Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy


Balkan sebitinde bir düşelge
Balkan sebitinde bir düşelge

“Roýters” habar gullugynyň Germaniýanyň Geologiýa ylymlary merkeziniň (GFZ) maglumatyna salgylanyp beren habaryna görä, üçünji gün Türkmenistanda 5,3 bally ýer titremesi boldy.

GFZ-iň maglumatyna görä, ýer titremesi 48 km (29.83 mil) çuňlukda bolupdyr.

Earthquakelist” neşiriniň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda Hazar deňzinde, ýerli wagt bilen sagat 06:37-de, Türkmenbaşydan 31 km uzaklykda bolan ýer titremesini güýji 5,2 ball boldy.

Bu neşir ýer titremesiniň 45 km çuňlukda bolandygyny aýdýar.

Bu sebitde 2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda bolan 5,4 bally ýer titremesinden bäri iň güýçli ýer titremesi, 2014-nji ýylyň 7-nji iýunynda bu sebitde 5,5 bally ýer titremesi boldy diýip, habarda bellenýär.

Türkmenbaşynyň golaýynda bolan ýer titresmesi bu gezek türkmen ýolbaşçylarynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan wagtyna gabat geldi.

Ýöne, resmi habara görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda dynç alşynyň arasyny kesip, Türkmenbaşydan Aşgabada gaýdyp geldi.

Türkmenistan, şol sanda onuň paýtagty Aşgabat seýsmiki taýdan işjeň zonada ýerleşýär we bu ýurtda kiçiräk ýer sarsgynlary ýygy-ýygydan bolup durýar.

Emma türkmen häkimiýetleri, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan güýçli ýer titremesinde köp adamyň ölendigine garamazdan, soňky onýyllyklarda beýik gatly jaýlaryň gurluşygyna milliardlarça dollar harçlardy we ýer yranmalary hakynda metbugatda maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG