyň diri galmagy üçin, rehimsiz urşuň başlangyjydy.
Meniň tanaýan adamlarymyň köpüsiniň wepat boljakdygyna düşündim.