Türkmenistanda 2023-nji ýylyň dowamynda jemi 4.994 million tonna çyg nebit işlenildi diýip, Interfax gullugy ýerli döwlet metbugatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda geçen ýylda 4.5 million tonna töweregi çyg nebit işlenipdir. Maglumata görä, ýurduň günbatar sebitindäki desgada 1.4 million tonna nebit, 429 müň tonna dizel, 63.6 müň tonna polipropilen, 103 müň tonna suwuklandyrylan gaz we 57 müň tonna ýag-ýangyç serişdeleri öndürilipdir.
Ýurduň çägindäki nebiti gaýtadan işleýän beleki desgada, ýagny Seýdi zawodynda geçn ýyl 490 müň tonna golaý çyg nebit işlenipdir.
Remi habarda türkmen nebit önümleriniň Ýewropa, Aziýa we Ýakyn Gündogara eksport edilýändigi aýdylýar.
Türkmen hökümeti nebit önümleriniň eksportyny yzygiderli artdyrýar. Şol bir wagtda, ýurduň öz ýangyç beketlerinde ýangyç serişdeleriniň gytçylygy ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Häkimiýetler bu ýagdaýlara düşündiriş bermeýärler.