Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (1-nji bölüm)


Rus dilli synpda sapak geçýän okuwçylar. Türkmenistanda. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.
Rus dilli synpda sapak geçýän okuwçylar. Türkmenistanda. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany rus dili bilen bagly Türkmenistandaky täze meýillere we köne tejribelere nazar aýlaýar.

Soňky wagtlarda türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda gepleşige rus dilini garmazlyk, arassa türkmen dilinde gürlemek çagyryşlary ýygy-ýygydan peýda bolup başlady. Şeýle meýiller rus diliniň Türkmenistandaky, türkmen jemgyýetindäki ähmiýeti bilen bagly soraglary gaýtadan gün tertibine getirdi.

TikTok ulgamynda özüni aýdymçy hökmünde tanyşdyran bir gyz maşgala dil meýilleri bilen bagly özüniň başdan geçiren bir wakasyny şeýle gürrüň berýär:

“Ýaňyjak bir kafeden jaň etdiler, aýdymçy gerek diýip. Kafeniň menejeri rus dilinde gürleýän ekeni, onsoň men hem rusça gürledim” diýip, TikTok ulanyjysy gürrüňe başlaýar.

Ol öz çykyşyny rus dilinde dowam etdirip, kafeniň menejeri bilen arada bolup geçen telefon söhbetdeşliginiň mazmuny barada gürrüň berýär.

Kafeniň dolandyryjysy telefon söhbetdeşliginiň barşynda aýdymçy gyza ýüzlenip, “siz rus dilinde şeýle bir erbet gürleýärsiňiz, aýdym bir aýdyp bilýärsiňizmi?” diýip, sorag bilen ýüzlenipdir.

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (1-nji bölüm) - DT
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

“Aýdym aýtmak üçin, hökman rus dilini bilmelimi, ýa hemme aýdymçylar rus dilini bilýärmi!? ‘Prosto’, mende şeýle bir sorag döredi” diýip, özüni aýdymçy hökmünde tanyşdyran TikTok ulanyjysy aýdýar.

“Gaty ‘wysokomernyý’ [ulumsy], göni öz ‘mneniýasy’ bilen geldi welin...” diýip, ýaş gyz gürrüňi dowam edýär.

“Azajyk hem bolsa, birek-birege ‘uwaženiýe’ bolmaly, sylag-hormat bolmaly, meniň pikirimçe...Men oňa diýemog-a, sen Türkmenistanda ýaşap hem, türkmençe bileňok diýemok. Men gaýtam oňa görä gürlejek bolýaryn. Siz näme pikir edýärsiňiz şol barada, belki men ýalňyş pikir edýändirin!?” diýip, ulanyjy öz yzarlaýjylarynyň pikir-garaýyşlaryna garaşýar.

Fewralyň başynda TikTok ulgamynda paýlaşylan bu wideo bir hepdäniň içinde 67 müň gezek görlüp, 500-den gowrak teswir alypdyr. Teswirlerde aýdymçy gyza göwünlik berilýär we raýdaşlyk bildirilýär. Şeýle-de, orta atylan pikir-garaýyşlarda esasan “Türkmenistanda türkmençe gürleşilmeli” diýlen pikirler has köp öňe sürülýär.

Azatlyk Radiosy bu sosial media çykyşynyň töweregindäki jikme-jiklikleri, ulanyjynyň hakyky at familiýasyny, kafeniň adyny ýa-da bolup geçdi diýilýän wakanyň başga detallaryny tassykladyp bilmeýär.

Beýleki bir TikTok wideosynda özüni telekeçi hökmünde tanyşdyran bir ýaş ýigit Türkmenistanda sosial media mahabatlarynyň rus dilinde däl, türkmen dilinde ýöredilmegini teklip edýär. Ol özi ýaly telekeçilere, ýa-da önüm öndürijilere ýüzlenip, “siziň müşderileriňiziň 90 göterimi türkmen dilinde gürleýär, siz näme üçin rus dilinde reklama goýýarsyňyz?” diýen sorag bilen ýüzlenýär.

“Men biznes bilen meşgullanyp başlanymdan soňra, daş-töweregime seretdim, hemmeler rus dilinde kontent bişirip başlady. TikTok-da, Instagramda rus dilinde hemme zat bar, ähli maglumatlar bar, harytlar barada ähli maglumatlar rus dilinde berilýär” diýip, TikTok ulanyjysy aýdýar.

Türkmenistanda bir rus dilli synp otagynda sapak geçilýär.
Türkmenistanda bir rus dilli synp otagynda sapak geçilýär.

“Türkmen dilinde az adam mahabat goýýar. Eger siziň harydyňyz bar bolsa, hyzmat hödürleýän bolsaňyz, satlyga bir zat çykarmakçy bolsaňyz, türkmen dilini ulanjak boluň! Näme üçin? Eger-de siz öz müşderileriňizi sanap görseňiz, bir zada düşünersiňiz, şolaryň 90 prosenti türkmen dilinde gürleýän adamlardyr, türkmen diline düşünýän adamlardyr. Müşderileriňiziň 90 prosenti türkmençe gürleýän bolsa, siz näme üçin olara rus dilinde kontent berýärsiňiz!?” diýip, TikTok ulanyjysy özüniň yzarlaýjylaryna minnetdarlyk bildirýär.

Bu ulanyjynyň türkmen dilinde dürs ýazyp bilýän, gürläp bilýän adamlara iş hödürläp goýan beýleki bir wideosy TikTok ulgamynda 156 müň gezek görlüpdir.

Türkmen telekeçileriniň, ýa-da önüm öndürijileriniň öz sosial media mahabatlarynda rus dilini has köp ulanýandygyny görkezýän ylmy-barlag işiniň netijeleri, ýa-da saldamly analitiki maglumatlar ýok.

Türkmenistanda iri sosial ulgamlar petikli galýar, ýöne muňa garamazdan, ulanyjylar ugruny tapyp, bu saýtlara girýärler we şeýle postlara öz pikir-garaýyşlaryny galdyrmakdan çekinmeýärler.

Ähtimal, sosial ulgamlarda rus dilinde kontent paýlaşýan, mahabat hödürleýän taraplar özleriniň auditoriýasyny giňeltmegi, has köp gezek görülmegi, has köp tomaşaçy çekmegi maksat edinýän bolup biler.

Sosial media saýtlarynyň algoritmalaryna görä, bir kontent näçe köp görülse, käwagt, sosial torlar tarapyndan şonça-da köp teklip edilip, beýleki ulanyjylara hödürlenilip bilinýär. Has köp tomaşaçy, ýa-da yzarlaýjy çekmek üçin bolsa, has köp adam tarapyndan ulanylýan dilde, meselem, iňlis ýa-da rus dillerinde kontent paýlaşmak bähbit getirip bilýär.

Kafede aýdym aýtmaga çagyrylan gyz-da, sosial mediada türkmençe kontent paýlaşylmagyna çagyrýan ýigit-de bir meselä ünsi çekýär – dil meselesi.

Özara gepleşige rus dilini garmazlyk we diňe türkmençe geplemek bilen bagly meýiller başga-da birnäçe sosial wideolarda peýda bolýar. Topar görnüşinde geçirilýän wideo söhbetdeşliklerde, wagtal-wagtal, rus dilini garýan gatnaşyjylar moderatorlardan duýduryş alýarlar, diňe türkmen dilinde gürlemäge çagyrylýarlar.

Azatlyk Radiosynyň birnäçe habarçysy ýurtda häzirki wagtda rus dili bilen bagly dowam edýän täze meýilleri öwrendiler. Ilat arasynda köplenç şäher ýerlerinde rus dili ulanylýar. Esasan, paýtagt Aşgabatda, şeýle-de günbatar Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde hem rus dilinde gürleşilýän halatlary köp bolýar.

“Türkmenbaşynyň Kenar bazarynda diňe rus dili ulanylýar” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi. Biz Türkmenistanda rus dili bilen bagly täze meýiller barada öňümizdäki gepleşigimizde has giňişleýin gürrüň edip, bu gepleşikde esasan köne tejribelere salgylanarys.

Türkmenistanda 30 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen dili giňden öňe sürülýär. Ýöne şol bir wagtda döwlet syýasaty türkmen dili bilen bir hatarda rus diliniň hem-de iňlis diliniň öwredilmegine-de hemaýat berýär. Bilim edaralary üç dil syýasatyny berjaý edýärler. Mekdeplerde rus we iňlis dilleri daşary ýurt dilleri hökmünde giňden öwredilýär. Käbir mekdepler nemes, fransuz dili ýaly başga-da birnäçe daşary ýurt dillerini hem özleşdirýär.

Ýöne Sowet Soýuzy döwründe Türkmenistanda rus dili durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni we sosial giňişliklere agalyk edýärdi.

Geliň, ilkibaşda, bir asyrdan gowrak wagtyň dowamynda türkmenleriň döwlet durmuşyna agalyk eden rus diliniň Türkmenistandaky taryhyna gysgaça nazar edeli!

Irki tejribeler

XIX asyryň soňky çärýeginde rus patyşalygynyň Orta Aziýany ymykly basyp almagy bilen, sebitde rus dili uly ähmiýete eýe bolup başlady. Ilkibaşda, rus patyşalygy, soňra bolsa bolşewik rewolýusiýasy Merkezi Aziýada rus diliniň agalygyny mäkäm berkitdi. Munuň yz ýany, Türkmenistanda dünýewi mekdepler açylyp, rus dili sapaklary okadylyp başlandy, Moskwa bilen medeni gatnaşyklar ýygjamlaşdy. Sowet giňişliginde bolup geçen köpçülikleýin migrasiýanyň täsiri bilen, sowet halklary garyşyp-gatyşdy. Şeýlelikde, türkmenleriň gadymdan bäri mesgen tutan çäklerinde, bolşewikler döwründe Türkmenistan döwletiniň esaslandyrylmagy bilen, ýurtda emele gelen köpmilletli ilat umumy dil hökmünde özara gatnaşyklarda rus dilinden peýdalanyp başlady. Türkmenler bilen rus dilli özge milletleriň arasynda inter-etniki maşgalalar peýda bolup başlady. 100 ýyl töweregi dowam eden bu proses XX asyryň aýagynda Sowet Soýuzynyň çagşap, doly synmagy bilen haýallady.

Patyşa Russiýasy döwründe häzirki Türkmenisanda düşürilen bir surat. Awtory: Sergeý Prokudin-Gorskiý
Patyşa Russiýasy döwründe häzirki Türkmenisanda düşürilen bir surat. Awtory: Sergeý Prokudin-Gorskiý

Garaşsyzlykdan soňra, bu proses yzyna saraldy. Rus dilli maşgalalar ýurdy köpçülikleýin terk edip başlady. Rus diliniň täsiri azaldy, türkmen diliniň örüsi giňeldi.

Geliň, gepleşigimiziň şu ýerinde Türkmenistanda geçiş döwründe güýje giren “On ýyl abadançylyk” syýasaty ýyllarynda rus diliniň başdan geçirmelerine syn edeli! Bu hronologiýa Internet ulgamyndaky maglumat çeşmelerinden toplandy:

Hronologiýa

Heniz Garaşsyzlyk yglan edilmezden öň, 1990-njy ýylyň maýynda türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dili yglan edildi. Türkmenistan sowet giňişliginde şeýle kanunçylygy kabul eden iň soňky döwlet boldy. Şeýlelikde, rus dili Türkmenistanda resmi dil hukugyny ýitirdi.

Şondan soňra, tas iki ýyla çenli rus dili türkmen kanunçylygynda inter-etniki aragatnaşygyň dili hökmündäki statusyny saklap galypdy. 1992-nji ýylda kabul edilen Baş kanun, Konstitusiýa rus diliniň bu statusyny hem aradan aýyrdy.

Sowet Soýuzynyň dargamagynyň edil yz ýany, Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýaşaýan etniki ruslar sebiti köpçülikleýin terk edip başlady. Ýöne arhiw maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ýaşaýan etniki ruslaryň aglaba bölegi irki ýyllarda ýurtda galmagy, Russiýa ýa-da rus dilli beýleki ýurtlara göçüp barmazlygy saýlap alyp başlady. Olar öz başlangyçlary bilen “türkmenleşmegi” türkmen dilini öwrenmegi öňe sürüp başlady.

1992-nji ýylyň 28-nji iýulynda Los Angeles Times gazetinde çap edilen bir makalada aýdylmagyna görä, Türkmenistanda rus dilinde çap edilýän gazetler “Geliň, türkmençe öwreneliň!” atly ýörite burçlary çap edip, rus dilli ilaty täze ýerli şertlere uýgunlaşmaga çagyryş etdiler. Ýöne soňy bilen, rus dilli gazetler, rus dilli teleradiokanallar öz täsirini ýitirip başlady.

Arhiw maglumatlaryna görä, 1993-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistan we Russiýa şol wagt Türkmenistanda ýaşaýan 400 müň töweregi etniki rus azlygynyň türkmen we rus goşa raýatlygyny saklap galmaklary babatynda ylalaşdy. Ýöne bu ylalaşyk 10 ýyl soňra özgerdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy goşa raýatlygy ykrar etmeýär.

Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Russiýanyň şol wagtky prezidenti Boris Ýeltsin “Goşa raýatlyk meseleleriniň düzgünleşdirilmegi hakynda” hem-de “Migrasiýa prosesiniň we migrantlaryň goraglylygynyň düzgünleşdirilmegi hakynda” ylalaşyklara gol çekdiler. Rus resmileri bu ylalaşyklary beýleki post-sowet ýurtlara nusga görkezdi.

BBC 1994-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanda rus dilli “Subbota” we “Komsomolskaýa prawda” gazetleriniň ýapylandygyny habar berdi. Rus dilinde gepleşik berýän telewideniýe günüň dowamynda dört sagada düşürildi. Şonda Türkmenistanda “Turkmenskaýa Iskra” atly rus dilinde çap edilýän ýekeje gazet galypdy.

1994-nji ýylyň dekabrynda geçirilen parlament saýlawlarynda türkmen mejlisine milleti rus bolan diňe iki rus saýlandy.

1995-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanda ýaşaýan rus azlyklarynyň iş mümkinçiliklerinden mahrum galýandygy, olaryň çetleşdirilýändigi, şeýle-de her aý 600 çemesi etniki rus raýatynyň ýurdy terk edýändigi barada metbugat habarlary peýda boldy.

1995-nji ýylyň aprelinde Russiýanyň Türkmenistandan öz goşunlaryny doly çykarýandygy barada media maglumatlary peýda boldy. Diýmek, şoňa çenli rus goşunlary Türkmenistanda bolupdyr. Ýatlasak, munuň yz ýany, 1995-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň bitaraplyk statusy BMG-de ykrar edildi.

1996-njy ýylyň maýynda Türkmenistandaky rus ilçihanasy etniki ruslaryň ýurdy hemişelik terk etmegine päsgelçilik döredilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şikaýat bildirdi. Resmi şikaýatda 1993-1996-njy ýyllar aralygynda bary-ýogy 200 sany etniki rus raýatynyň Russiýa göçüp gitmegine rugsat berlendigi, şol wagtlar diňe Aşgabadyň özünde 12 müň etniki rus raýatynyň Russiýa hemişelik göçüp gitmäge isleg bildirip garaşýandygy aýdyldy. Etniki ruslar emläklerini satmakda, ýa-da olary kireýine bermekde býurokratiki kynçylyklara sezewar bolupdyr. Bu barada BBC 1996-njy ýylyň 15-nji maýynda habar berdi.

“Moskowskiý Komsomolets” gazeti 1998-nji ýylyň 19-njy fewral sanynda “türkmen halky öz pikirlerini erkin beýan etmek hukugyna eýe bolup biler, ýöne olarda beýan edere pikir ýok, döwlet propagandasyndan başga” diýen ýaly äheňde makala çap etdi.

“Türkmen halkynda pikir beýan etmek erkinligi bolup biler, ýöne ol ýerde döwlet propagandasyndan başga media habarlarynyň ýoklugy sebäpli, olar pikir döretmekde (pikir beýan etmekde – red. ) kynçylyk çekýärler” diýip, BBC neşiri 1998-nji ýylyň 28-nji fewralynda “Moskowskiý Komsomolets” gazetini sitirledi. Ýöne BBC-niň habarynda, goňşy döwetlerden tapawutlylykda, Türkmenistanda etniki ruslaryň türkmen dilinde geplemäge mejbur edilmeýändigi bellenildi.

1999-nji ýylyň oktýabrynda türkmen döwlet radiosy rus dilinde gepleşikleri efire bermegi bes etdi.

1999-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň şol wagtky prezidenti Saparmyrat Nyýazow Türkmenistandaky rus prawoslaw kilisesiniň haýyşy boýunça Lebap welaýatynda şol wagt Goranmak ministrliginiň garamagynda bolan bir binany Kilisä gaýtaryp berdi. Nyýazow şonda Türkmenistanda ýaşaýan ruslaryň diskriminasiýa sezewar edilmeýändigini, öz ýurdunyň Russiýa bilen deň gatnaşyklara isleg bildirýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) bilen Kremlde duşuşýar. 23-nji ýanwar, 2006 ý. Moskwa, Russiýa.
Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagda) bilen Kremlde duşuşýar. 23-nji ýanwar, 2006 ý. Moskwa, Russiýa.

Nyýazow soňky çykyşlarynyň birinde Türkmenistanyň Gökdepe söweşi babatynda ruslary ýazgarmaýandygyny hem aýdypdy. Ol media çykyşynda şeýle diýdi:

“Biz Gökdepe urşy boýunça bir milleti ýazgaramyzok, rus bilen uruşdyk diýip ýazgaramyzok, ruslaryň hem Gökdepe urşunda utan zady bolmady, ýitgisi köp boldy. Mundan aňryk, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýup, könäni ýatlaman, agzybirligi saklap, iki tarapa bähbitli gatnaşyklary etmek – ine, şu, türkmen döwletiniň borjy” diýip, Nyýazow 2000-nji ýyllaryň başlarynda eden telewizion çykyşlarynyň birinde aýdypdy.

2000-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň döwlet radiosynda rus dilinde efire berlen habarlar gepleşigi ýatyryldy.

2000-nji ýylda Russiýada prezident Wladimir Putin häkimiýet başyna geçdi.

2002-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda Nyýazowyň “janyna kast edişlik” diýlen waka bolup geçdi. Bu waka boýunça Türkmenistan bölekleýin Russiýany aýyplady.

Hormatly diňleýjiler, bu tema boýunça taýýarlanan gepleşikler tapgyrynyň ikinji bölümini öňümizdäki sanymyzda diňläp bilersiňiz!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG