Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda döwletiň ýene 50-ä golaý desgasy satuwa çykarylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanda ýene onlarça döwlet desgasy bäsleşikli satuwa çykaryldy.

“Biznes Türkmenistan” neşiriniň türkmen metbugatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet eýeçiligindäki 48 sany desganyň bäsleşikli söwda çykarylýandygyny yglan etdi.

Bäsleşikli söwdalar 20-nji sentýabrda, sanly platformanyň, ýagny www.е.fineconomic.gov.tm saýtynyň we bu platformanyň mobil goşundysynyň üsti bilen geçiriler.

Köýtendag etrabynda ýerleşýän söwda kärhanasynyň öňki binasy, Lebapdaky “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi, Daşoguz welaýatyndaky turba zawody we Aşgabatda ýerleşýän “Nur Zaman” hojalyk jemgyýetiniň edara binasy satuwa çykaryldy diýip, habarda aýdylýar.

Satuwa çykarylan desgalaryň arasynda dükanlar, kafeler, naharhanalar we saglyk merkezi, dolandyryş binalary we önümçilik desgalary hem bar.

Türkmenistanda ozal uly döwlet serişdelerine gurlan we soňra özüni ödemeýän desgalar yzygiderli satuwa çykarylýar. Şol bir wagtda, giň ýaýran korrupsiýa we telekeçileriň kanun esasynda özlerini gorap bilmezligi, metbugatyň ýapyklygy zerarly, ýurtda hususyýetçilige we bazar ykdysadyýetine geçmegiň juda haýal barýandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG