Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda itler öldürilýär, raýatlar Oraza aýynda haýwanlara rehim etmäge çagyrýar


Aşgabat, Sentýabr, 2020 (Illýustrasiýa suraty)
Aşgabat, Sentýabr, 2020 (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanlylar ýene-de köçelerde itleriň öldürilýändigi barada sosial media arkaly habar paýlaşýarlar. Öý haýwanlaryny goramak we rehim etmek çagyryşlary köpelýär. Şäherlerde itleri tutmak boýunça ýyllarboýy guramaçylykly alnyp barylýan çäreler resmiler tarapyndan agzalmaýar, emma bu işi ýerine ýetirýän jemagat gulluklaryň işgärleri haýwanlary ýok etmek buýrugynyň ýokardan gelýändigini we hatda plan kesgitlenip, ony ýerine ýetirmek mejburlygynyň saklanýandygyny aýdýarlar.

"Jemagat gulluklarynda işgärlere tutup, öldürilmeli haýwanlaryň sany boýunça plan berýärler. Aýdylanyny etmeseň, özüň tölemeli. Pişigiň bahasy arzanrak, itiňki köpräk. Jemagat gulluklaryň ýolbaşçylary hersi öz bahasyny kesgitleýärler. Islemeseň işden çykyp gidibermeli" diýip, jemagat gulluklaryň işgärleri bilen gürrüňdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Sosial mediada soňky günlerde çap bolan maglumatlarda Remezan aýynda itleriň we pişikleriň öldürilýändigi habar berilýär.

"Häzir mukaddes aý. 6-njy etrapça 3-nji geçelge. Itleri öldürýärler. Köçä goýbermäň" diýlip bir maglumatda bellenýän bolsa, beýlekisinde "Üns beriň. Änew, Magtymguly! Iki gün ozal jemagat işgärleri awy taşlap gitdiler. Olaryň howlularyň içine awy taşlamaga haky barmy näme?! Öý haýwanlary heläk boldy. Eger-de emedekläp ýören çaga zäherli kolbasany ýa-da eti agzyna salaýsa?! Bu azgynlar hudaýdan gorkanok. Näme üçin biz gorkuda ýaşamaly?!" diýilýär.

Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly aktiwist paýtagtda ýaňy ýakynda bolan wakalaryň biri barada şeýle gürrüň berdi:

"Ýaňy-ýakynda hassahananyň ýanyndaky bagda, hassalaryň we olaryň yzyndan baran adamlaryň göz öňünde kölege ýatan 18-e golaý it we pişik demir taýak bilen urlup öldürildi. Muny surata düşürenleriň telefonlary ellerinden alyndy we suratlar öçürildi. Ýene bir waka Ak maýa we Änew etrapçalarynda, çagalaryň oýnaýan meýdançasynda boldy. Aýal komunal işgäri iti saklap durdy, başga komunal işgäri erkek adam iti edil gurbanlykda goýun öldüren ýaly damagyny çaldy. It elhenç gygyrdy. Muny göz öňüne getirmek kyn. Çaglar bu wakany görüp, aglap öýlerine gaçdylar, käbirleri ganhorlary keseklediler".

Türkmenistanda haýwanlary tutmak we ýok etmek işini jemagat edaralaryň işgärleri ýerine ýetirýär.

"Adamlar jemagat edaralaryna ýüz tutup, haýwanlary näme üçin urup öldürýärsiňiz we zäherleýärsiňiz diýip soranlarynda, 'ýokardan görkezme' bar diýip jogap berýärler" diýip, aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist aýdýar.

Türkmenabadyň jemagat edarasynda işlän öňki işgäriň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine işgärleriň hemmesi bu işi etmek islemeýär. Boýun gaçyrýanlar hem bar, emma olar bilen soň ýolbaşçylar aýratyn gürleşýärler we haýbat atýarlar.

Adynyň agzalmazlygyny soran türkmenabatly öňki jemagat işgäri birnäçe ýyl mundan ozal öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi:

"Türkmenabada prezident gelmelidi. Gije bizi Gagarin mikroraýonynda ýoluň gyrasyndaky hapalary ýygnamaga ugratdylar. Biz ulagly barýardyk. Şäher häkiminiň orunbasarynyň özi öňümize çykyp, bizi saklady we 'eliňe al pili we ur itleri' diýip hut özüme buýruk berdi. Şol itleri, ýagny iki güjügi eýýäm ençeme adam bolup, köçäniň ortasyndaky ot-gül ekilen ýerine gabapdyrlar. Itlerem ürýär. 'Ur-öldür, ýoldan aýyr diýdiler. Dört tarapyndan adamlar, häkimiň orunbasarynyň özi. Men etmedim, näme üçin uraýyn, men ýük daşaýjy, köçe arassalaýjy diýdim. Şoň şol itleri wagşy bir ýagdaýda urup, öldürdiler, ýoly gana bulap we jesetleri ulagymyza atdylar. Şondan soň meniň başlygym we häkimiň orunbasary işden soň seniň bilen gürleşeris, diýip haýbat atdylar”.

