Özbegistan çärýek asyrdan gowrak wagt bäri elektrik togy we gaz ýetmezçiligini başdan geçirýär. Aýratyn-da, ýyladyş möwsüminde adamlar elde ýasalan peçleri ulanmaga mejbur bolanda, kynçylyk has-da agyrlaşýar. Aşgabadyň Orsýete gaz satmakdan ýüz öwürmegi Özbegistan üçin, täze mümkinçilikleri açýar diýip, bilermenler aýdýarlar. Sebäbi Özbegistanda öndürilýän gazyň möçberi peselýär, sarp ediliş derejesi bolsa artýar. Türkmen gazy Özbegistanyň ýangyç zerurlyklarynyň öwezini dolduryp biler. Onsoňam rus gazyna garanyňda, ol arzan. Ýöne Daşkent üpjünçini üýtgedip bilermi? Synçylaryň aýtmagyna görä, bu ýerde ýeke-täk mesele "syýasy erkde».
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan Russiýa gaz akdyrmagyny bes edýändigini yglan etdi. "Türkmengaz" döwlet birleşiginiň başlygy Maksat Babaýew 2019-njy ýylda gol çekilen bäş ýyllyk şertnamanyň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanandygyny we taraplaryň ony uzaltmandygyny aýtdy. Türkmen tarapy muny eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň möçberini we bahasyny artdyrmak islegi bilen düşündirdi.
«30-njy iýunda […] şertnamadaky şu döwür üçin bahalaryň täzeden üpjün edilmegine seredildi: eger taraplar baha boýunça ylalaşsalar, onda şertnamany uzaltmak mümkin bolar. Biz gepleşikler geçirdik we söwda babatynda umumy düşünişmek gazanyp bilmedik» diýip, Maksat Babaýew 25-nji oktýabrda TASS habarlar agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Türkmenistanda tebigy gazyň gorlary 17,5 trillion kub metre deň we tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, 4-nji orunda durýar. Ýurtda her ýylda 63,2 milliard kub metr gaz çykarylýar. Esasy öndürijiler “Türkmengaz", Hytaýyň "China National Petroleum" we Malaýziýanyň "PetroNas" kompaniýasydyr.
Türkmenistan içerki zerurlyklary üçin, 31,5 milliard kub metr gaz ulanýar, Hytaýa hem her ýylda 32-35 milliard kub metr gaz satýar.
2003-nji ýylda Russiýanyň "Gazpromy" Türkmenistan bilen ýylda 50 milliard kub metr gaz almak boýunça bäş ýyllyk ylalaşyga gol çekdi. Soňra bu möçber 30 milliard kubmetre çenli azaldy. Ýöne hakykatda Orsýet Türkmenistandan hiç haçan şeýle möçberde gaz satyn almady. Mysal üçin, geçen ýyl Türkmenistan Russiýany 4,7 milliard, 2022-nji ýylda hem 5 milliard, 2021-nji ýylda bolsa 10 milliard kub metr gaz bilen üpjün etdi.
Özbegistanda gaz ýetmezçiligi
Bu aralykda, Özbegistanyň ilatynyň köp bölegi güýzüň aýagynda, gyşda we baharyň başynda jaýlaryny elde ýasalan peçler bilen ýyladýarlar, ondan döreýän gaz zäherlenmesinden, her ýylda onlarça adam ölýär.
Geçen hepde “Hududgaztaminot” edarasy diňe 2024-nji ýylda şeýle hadysalaryň 74 sanysy ýüze çykyp, netijede 82 adam öldi, ýene 80 adamyň hem näsaglyk tapandy diýip habar berdi.
Özbegistan hem gaz öndürýär. Tassyklanan tebigy gaz gorlary 1,8 milliard kub metr bolup, dünýäde 17-nji orunda durýar.
Özbegistan hem Türkmenistan ýaly ençeme ýyllap, Orsýete arzan bahadan öz gazyny satdy. Emma soňky 4-5 ýylyň içinde, Özbegistanda gazyň çykarylyşynyň möçberi azalyp başlady.
Gazyň çykarylyşynyň peselmegi ýurtda gazyň sarp edilmeginiň artýan wagtynda bolup geçýär.
«Özbegistanda ilat sanynyň tebigy artmagy 1 million adama golaýlaýar. Ykdysadyýet 6%-e golaý ösdi. Bularyň ählisi energiýanyň sarp edilişiniň azyndan 10-15% artmagyna getirýär. Diňe soňky alty ýylyň içinde elektrik energiýasynyň sarp edilişi 40% artdy» diýip, Energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow 2023-nji ýylyň noýabrynda, Sankt-Peterburg gaz forumynda aýtdy.
Özbegistanyň häkimiýetleri gaz gorlarynyň azdygyny aýdýar, şol wagtda ilatyň sarp edişi-de artýar. Emma hasabatlar muny tassyklamaýar. 2022-nji ýylda ýurtda tebigy gaza bolan ýyllyk içerki islegleriniň 54,2 milliard kub metre barabardygy habar berildi, ýöne gazyň diňe 4,5 milliard kub metri ilatyň zerurlyklaryna berlipdir. Indi bolsa bu möçber hem çalt peselýär.
Prezidentiň we ýurduň hökümetiniň kararlaryna görä, häzir häkimiýetler telekeçileri gazdan doly kesýärler, onuň ýerine kömür hem mazut ýagyna geçmegi teklip edýärler.
Ekspert: Diňe syýasy erk gerek
Özbegistan "içerki sarp edijileriň artmagy sebäpli" 2023-nji ýylyň oktýabryndan, Russiýadan gaz satyn almaga başlady. 2023-nji ýylyň awgustyndan başlap, Türkmenistandan hem satyn alýar.
Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Mariýa Zaharowanyň aýtmagyna görä, häzir Özbegistana satylýan rus gazynyň möçberi 5 milliard kubometrden geçýär. Özbegistan 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri Türkmenistan bilen ýylda 2 milliard kub metre çenli gaz satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi.
Hünärmenler Özbegistanyň Orsýetden däl-de, Türkmenistandan gaz satyn almalydygyny köpden bäri aýdyp gelýärler. Olaryň pikiriçe, Türkmenistandan eksport edilýän gaz ilat üçin, Özbegistanyň özünde öndürilýän gaza garanyňda arzan.
«Özbegistan bilen Türkmenistanyň döwlet serhediniň uzynlygy 1500 kilometrden gowrakdyr. Türkmenistan öz gazyny Özbegistanyň üsti bilen Hytaýa eksport edýär. Öň hem Aşgabat öz gazyny Özbegistanyň üstünden, Orsýete eksport edýärdi. Türkmenistandan uly möçberde gaz satyn almak üçin, Özbegistana diňe syýasy erk gerek. Munuň üçin Kremliň basyşyndan we täsirinden dynmak zerurdyr. Biziň bazarymyz muňa açyk» diýip, Özbegistanyň Energetika boýunça ilkinji ministri Anwarmirzo Husainow aýdýar.
Özbegistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda, Anwarmirzo Husainow Yslam Kerimowyň Prezident administrasiýasynda maslahatçy bolup işledi. 1992-1993-nji ýyllarda Energetika ministri, «Uzbekneftegaz» döwlet kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary, Nebit we gaz önümlerini import we eksport etmek boýunça döwlet bilelikdäki aksiýalar kärhanasynyň baş direktory boldy. Häzir ol pensiýa çykdy.
1990-njy ýyllaryň başlarynda diňe Türkmenistan däl, eýsem Özbegistan we Gazagystan Russiýanyň "Gazpromy" bilen hyzmatdaşlyk etmäge mejbur boldular diýip hasap edilýär. Sowet döwründe «Merkezi Aziýa – Merkez» esasy gaz geçirijisi gurlupdy. Onuň üsti bilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň gazy öňki SSSR-iň beýleki sebitlerini üpjün edýärdi. SSSR darganyndan soňra “Gazprom”, ýagny Russiýa regiona gözegçiligi saklamak maksady bilen ýene-de bir gezek gaz geçirijiniň üstünden öz gözegçiligini ýöretdi.
Emma "Gazprom" şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmänsoň, Merkezi Aziýa respublikalarynyň üçüsiniň şol wagtky ýolbaşçylary – Yslam Kerimow, Saparmyrat Nyýazow we Nursoltan Nazarbaýew Hytaý bilen ylalaşyga gol çekdiler.
2007-nji ýylda uzynlygy 7000 kilometre barabar bolan Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy başlandy. Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň Orsýetiň gözegçilik edýän gaz geçirijisindäki garaşlylygy resmi taýdan tamamlandy.
Häzirki wagtda «Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisi Merkezi Aziýa ýurtlary üçin, esasy gaz eksport ýoly bolup durýar.
Özbek gazynyň bahasy söwda syry hasaplanýar
Özbegistan öz gazyny bu ýoluň üsti bilen Hytaýa satýar. Ýöne näçe möçberde we haýsy bahadan – özbek tarapy bu mesele barada anyk maglumat bermeýär. Özbegistanyň Energetika ministri Jurabek Mirzamahmudow ýerli metbugata munuň "söwda syrydygyny" düşündirdi.
Gyşda gazsyz oturan özbekler ýerasty baýlyklarynyň daşary ýurtlara nähili nyrh bilen satylýandygyny bilmeýärler. Orsýetiň "Energiýa syýasaty" neşiriniň maglumatyna görä, Özbegistan türkmen gazyny 158 dollardan satyn alýar. Rus gazynyň bolsa müň kub metrine 176 ABŞ dollardan töleýär.
Hytaýa satylýan özbek gazynyň her müň kubometriniň bahasy 200 dollara golaý. Bular özbek häkimiýetlerindäki çeşmelerden we ykdysady ekspertlerden alnan sanlardyr. Resmi Daşkent bu sanlary tassyklamady ýa-da inkär etmedi.
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatyna görä, 2024-nji ýylyň 9 aýynda Özbegistan gaz eksportyny 7,4% artdyrypdyr we 404 million dollar gazanypdyr. Eger-de häzir Özbegistanyň diňe Hytaýa gaz eksport edýändigi nazara alynsa, onda bu sanlar daşary ýurtlara satylýan tebigy gazyň möçberine düşünmäge mümkinçilik berýär.
Mundanam başga, agentlik 2024-nji ýylyň 9 aýynda Özbegistanyň 1,2 milliard dollarlyk tebigy ýa-da sintetiki gaz import edendigini habar berdi. Komitetiň habar bermegine görä, bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 262 göterim köp.
Ýöne resmi sanlarda agzalýan ähli tebigy gaz nirä gidýär? Döwlet gaznasyndan bölünip berilýän ägirt uly serişdelere garamazdan, tebigy gazyň öndürilişiniň möçberi näme üçin çalt peselýär? Soňra bolsa tebigy gazy satyn almak üçin, aýratynlykda uly serişdeler bölünip berilýär? Bu soragy müňlerçe özbegistanly berýär.
«Gaz we elektrik energiýasy üçin, siz öňünden pul alýarsyňyz. Ýöne biz näme üçin gazsyz otyrys? Biz, sada adamlar näme üçin sowuk jaýlarda oturmaly?» diýip, geçen ýyl daşkentli ýaşaýjy özbek häkimiýetlerine gaharly ýüz tutupdy.
Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň žurnalistleriniň geçiren barlaglarynyň dowamynda, bu pudagyň häkimiýetdäki ýokary derejeli resmilere we Özbegistanyň prezidentiniň maşgalasy bilen garyndaşlygy bolan şahsyýetlere tabşyrylandygy ýüze çykaryldy. Olar döwletden serişdeleriň alynmagyny artdyryp, şol bir wagtyň özünde hem gazyň öndürilişiniň möçberini hemişe azaldyp geldiler.
Barlaglaryň birinde prezident Mirziýoýewiň maşgalasy bilen bagly az tanalýan "Ultimo Group" kärhanasy 100 million dollardan gowrak bolan gizlin hökümet şertnamasyna, şol sanda ýurduň iň uly sement zawody bolan Qizilqumsemente gazy ýokary bahadan üpjün etmek boýunça millionlarça dollarlyk şertnama gol çekipdir.
“Ultimo Group” 2021-nji ýylda türkmen gazynyň her 1000 kubometrini 100 dollardan 106 dollara çenli bahadan import etdi we 2022-nji ýylda şertnama laýyklykda, "Qizilqumsemente" her 1000 kubometrini 95-145 dollar bahadan satdy.
Şol wagtyň özünde "UzTransGaz" gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Özbegistana akdyryp, “Ultimo Groupa” onlarça million dollar töledi.
Žurnalistleriň alan bank maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan sentýabra çenli Ultimo Group "UzTransGaz" kompaniýasynyň azyndan 66,6 million dollarlyk sekiz tölegini aldy. Şol tölegleriň ählisi "Tebigy gazyň tölegi" diýlip, "34/26-2021" belgili komissiýa ylalaşygy esasynda görkezilýär.
Özbek häkimiýetleri, hususan-da, respublikanyň Energetika ministrligi bu barlag barada hiç hili kommentariýa bermediler.
Häzir Özbegistan goňşy Türkmenistandan has arzan gaz satyn almagyň deregine, Russiýanyň "Gazprom" kompaniýasyndan ýokary bahadan satyn alýan tebigy gazy has artdyrýar.
Şu wagtda Russiýa Hytaýa hem öz gazyny arzan bahadan hödürleýär. Ekspertleriň aýtmagyna görä, Russiýa Hytaýy Merkezi Aziýa bazaryndan sowup, ony öz tarapyna çekmäge çalyşýar. Muny Russiýanyň Ukraina doly möçberde basyp girmegi sebäpli rus gazynyň Ýewropa akymynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
«Russiýanyň Ýewropa gaz eksportynyň doly diýen ýaly bes edilmegi aşa gaz rezerwleriniň toplanmagyna getirdi. Şoňa görä-de, Russiýa türkmen gazyny import etmäge mätäç däl. Tersine, häzir Russiýa Özbegistan ýaly ýurtlara eksportyny artdyrýar. Mundan daşary-da, Orsýetiň türkmen gazyny Özbegistana gaýtadan satýandygy barada habarlar peýda bolýar.
Türkmen gazynyň iň uly alyjysy Hytaý bolup durýar. 2012-2013-nji ýyllarda türkmen gazynyň Hytaýa eksportyny 2016-njy ýyla çenli 40 milliard kub metre ýetirmek barada gürrüň edildi. Emma bu başa barmady. Häzirki wagtda Türkmenistany oýlandyrýan mesele; Russiýa gaz eksporty bilen bagly kynçylyklar, şeýle hem Aşgabat Hytaýa eksportyny islegli derejesine ýetip bilmeýär. Munuň sebäbi Hytaýyň Russiýadan arzan gaz satyn almak islegine bagly bolmagy gaty mümkin. Bu ýagdaýda Türkmenistan sebitleýin eksporta has köp üns bermeli bolýar» diýip, BMG-niň energiýa howpsuzlygy boýunça eksperti Jon Roberts aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendi
Forum