Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki diller güni” atly karary kabul etmek mümkinçiligine seretmegini teklip eder diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Bu teklip Magtymgulynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda bellenjek 300 ýyllygyna gabatlanyp ediler.
Daşary işler ministrligi bu teklibi Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan wezipeleriniň hatarynda agzaýar.
“Medeniýetleriň arasynda dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Bütindünýä türki dilleriniň güni” atly kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär” diýlip, DIM-niň web-saýtynda nygtalýar.
Türki diller maşgalasyna dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türki halklaryň wekilleriniň gürleýän 35-den gowrak dili girýär.
Türkmen dili türki diller maşgalasynda türk we azerbaýjan dillerine has ýakyn bolup, ýerli synçylaryň we Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşýän dilçileriň käbiriniň aýtmagyna görä, soňky onýyllyklarda döwlet senzurasy sebäpli berk çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar.