Balkanyň Türkmenbaşy şäheriniň polisiýa işgärleri 5-nji dekabrda ýerli et söwdagärlerini we gassaplary duýdansyz ýygnap, polisiýa bölümine alyp gitdiler.
Polisiýa sygyr etine eşek etiniň goşulyp satylandygynyň anyklanandygyny aýdyp, gassaplardan dilhaty aldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 6-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.
“Penşenbe güni irden sagat 11-de bazarlardaky we hususy dükanlardaky et satýan gassaplary, et söwdagärlerini ýygnap, Türkmenbaşy etrap polisiýa bölümine alyp gitdiler. Gassaplar näme üçin polisiýa bölümine alnyp gidilendiklerini baranlarynda bilip galdylar” diýip, türkmenbaşyly bir et söwdagäri anonimlik şertinde aýtdy.
Ýygnaga gatnaşan balkanly birnäçe telekeçiniň tassyklamagyna görä, bu ýere gassap hünäri boýunça rugsatnamasy bar bolan 75 çemesi et söwdagäri eltildi we olar bilen dört sagat çemesi ýygnak geçirildi.
Ýygnakda polisiýa geçen hepdäniň şenbe gününde ýerli gassaplardan biriniň sygyr etine eşek etini goşup satýandygynyň üstüniň açylandygyny mälim etdi.
“Ol gassap Gyýanly-Garabogaz aralykda özüniň minibus ulagynda eýesiz eşekleri gözläp tapyp, giç ara garaňky düşüp başlanda eşegi soýup, derisinden etini böleklere bölüp, öz minibusyna ýükläp, Garabogazdaky et dükanyna getirip, gijesi bilen mal eti bilen garyp, aralaşdyryp, irden müşderilere satyp gelipdir” diýip, ýygnaga gatnaşan türkmenbaşyly gassap anonimlik şertinde aýtdy.
Bu jenaýatyň üsti goýun bakýan çopanlaryň kömegi bilen açylypdyr.
Öýsüz eşekleriň gezýän meýdanlarynda goýun bakýan çopanlar eşekleriň kellesine, derisine we iç goşlarynyň galyndylaryna köp duş gelip başlansoň, olar bu barada polisiýa habar beripdirler.
“Polisiýa tas bir aýa golaý wagtyň dowamynda öýsüz eşekleriň otlap, gezýän meýdanlarynda raýat eşiginde motorda nobatçylyk çekdi. Ahyrsoňy eşek soýýan gassaby ele salmagy başardyk. Gassabyň üstünden jenaýat işi açylyp, sud diňlenşigine çenli wagtlaýyn tussag edildi” diýip, türkmenbaşyly et söwdagäri ýygnakda bir polisiýa işgäriniň aýdan sözlerini sitirledi.
Ýygnagyň ahyrynda gassaplaryň ählisinden it, eşek, at etlerini satmajakdyklary barada dilhaty alyndy.
Şeýle-de, olara Döwlet arassaçylyk we kesellere garşy göreş gullugynyň işgärleriniň ähli gassaplaryň et dükanlaryna aýlanjakdygy we derňew işlerini geçirjekdigi hem duýduryldy.
Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýerli polisiýa bölüminden, şeýle-de welaýat Polisiýa müdirliginden teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Türkmenistanda eşek etiniň bazarlarda ýa-da söwda nokatlarynda satuwy gadagan edilýär.
Türkmenistanda özlerini “itşynaslar” diýip tanyşdyran adamlaryň obalara aýlanyp, eşek etini soraýandygy barada Azatlyk mundan ozalky ýyllarda maglumat beripdi.
Ýöne redaksiýa ýurtda sygyr etine eşek etiniň goşulyp satylandygynyň anyklanandygy baradaky maglumatlar ilkinji gezek gelip gowuşýar.
2022-nji ýylyň tomsunda Balkandaky habarçymyz bilen söhbetdeş bolan gyzylarbatly ýaşaýjy “mal etine at etiniň we düýe etiniň garylyp satylmagynyň köp ýyl bäri dowam edýändigini” aýdyp, munuň “et dükanlarynyň uly gazanç çeşmesidigini” gürrüň beripdi. Şonda ol bu etiň adatdakysyndan birneme arzan satylýandygyny we ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, gurpdan düşen köp maşgalanyň ony begenip satyn alýandygyny hem belläpdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum