ÝB täze sanksiýalar barada duýdurýar
Ýewropanyň ýewro we sosial dialogy boýunça komissary, Latwiýanyň öňki premýer-ministri Waldis Dombrowskis Orsýetiň Ukrainadaky ýagdaýyň ýene dartgynlaşmagyna goşant goşan ýagdaýynda Ýewropa Bileleşiginiň täze sanksiýalar bilen jogap bermäge taýýardygyny aýtdy. AÝ/AR-sy bilen Brusselde söhbetdeş bolup, Dombrowskis Komissiýanyň islendik ýagdaýa reaksiýa berip biljekdigini belledi.