Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi


Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde dörän ýangyn. 15-nji iýul, 2024 ý.
Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde dörän ýangyn. 15-nji iýul, 2024 ý.

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hazar deňzindäki nebit platformalarynyň birinde ýangyn döredi. Baş ştaby Birleşen Arap Emirliklerinde ýerleşýän “Dragon Oil” nebit kompaniýasy tarapyndan özleşdirilýändigi aýdylan platformadaky ýangynda onlarça işçi ýaralandy.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy agzalýan nebit platformasynda işleýän işçileriň we Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylarynyň birnäçesine salgylanyp, 2-nji awgustda maglumat berdi.

“Men 15-nji iýuldan 16-ne geçilen gije deňze seredip otyrkam, Hazaryň içinde uly ýangyn göründi. Men uzak aralykdan bolsa-da, derrew telefonuma surata düşürdim. Ýangyn tas 3 sagat soňra hem uzakdan görünýärdi” diýip, şäher ýaşaýjysy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlyga ýangyn baradaky bu maglumat mundan iki hepde çemesi ozal gelip gowuşdy. Ýöne redaksiýa wakany biri-birinden garaşsyz beýleki çeşmelere tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmändigi sebäpli ony köpçülige ýetirmekden saklanypdy.

Şu hepdäniň başynda habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan “Dragon oil” kompaniýasynyň Hazardaky platformasynda işleýän balkanly işçileriň birnäçesi hem ýangyny tassyklap, waka baradaky jikme-jiklikleri paýlaşdy.

“15-nji iýulda gijäň ýaryna golaý elektrik öndürýän generatoryň benzin bakyndan syzyp çykan benzin partlap, ätiýaçdaky 2 tonnadan gowrak benzin we dizel ýangyçlarynyň ot almagyna getirdi” diýip, gürrüňi edilýän nebit platformasynda işleýän we wakada ýeňil ýarlanan türkmen işçisi uly buraw enjamynyň deňziň içinde dikilen özbaşdak “benzo generator” güýji bilen işledilýändigini hem sözüne goşdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýangynyň bolan pursady nebit platformasynda 38 işçi, şol sanda özi bardy. Olardan 25 sanysy ýangynda agyr şikes aldy we başga-da birnäçe işçi güýçli ýanyp, wakanyň bolan ýerinde heläk boldy.

Azatlyk heläk bolanlar baradaky maglumaty häzirlikçe beýleki çeşmelerine tassykladyp ýa-da inkär etdirip bilmedi.

“Nebit platformasyndaky halas ediş kiçi gämiler hem ýanyp kül boldy. Şäherden halas ediş gullugy, şol sanda ýangyn söndürijiler, tiz lukmançylyk kömegi hem iki sagat çemesi soň geldiler” diýip, platformada işleýän başga bir işçi özüniň ýeňil ýaradar bolandygyny hem aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, ýangynda heläk bolan nebit işçileriniň maşgalalaryna, hossarlaryna “Dragon oil” kompaniýasy tarapyndan maddy ýardam berildi.

“Kompaniýa agyr ýaralanan işçiler üçin daşary döwletlerden lukmanlary hem getirdi. Daşary ýurt lukmanlary ýangyndan 24 sagat geçmänkä Türkmenbaşynyň hassahanasyna geldiler” diýip, işçi aýtdy.

Azatlygyň 2-nji iýulda “Dragon oil Turkmenistan” kompaniýasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgisine jaň edip, teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýa kompaniýanyň websaýtynda görkezilen email adreslerine resmi hat ugradyp, waka barada teswir bermegi hem sorady, ýöne häzirlikçe jogap alyp bilmedi.

Redaksiýanyň “Turkmennebit” döwlet konserniniň websaýtynda görkezilen telefon belgilerine jaň edip, teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdelerinde hem, waka barada haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.

Ýöne ýangyn barada garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, 1-nji awgustda habar berdi.

Neşir hem, wakanyň “Dragon oil” kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýan LAM-28 nebit platformasynda bolandygyny, ýöne ýangyna nämäniň sebäp bolandygy barada maglumatyň ýokdugyny, derňew işleriniň dowam edýändigini belleýär.

“Ýangynyň netijesinde 20 töweregi adam ýanyp şikeslendi, ýöne hemmeler tiz ewakuasiýa edildi” diýip, neşir ýazýar.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda bolýan tebigy, tehniki, ýangyn hadysalary barada tas asla maglumat bermeýär. Ýöne Azatlyk soňky bir ýylyň dowamynda ýurduň dürli künjeginde bolan ýangynlaryň ençemesi, şol sanda ýag zawodunda, tiz kömek gullugynda, bazarlarda we gözellik hyzmatlaryny hödürleýän merkezde bolan ýangynlar barada maglumat berdi.

Maglumat üçin aýtsak, “Dragon Oil” kompaniýasy soňky 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň nebit ýataklaryny özleşdirmek taslamasyna 8 milliard ABŞ dollaryndan gowrak maýa goýdy. Dubaýyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmed bin Said Al Maktum 2023-nji ýylyň aprelinde kompaniýanyň geljek 15 ýylyň dowamynda ýene azyndan şol mukdarda maýa goýmaga taýýardygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG