Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefonda gürleşip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny maslahatlaşdy.
Söhbetdeşlik özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.
Taraplar Özbegistana iberilýän türkmen gazynyň möçberlerini artdyrmak, bu ugurda täze taslamalary durmuşa geçirmek ylalaşygyna geldiler diýip, habarda aýdylýar.
Türkmen metbugaty söhbetdeşlikde suw hojalygyndaky meseleleriň hem möhüm orun eýeländigini belleýär.