Öňki jemagat işgäri, soň özlerinden it-pişik getirmegiň yzygiderli talap edilip başlandygyny gürrüň berdi: Öýüňden bolsa-da getir it-pişigi, emma plany doldur diýýärdiler".

Türkmenabatly söhbetdeşimiz soň ol işden çykyp, zibil üýşürilýän ýerde işländigini, emma şol ýerde ýene-de haýwanlary öldürmek problemasynyň ýüze çykandygyny gürrüň berdi:

"Şol ýere öldürlen itleri we pişikleri ulagly getirýärdiler. Bu işe gözegçilik edýän, garawul bardy. Onuň elinde uly depderler bolardy we ol her gezek depdere ýazardy haýsy ulag näçe iti we pişigi getirdi diýip. Hawanlar diri bolsa, olary gümdürerdiler. Ses etmegine, çyňsamagyna seretmezden, üstüni gömdürýärdiler".

Jemagat gulluklarynyň käbir edaralarynda itleri we pişikleri tutmak bilen meşgullanýan ýörite adamlar hem bellenýär.

Haýwanlary goraýan türkmenistanly aktiwistleriň sözlerine görä, hem-de sosial mediada çap bolýan maglumatlarda aşa zulumkeş işgärleriň bardygy aýdylýar we käbir takyk adamlaryň atlary görkezilýär.

IMO we TikTok ulgamlarda çap edilen maglumatlarda soňky wagtda Begenç ady köp duş gelýär, orta ýaşly erkek adamyň suratyny paýlaşýanlar bar. Maglumatlarda it eýelerine öz haýwanlaryny goramak üçin seresaplylyga çagyryşlar köp çap edilýär.

"Her bir edarada ýörite haýwanlary gyryjylar işleýär. Oňa mysal edip Begenç atly işgäri aýtmak bolar" diýip, Aşgabatly aktiwist bu işgäriň özüniň ganhorlygy bilen tanalýandygyny belledi: "Iki ýyllap ýaşaýjylar bu meseläni çözmeklige dyrjaşýarlar emma häkimiýetler dymyşlygy dowam edýär. Ganhora garşy şikaýatlardan soň, häkimiýetler meseläni çözmegň ýerine, oňa hemäýätkärlik edýärler we haýwanlary tutyp öldürilýän pursatynda, onuň ýanyndan gorag hökmünde polisiýa işgärlerini goýýarlar. Wagşyçylygy kamera alýan raýatlara bolsa, polisiýa tarapyndan haýbat atylyp, suratlary we wideo ýazgylary telefonlaryndan öçürdýärler" diýip anonim gürrüňdeş bolan aşgabatly aktiwist aýdýar.

Türkmenistanda itleriň köpçülikleýin ýerlerde awlanmagy we köçelerde ilatyň gözüniň öňünde rehimsizlik bilen öldürilmegi ýyllarboýy dowam edýär. Idegsiz itleri ýok etmegiň şeýle rehimsiz usuly birnäçe ýyl munan ozal Aşgabadyň birnäçe böleginde we onuň eteginde müňlerçe ýaşaýyş jaýyň ýumrulmagynyň yzýany başlandy. Jaýsyz galan maşgalalaryň öýlerinde saklanan haýwanlaryň hem ençemesi köçede galdy.

"Aşgabat şäherinde köne Hitrowka, Köşi we Borodino köçelerindäki jaýlar ýykylanda, köçeleri ähli haýwanlardan arassalanmak kararyna gelindi. Il arasynda “ölüm maşyny” diýip atlandyrylýan zibil awtoulagy gelip, wagşyçylyk bilen haýwanlary gyryp başladylar. Adamlar howsala düşdüler we çalt gelip, boldugyndan haýwanlary halas etjek boldular, olaryň ellerinden almaga synanyşdylar. Käbir haýwanlar harabalygyň aşagyndan çykarylyp alyndy. Itler arassa tohumlydygyna, ýa-da däldigine, öý ýa-da köçe haýwanydygyna garamazdan öldürildi. Elbetde haýwanlaryň öldürilýän mahaly, adamlar surat ýa-da wideo almak barada pikir hem etmediler we itdir-pişikleri ganhorlaryň ellerinden halas etmäge dyrjaşdylar" diýip, aşgabatly aktiwist öz görenlerini gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri problemany resmi derejede agzamazdan, köçelerdäki haýwanlary bir uçdan ýok etmek tejribesini dowam etdirip gelýärler. Şondan bäri ýaýbaňlanan bu işe paýtagtyň we ýurduň beýleki şäherleriniň jemagat işgärleri çekildi we plan kesgitlendi. Plany doldurmak üçin jemagat işgärleri öýlerde saklanýan haýwanlary hem awlap başlady.

Itler barada kanun kabul eden Türkmenistanda itler öldürilýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:48 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG