Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen we rus DIM-leriniň başlyklary telefonda gürleşdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşdi. Arhiw suraty
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşdi. Arhiw suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 14-nji fewralda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefonda gürleşdi.

Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da BMG-niň we GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar diýip, türkmen DIM-i anyklaşdyrmazdan habar berýär.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlar we geňeşmeler arkaly iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek ylalaşygyna geldiler.

Taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtap, ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri maslahatlaşdylar, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmelidigini bellediler.

XS
SM
MD
LG