Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Oguljeren Işangulyýewa 89 ýaşynda Aşgabatda aradan çykdy. Bu barada Azatlygyň habarçysy we “ussatnews.com” neşiri 20-nji iýunda habar berdi.
1935-nji ýylyň 14-nji maýynda Ahal welaýatynyň Ýasmansalyk obasynda dünýä inen artistiň ölüminiň sebäbi aýdyňlaşdyrylmaýar.
Habarçymyz Işangulyýewanyň 20-nji iýunda jaýlanandygyny aýtdy.
Neşir onuň Türkmenistanyň Mollenepes adyndaky akademiki drama teatrynda we ýurduň Baş drama teatrynda onlarça ýyl zähmet çekendigini belleýär.
Oguljeren Işangulyýewa “Meniň dostum meleguş” (1972), “Söýmek gerek” (1973), “Ýok diýmegi başar!” (1976), “Prokuroryň ölümi” (1991), “Garamaňlaý” (1991-1992) filmlerinde we başga-da onlarça filmde we teatr sahnasynda ýerine ýetiren rollary bilen halk hakydasynda ýatdan çykmajak yz galdyrdy.
Işangulyýewa 1980-nji ýylda Türkmenistan SSR-niň halk artisti diýen at berildi.